1-nji awgustda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrymak möwsümi şu ýylyň 15-29-njy iýuly aralygynda geçirildi. Bu möwsümiň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdebi tamamlaýanlaryň arasynda köpçülikleýin düşündiriş maglumat çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu babatda teleýaýlymlarda ýörite gepleşikler, metbugat makalary taýýarlanyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde “açyk gapylar” günleri geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň 27 müň 426-sy kabul edildi. Olardan 6 müň 100 talyp seçilip alnar. Munuň özi şu ýylky okuwa kabul ediljek talyplaryň geçen ýylkydan 334 adam artykdygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her bir ýerine dört-bäş ýaşlaryň dalaş edýändigini bllemeli.
Okuwa kabul etmegiň möçberleri ähli ýokary okuw mekdeplerde diýen ýaly köpeldildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 855, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetine 450, Türkmen oba hojalyk uniwersitetine 510, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri insitutyna 285 talyp kabul ediler. Şeýle hem Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda bu görkeziji 407-ä, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 538-e, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 420-ä, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 390-a, Türkmen döwlet maliýe insitutynda 180-e, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insitutynda 60-a barabar bolar.
Şu ýyl S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 260, Türkmen döwlet oba hojalyk insituty 215, Halkara türkmen-türk uniwersiteti 550, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty 315, Türkmen döwlet energetika insituty 275 talyp kabul eder.
Türkmen döwlet medeniet institutyna şu ýyl 170, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasyna 90, Milli konserwatoriýasyna 130 talyp okuwa girer. Şeýlelikde, bu ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek talyplaryň sany geçen ýylkydan 10 talyp artyk bolar. Şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysady howpsuzlyk”, “Jemgyýetçilik iýmitini guramak”, “Täjirçilik” ýaly täze hünärler açylar. Olaryň her birine 15 talyp kabul ediler.
Ýurdumyzyň ýoukary okuw mekdeplerinde giriş synaglary 24-nji awgusta çenli dowam eder.
Ýurdumywzyň ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman bilimiň we öňdebaryjy ylymyň ojaklary bolmak bilen, olarda ylmy işleriň bäsleşikleri, ýaş alymlaryň we talyplaryň innawasion işläp taýýarlamalary boýunça konkurslar guralýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri taýýarlamak meselelerine degip geçmek bilen, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berýär we bilimiň ynsanyň durmuş jogapkärçiligi, halkyň taryhy we milli däpleri onuň ahlak gymmatlyklary bilen utgaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekýär.
Orta hünär okuwy ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň 37-sine ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalary esasynda 6522 talayp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 747 talyp artykdyr. Şeýle okuw mekdeplerine 13 müňden gowrak resminamalar kabul edildi. Şeýle hem ýaşlaryň 30 müňe golaýy ýurdumyzyň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim alarlar.
Tutuşlygyna alnanda şu ýyl orta mekdepleri tamamlan ýaşlaryň 98 müňüsinden 42,6 müňüsi, ýagny 43 göterimi ýurdumyzyň ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerine kabul edilerler.
Okgunly ösýän Türkmenistana bilimli, ýokary ahlakly, ugur tapyjy ýaşlar zerur bolup durýar. Olar jogapkärli çözgütleri özbaşdak kabul edip bilýän, ýagdaýdan oňat baş çykarýan, hyzmatdaşlyga ukyply, işjeň, ýurduň ykbalyna jogapkärçilik duýgusy ösen ýaşlar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki aň-bilim we ýokary tehnologiýalar eýýamynda bilim ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýän möhüm ýagdaýdyr diýip belleýär.
Talyplaryň ýokary we orta hünär orta mekdeplerine kabul ediş möçberleriniň artdyrylmagy, täze hüngärleriň açylmagy, ýurdumyzda mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň yzygiderli dowam etdirilmegi, okuw ulgamynyň kompýuterleşdirilmegi bu ugurdaky möhüm ädimlerdir. Şunlukda, bilim ulgamyny ösdürmegiň täze milli doktrinasynyň esasynda ruhy ýörelgeleriň, ýurdumyzyň bu ugurdaky gazanan tejribeleriniň, şeýle hem bilim ulgamyndaky umumyduünýä gazananlarynyň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.
Bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilimegine aýratyn ähmiýet berilýär. Aň-bilim diplomatiýasy dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýetleriniň, bilim we ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy pursatdyr, häzirki we geljekki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň baglanyşmagydyr.
Türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünligi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň gazanýan üstünligidir. Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin häzirki döwürde bilim almaga, hünär saýlamaga, öz zehinini we ukybyny açyp görkezmäge amatly mümkinçilikler ýüze çykýar.
Häzirki döwürde Türkmenistnda bilimiň ösdürilmegi, onuň ylym bilen aýrylmaz baglanyşygy ykdysady ösüşiň, halk hojalygynyň netijeliliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagynyň baş şerti bolup durýar. Bu bolsa ýurduň ösüşinde, halkymyzyň abadançylygynda derwaýys ýagdaýdyr. Şeýle hem bilim Türkmenistanda jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmeginiň, şahsyýetiň ýokary durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmeginde wajyp ýagdaýy emele getirýär.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim ulgamyna goşulmagyny çaltlandyrmak, bilime daýanýan jemgyýeti döretmek üçin zerur bolan tejribäni toplady. Şeýlelikde, döwrüň täze talaplaryny üçünji müňýyllykda jemgyýetiň öňünde durýan ägirt uly wezipeleri nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň döwletiň mähriban Watanymyzň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ägirt uly gumanitar we kämil hünär binýadynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hemmetaraplaýyn ösüş maksatnamasynyň esasyny düzýändigini ynamly aýtsa bolar.