Ï Hünärli işgärleri taýýarlamak ýurdumyzyň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmagyň wezipesidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünärli işgärleri taýýarlamak ýurdumyzyň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmagyň wezipesidir

view-icon 2068
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplere we hünärment orta okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek gyzgalaňly barýar. Okuwa girmek isleýänleriň sany günsaýyn okgunly artýar, munuň özi türkmen ýaşlarynyň täze bilimlere ymtylýandygyna, öz gözýetimlerini yzygiderli giňeltmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmek üçin ýurdumyzyň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga öz goşantlaryny goşup hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýaşlary okuwa kabul etmegiň jogapkärli möwsüm bolup durýandygyny nygtady, şonuň barşynda ýokary we ýörite hünärment okuw mekdeplerine ukyply hem-de zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir.

Umuman alnanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine täze 2013-2014-nji okuw ýylynda talyplaryň 6100 sini kabul etmek meýilleşdirilýär, munuň özi geçen ýyldaka garanyňda 334 adam köpdür. Orta hünärment okuw mekdeplerine bolsa pudaklaýyn ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda 6522 okuwçy kabul ediler, munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijilerinden 747 okuwçy köpdür.

Şu ýyl ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebine täzelik girizildi, şolarda pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralaryň buýurmalary boýunça geçen okuw ýylyna garanyňda okuwçylary kabul etmegiň sany artdy. Şunuň bilen baglylykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetine, Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetine, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyna, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutyna, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna, Türkmen döwlet energetika institutyna talyplary kabul etmegiň bellenilen möçberleri artdy. Ýurdumyzyň ähli döredijilik ýokary okuw mekdeplerine – Türkmen döwlet medeniýet institutyna, Türkmen milli konserwatoriýasyna we Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasyna kabul edilýänleriň hem sany artýar.

Mundan başga hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda täze 2013-2014-nji okuw ýylynda ähli welaýat merkezlerinde paýtagtymyzda birnäçe ýyl mundan ozal döredilen orta maliýe-ykdysady hünärment mekdepleri ýaly mekdepler ilkinji gezek işläp başlar.

Maliýe-ykdysady ugurly okuw jaýlarynyň ulgamynyň giňeldilmegi “Türkmenistanda buhgalterçilik hasabyny ýöretmegini we auditi özgertmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek bilen bir wagtda bolup geçýändigi guwançlydyr, onuň çäklerinde 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap bu ugurda ulanylýan halkara ülňülerine laýyk gelýän milli buhgalterçilik taýdan hasaby ýöretmegiň we auditiň ulgamyna doly geçmek boýunça iş alnyp barylýar.

Buhgalteriýa taýdan hasaby ýöretmegiň we auditiň milli ulgamyny bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna, şeýle hem halkara ülňülerine laýyk getirmek dünýä bazarlaryna çykmak üçin möhüm şert bolup durýar. Bu babatda halkara ülňülerine esaslanan maliýe-ykdysady ulgamy dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny kämil bilýän ýokary hünärmentleri taýýarlamaga aýratyn orun berilýär.

Häzirki wagtda maliýe –ykdysady düzümler tarapyndan isleg bildirilýän işgärleri taýýarlamak ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde - Türkmen döwlet maliýe institutynda hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, şeýle hem Aşgabadyň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň orta hünärment maliýe-ykdysady mekdeplerinde göz öňünde tutuldy.

Häzirki wagtda ýokarda agzalyp geçilen orta hünärment mekdepleriniň kabul ediş toparlarynyň işleýän ýerinde “Buhgalteriýa hasabyny ýöretmek we maliýeleşdirmek”, “Maliýe serişdeleri we karzlar”, “Döwlet býujeti”, “Statistika”, “Ykdysadyýet we meýilleşdiriş”ýaly hünärler boýunça geljekki talyplaryň arasynda aýratyn bäsleşik ýagdaýy höküm sürýär.

Mundan başga hem täze 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hünär taýýarlygyň sanawyna “Ykdysady howpsuzlyk”, “Jemgyýetçilik iýmitini guramak” we “Täjirçilik” ýaly täze hünärler goşular, munuň özi hem ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň isleglerine bolan innowasion özgertmelerden eserdeň netije çykarýandygyna şaýatlyk edýär.

