Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişiýaly, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty Halkara uniwersitetler assosiasiýasyna kabul edildi. Mejlise gatnaşyjylary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň bilim giňişliginde ýokary galýan abraýyny alamatlandyrýan şanly waka bilen gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersitetiniň derejesiniň berilýändigini mälim etdi we degişli resminama gol çekdi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mynasyp hyzmatdaş we Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň (IAU) agzasy hökmünde ykrar edilmegi bu ýokary okuw mekdebinde hünär taýýarlygynyň ýokary derejä eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. 1950-nji ýylda UNESKO-nyň goldaw bermeginde esaslandyrylan bu Assosiasiýa ylmy ösdürmegi, tututşlygyna alnanda bosa halkara hyzmatdaşlyk ýoly arkaly ýokary bilimiň gowulandyrylmagyna goldaw bermegi maksat edinýär. Häzirki döwürde ol öz hatarynda dünýäniň 150-den gowrak ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerini jemleýär. Guramanyň sekretariaty UNESKo-nyň Pariždäki binasynda ýerleşýär. Halkara uniwersitetler assosiasiýasy öz işleriniň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatlary, tegelek stollary, seminarlary guraýar, ýokary bilim ulgamynda deňeşdirme we syn berme barlaglaryny amala aşyrýar, halkara maglumat ulgamlaryny döredýär we maslahatlary hem-de beýleki goşmaça hyzmatlary hödürleýär. Türkmenistanyň ýokaryokuw mekdebiniň bu assosiasiýa agza bomlagy, oňa täze tehnologiýalara, derwaýys maglumatlara we ýokary okuw mekdepleriniň hünär taýdan, şol sanda ýöriteleşdirilen ugur boýunça işini kämilleşdirmekdäki häzirki zaman mümkinçiliklerine we meýillerine aralaşmaga oňaýly şert döredýär.
Ýakynda bu ýokary okuw mekdebine berlen abraýly Hil ýyldyzy nebitgaz pudagy üçin geljekki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga çynlakaý çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Ýewropa Biznes-Assambleýasynyň (Europe Busines Assembly, Oxford UK) Sokrat komiteti Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny “Ýewropa hili” halkara baýragy bilen sylaglady we ony Ýewropa Biznes-Assamblei ugry bouýnça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň resmi sanawyna goşdy.
Belli iňlis zergäri Alfred Winýeskiniň Londondaky döredijilik ussahanasynda gymmat bahaly metallardan ýasalyp, altyn we haşamlanan hrustal bilen örtülen bu ajaýyp baýrakýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de olaryň mugallymlarynyň aň-bilim we ylmy ugurda ýeten derejesini alamatlandyrýan sylaglarynyň arasynda möhüm orun eýelär.
Ýewropa Biznes Assamblei guramasynyň halkara baýraklary bilen belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň, işewürçilik wekilleriniň, aýratyn hyzmatlary we häzirki zaman dünýänsiň aň-bilim taýdan ösmegine goşan şahsy goşantlary üçin ylym we medeniýet işgärleriniň birnäçesiniň sylaglanandygyny bellemeli. Bu halkara baýragynyň berilmegi Ýewropa ýurtlarynyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerindäki okuw usullarynyň öňdebaryjy görnüşlerinden pes däldigini, şeýle hem bu bilim ojagyň mugallymlar düzüminiň ýokary hünär derejesini, geçirilen ylmy barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň ýokary hiliniň hem-de halkara maksatnamalarynyň ornaşdyrylýandygyny we üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Indi Türkmen döwlet nebit we gaz instituty Ýewropa Biznes – Assambleýasynyň howandarlygy astynda köpugurly okuw-usulyýet, ylmy-barlag, medeni-aň bilim işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleri gurar.
Bu ýokary okuw mekdebiniň uzak bolmadyk taryhynda birnäçe şanly wakalar bolup geçdi. Mälim bolşy ýaly, bu bilim ojagy 2012-2013-nji okuw ýylynda gapylaryny giňden açypdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin kämil hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýokary derejä eýe bolunýandygyny tassyk edýär.
Nebit we gaz insitutytynyň binalar toplumy GDA ýurtlarynyň Binagärler birleşiginiň Halkara assosiasiýasynyň XX Utgaşdyryjy geňeşinde 2012-nji ýylyň iň gowy binasy diýlip ykrar edildi. Geňeşiň çäklerinde bäsleşik - gözden geçiriliş boldy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň binagärlerine Birinji derejeli diplom gowşuryldy.
Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň desgalar toplumy 30 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýär. Onuň 18 gatly baş binasy nebit wyşkasyny ýatladýar. Bu iň häzirki zaman bilimler şäherçesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň esasy nyşanlaryň biri bolup durýar. Bu ýerde nebit we gaz, geologiýa, energetika, inženerçilik, ykdysadyýet, himiýa we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli bilim almak üçin ähli zerur şertler upjün edilipdir. Bu ýerde 20-den gowrak ugurlar býounça bilim berilýär. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde mugallymlaryň we nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirýän bölüm hereket edýär.
Okuw otaglary, ýörite barlaghanalar, leksiýa zallary, önümçilik trenažýorlary, iň täze kompýuter, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Olar okuwlary ýokary derejede, şol sanda diňe bir inmtitutyň fakultetleri däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen baglanyşdyrýan okuw wideo serişdeleri arkaly alyp barmaga mümkinçilik berýär. Geljekde bu usul institutyň dünýäniň beýleki bilim ojaklary we ylmy düzümleri bilen gatnaşygyň ýola goýulmagyny şertlendirer.
Nebit we gaz institutynyň ilkinji ýylynda okatmagyň täze görnüşi diňe bir ýurdumyzyň beýleki okuw mekdepleriniň talyplary bilen bilelikdäki sapaklaryň geçirilmegini däl, eýsem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň leksiýalaryny diňlemegini şertlendirýär.
Halkara hyzmatlaşlygynyň işjeň ösdürilmegi, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy okuw usulynyň dünýä derejesiniň ornaşdyrylmagyna bolan meýilleriniň ýokary görkezijisidir. Türkmen döwlet nebit we gaz instuty bilen Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň we onuň ýanynda hereket edýän Tehnologik insitutytynyň şeýle hem “Total” fransuz konserniniň arasynda birek-birege düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama munuň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň bu iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri türkmen talyplary bilen duşuşyp, möhüm ugurlar boýunça birnäçe gurruňdeşliklerig eçirdiler.
Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň talyplarynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň Ikinji ylmy-döredijilik festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň we ösdürilýändininiň ýene-de bir subutnamasydyr. Festiwal “Pikir ýörelgesi” ady bilen Azerbaýäan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň howandarlygynda internet-bäsleşigi görnüşende geçirildi.
Bu abraýly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri diýen derejä institutyň geologiýa bölüminiň talyplary Ejeş Jumanyýazaowa we Mergen Babaýew mynasyp boldular. Olar nebitgaz pudagynyň hünärmenli uçin köp dilli elektron sözlügini işläp taýýarladylar. Bu üstünlik institutyň aň-bilim bäsleşikleri boýunça gazanan ýeňişleriniň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, bu bilim ojagy halkara baýraklarynyň 18-sine mynasyp boldy. Birnäçe ders ugurlarynda Açyk Halkara talyp internet-olimpiadasynyň netijeleri boýunça biziň ýurdumyzyň nebitgaz insitututynyň talyplar topary 5 sany altyn, 8 kümüş we 5 bürünç medallaryna mynasyp boldy. Olimpiadany Ysraýyl Döwletiniň Ariel Uniwersitetiniň Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde ýerleşýän bilim ulgamynda innowasiýalara goldaw bermek boýunça Gazna hem-de bilime monitoring boýunça Ylmy-barlag instituty tarapyndan guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda Halkara hyzmatdaşlyk bölümini, şeýle hem ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryinstitutynda şeýle bölümiň açylmagy hakynda öňe süren teklibi döwletara gatnaşyklaryny artdyrmagyň uly geljegine ýol açdy. Täze düzümler ýokaryb ilimi ösdürmek ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, milli hünär bilimi ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň giňden ornaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli inžener-tehnologlary taýýarlamak boýunça täze ýokary okuw mekdeplirini döretmek maksady bilen, institutyň mümkinçiliklerini öwrenmek barada birnäçe tabşyryklary berdi. Munuň özi Türkmenistanyň senagat taýdan yzygiderli ösüşini, ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynyň öňünde durýan giňmöçberli we toplumlaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegini şertlendirer. Şeýle hem bu usul ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berer we onuň ykrar edilmegini şertlendirer.