Ï Ýerli çig mallardan taýýarlanylýan weterinar serişdeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerli çig mallardan taýýarlanylýan weterinar serişdeleri

view-icon 1462
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary ýerli ösümlik we mineral sirişdeler esasynda işlenilip taýýarlanylan dermanlyk serişdeleriniň birnäçesini önümçilige ornaşdyrýarlar.

Şeýlelikde, oba hojalyk mallarynyň keselleriniň öňüni almak maksady bilen, institutyň alymlary tarapyndan brýusellýoza garşy „Rew-1“ anjymy, şeýle hem bu keseliň anyklanyşyny çaltlandyrmak we anyklamagyň hilini ýokarlandyrmak üçin reňkli antigen işlenilip taýýarlanyldy. Mallaryň we guşlaryň eltoparazitlerine garşy, şeýle hem mal ýataklaryň, deri we ýüň saklanylýan ammarlaryň dezinseksiýasy üçin ýerli mineral serişdeleriniň hasabyna „Bentofos“ poroşogy alyndy. Onuň netijeliligi barlaghana we önümçilik synaglary bilen tassyklandy.

Institutyň weterinar barlaghanalry tarapyndan her ýylda brýusellýoza garşy sanjymyň bir milliondan gowrak dozasy, reňkli antigen dozasynyň 200-250 müňsi hem-de insektoakarsiod poroşogynyň 4-4,5 tonnasy öndürilýär. Bu serişdeler esasan hem ýurduň gara we ownuk mallarynyň baş sanynyň köpüsiniň ýygnan ýeri bolan Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda, şeýle hem – şahsy we kömekçi maldarçylyk hojalyklarynda peýdalanylýar.

Şeýle hem institutyň alymlary tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda gan parazit kesellerine garşy uzak wagtlap täsir edýän serişdeleriň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy. Olaryň bejeriş we öňüni alyş aýratynlyklary belli daşary ýurt serişdeleri bilen deňeşdirilende özleriniň örän netijelidigini görkezdi. Dowaralryň garyn-içege kesellerine garşy ulanmaga oňaýly we täsir ediji serişde bolan gerdejikler görnüşinde taýýarlanan monezid serişdesi işlenilip taýýarlanyldy.

Biziň ýurdumyzyň baý mineral serişdeleriniň biri bolan kükürtüň we kükürt birleşmesiniň esasynda ýerli hünärmenler tarapyndan düýeleriň deri kesellerine garşy kükrt balzamy, nebit senagatynyň galyndylaryndan bolsa – oba hojalyk we öý hojalyk mallary üçin insektoakarisid mazy taýýarlanylýar. Ýaş mallaryň sagdyn ösdürilmegi, bakylýan mallaryň diri agramyny artdyrylmagyny gowlandyrmak üçin dokuma serişdesi taýýarlanylýar, köşekleriň we göleleriň garyn-içege kesellerini bejermek üçin bolsa, süýji buýan we alteý kökünden taýýarlanan dermanlyk serişdeleri ulanylýar