Hoşniýetli däbe görä türkmen ýaş ýigitleri we gyzlary alyş hem-de goňşy ýurtlaryň ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň talyplar hataryna hem goşularlar. Hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň 1.5 müňden gowragy täze 2013-2014-nji okuw ýylynda Malaýziýanyň okuw mekdeplerinde, gönüden-göni “PETRONAŞ” Tehnologik uniwersitetinde, şeýle hem Ukrainada, Hytaý Halk Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynda, Belarusda we Rumuniýada okap başlarlar.

Mysal üçin, şu günler Rumuniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň mümkin bolan birinji ýyl talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda eýýam giriş synaglaryny geçýärler. Bu dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleri türkmen ýaş ýigitlerine we gyzlaryna halkara hukugy; elektron inženerçiligi; himiýa inženerçiligi; azyk önümleriniň inženerçiligi; nebitgaz inženerçiligi; senagat inženerçiligi; biologiýa; kibernetika we statistika; awtomatika hem-de kompýuter; elektronika hem-de teleulgamlar; lukmançylyk; bedenterbiýe we sport; maliýe serişdeleri hem-de bank işi; matematika ýaly hünärler boýunça häzirki zaman bilimlerini almagy hödürleýärler.

Daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň köpüsinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda türkmen talyplaryny seçip almak eýýäm tamamlandy, öňde Belarusyň ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerine talyplary seçip almak boýunça meýilleşdirilen giriş synaglary bar.

Däp boýunça ýokary okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplarynyň hatarlarynyň esasan umumy bilim berýän orta we hünärment mekdepleriniň uçurymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk eden ýaşlaryň we ýokary bilimi bolmadyk dürli döwlet we täjirçilik düzümleriniň gullukçylyklarynyň hataryndan üsti ýetirilýändigini nygtap geçmek möhümdir. Eger şu ýyl ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hatarynyň on ýyllyk umumy bilim berýän orta mekdepleriň uçurymlary dolduran bolsa, eýýam geljek ýyldan talyplyk biletleri ugrundaky bäsleşige diňe biziň ýurdumyzda umumy bilim berýän orta mekdepleriniň täze 2013-2014-nji okuw ýyldan başlap okatmagyň 12 ýyllyk ulgamyna geçmegi bilen baglanyşykly diňe geçen ýyllaryň uçurymlary girişer.

Mälim bolşy ýaly, “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň”, “Bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň, esasy düzgünlerini, şeýle hem iň oňat dünýä tejribesini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan umumy bilim berýän mekdepleri 12 ýyllyk okatmak ulgamyna geçirmegiň maksatnamasy indiden beýläk umumy bilim berýän orta mekdpelere 6 ýaşdan başlap kabul etmegi göz öňünde tutýar. Sebäbi mekdepde okatmagyň 12 ýyllyk tapgyry orta bilimi göwejaý döwürlere bölmegi göz öňünde tutýar. Birinji synpdan dördünji synp aralygy gurşap alýan taýýarlyk tapgyry- bu başlangyç bilimdir, esasy orta bilim bäşinji –onunjy synplar arasy bolar we umumy orta bilim 11-nji 12-nji synplary gurşap alar. Şunda täze dersleriň birnäçesiniň girizilmegi bilen bir hatarda mekdepde okuwçylaryň meýillerine we ukyplaryna laýyklykda uly synplarda fizika matematika, biologiýa –gumanitar himiýa we durmuş ýaly ugurlar boýunça belli bir ugurda okatmak guralar, munuň özi mekdep partasyndan geljekgi käri çesip almaga hyzmat eder.

Şeýlelikde türkmen ýaşlarynyň öňünde durmuş meýillerini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan, durmuş ugurly syýasat, şol sanda ýurdumyzyň işgärleri taýýarlamak ulgamyny özgertmek we yzygiderli ösdürmek baradaky syýasat şol mümkinçilikleriň amala aşyrylmagyna hem ýardam eder.