Ï Gök guş şowlulygyň alamaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gök guş şowlulygyň alamaty

view-icon 1910
Her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylygynda ylmy işler boýunça ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi ilkinji sapar mekdep okuwçysy boldy. Abdylla Arazow bäsleşik geçirilen döwründe mekdep okuwçysydy, häzir bolsa ol Aşgabat şäheriniň 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň uçrumydyr. Bu ýaş oglan golaý watda özi üçin ajaýyp talyp dumuşynyň geljekdigine uly ynam bildirýär...

Köýtendagda ýaşaýan gara jokjoky maşgalasyna degişli bolan gök guşyň owadan reňki Abdylla laureat diýen ady berdi. Abdylla bu guş bilen heniz 6-njy synpda okap ýörkä gyzyklanyp başlady. Bu guşy görmek, onda-da ony öz gözi bilen görmek höwesini onuň ejesi we kakasy, biologiýadan okadýan mekdep mugallymy höwes bilen goldadylar. Wagtyň geçmegi bilen, ýaş ornitologyň esasy ylmy ýolbaşçysy bolmak bilen, professor, biologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň müdiri Maral Amanowa hem halypaçylyk işine höwes bilen goşulyşdy.

Abdylla gök guşy gözlemek maksady bilen Köýtendgda bir-näçe gezek boldy. Ol gaýalardan bu guşuň höwürtgesini yhlas bilen gözledi, meýdan maglumatlaryny ýygnady, gözegçiligiň gündeligini ýöretdi. Gözleg işleri bilen çynlakaý meşgullanan Abdylla mekdebara geçirilýän ylmy bäsleşige gatnaşmak kararyna gelýär. Onuň jemleri boýunça ol geçen okuw ýylynda baýrakly orna mynasyp boldy. Soňra bolsa, has ýokary derejedäki şunuň ýaly bäsleşigiň baýrakly ornyny eýelemegi başardy. Bäsleşik toparynyň agzalarynyň biragyzdan çözgüdi esasynda zehinli mekdep okuwçysy bu bäsleşigiň hormatly üçünji ornunyna mynasyp bolup, baýraklylaryň hataryna goşuldy.

Gök guş diňe Hindistanda we günorta Hytaýda öňden ýaşaýardy. Bu gök guş biziň sebitlerimizde ilkinji sapar 2003-nji ýylda ýüze çykaryldy. Bu guş barada biziň ýurdumyzda ilkinji maglumatlary ýurdumyzyň alym ornitology Nikolaý Ýefimenko tarapyndan berlipdi. Abdylla öz ylmy işlerinde bu alymyň maglumatlaryny tejribeli halypalarynyň gatnaşmaklarynda özüniň toplan maglumatlary bilen deňeşdirip gördi. Gök guşuň gözlegine çykan ýaş alymyň öz öňünde goýan maksady bu seýrek duş gelýän guşy goramaga öz goşandyny goşmakdadygy guwndyryjy ýagdaýdyr. Onuň pikirine görä bu guşy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirine goşmak hökmandyr.