Bu şatlykly habar ýakynda Angliýadan gelip gowuşdy.Ýewropa bizness Assambleýasynyň Sokrat komiteti (Europe Business Assembly, Oxford, UK) Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny «European Quality» Halkara sylagy bilen sylaglady we Ýewropa bizness Assambleýasynyň wersiýasy esasynda baýry ýokary okuw mekdepleriniň resmi reýestriniň sanawyna goşdy.
Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň rektoryna Ýewropa bizness Assambleýasynyň başlygy Jonn B. Nettiniň (Oksford, Beýik Britaniýa) tabşyrygy esasynda taslamanyň ýerine ýetiriji utgaşdyryjysy Olga Tkaçewanyň hatynda şu sylagyň berilmegi okuw işleriniň kämilleşmegine we oňa öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryň işjeň girizilmegine , bilim ulgamynda iň kämil dünýä we Ýewropa derejesindäki talaplara laýyklykda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeklige ýardam berer diýip ynanýanlygy bellenildi.
Sylaglar belli iňlis zergäri Alfred Winýeskiniň Londondaky döredijilik ussahanasynda ýasalyp, ol altyn çaýylyp, hrustal bilen haşamlanyp, gymmat baha metallardan taýýarlanan. Mundan buýana bu ajaýyp „bezeg“ türkmen ýokary okuw mekdebiniň özboluşly, bu ýokary okuw mekdebiniň gazanan üstünlikleriniň kolleksiýasyny doldurýar.
Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň öz ilkinji okuw ýylynda ylmy – barlag institutlarywe ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň üsti bilen Uniwersitetleriň Halkara assosiasiýasynyň nyşanyna we ykrarnamasyna mynasyp bolanlygyny belläp geçmeklik kem bolmazdy.