Ï Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar

view-icon 1387
Şu ýyl 2-nji sentýabra gabat gelen täze okuw ýylynyň birinji gününde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary geçirildi. Hemişe bolşy ýaly, ol okuwçylar üçin hem, mugallymlar üçin hem ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ajaýyp gün öz tutuş ömrüni ýaşlara bilim we terbiýe bermek ýaly asylly işe bagyş eden mugallymlar, öz çagalarynyň ýurdumyzyň wepaly raýatlary boljakdygyna buýsanýan ene-atalar üçin has-da tolgundyryjy boldy.

Paýtagtymyzda bu dabaralar Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresi bilen başlandy. Oňa orta mekdepleriň birinji synp okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta hünärment mekdepleriniň birinji ýyl talyplary gatnaşdylar. Soňra dabaraly çäreler ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda we şäherçelerinde, ähli ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde ýaýbaňlandy. Mekdeplerde ir bilen ýaňlanan jaň tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alyp, öz saglygyny berkiden mekdep okuwçylary we talyplar bilimleri ele almaga çagyrdy.

Asylly däbe görä, bu ajaýyp gün paýtagtymyzda we welaýatlarda beýleki köpsanly baýramçylyk çäreleri bilen birlikde, häzirki zaman täze okuw mekdepleriniň açylyş dabaralary bilen utgaşdy. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, ýaşlaryň başarnyklaryny we zehinlerini ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.

2013-2014-nji okuw ýylynyň birinji güni türkmen paýtagtynda iň häzirki zaman umumybilim berýän mekdepleriň üçüsi ýaşajyk aşgabatlylar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Bu mekdepler ýakynda paýtagtymyzyň çäklerine birleşdirilen täze etraplarda – Ruhabat etrabynda biri we Abadan etrabynda ikisi bina edildi.

Dört gatly ak mermere bürenen täze mekdeplerde okuw işini ýokary derejede guramak, köptaraplaýyn terbiýeçilik işlerini alyp barmak, çagalaryň döredijilik we beden taýdan ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilipdir. Okuw otaglary we ders barlaghanalary, kompýuter merkezleri we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen lingafon otaglary iň häzirki zaman öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Bu ýerde sazçylyk otaglary, sahna ussatlygyny ele almak üçin ýörite zallar, gyzlar we oglanlar üçin aýratyn zähmet endiklerini öwrenmek üçin ussahanalar bar. Olarda ele alnan tälimler çagalaryň geljekki durmuşy üçin örän peýdaly bolar.

Şu okuw ýylyndan başlap, milli bilim ulgamy orta okuw mekdepleriniň derejesinde täze görnüşde guralyp başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, okuw maksatnamalaryna düýpli üýtgetmeler girizildi. Umumybilim berýän okuw mekdeplerini on iki ýyllyk okuw möhletine geçmek konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä tejribesini nazara almak bilen hem-de ýurdumyzda toplanylan iň oňat tejribeleriň esasynda täze okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Mekdep okuw maksatnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti (etika), maglumat – kommunikasiýa we innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme we grafika ýaly täze okuw dersleri girizildi. Okuwçylaryň bu sapaklary göwnejaý özleşdirmekleri üçin ähli şertler bar.

Mekdeplerde we olaryň ýanaşyk ýerlerindäki meýdançalarda gurlan ajaýyp sport meýdançalary sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala gelmegine ýardam berýär. Sport meýdançalarynda basketbol, woleýbol, futbol oýnamak üçin, ýeňil atletika boýunça ýaryşlary we sportuň beýleki islendik görnüşi boýunça bäsleşikleri guramaga mümkinçilik döredilendir.

Täze binalaryň baýramçylyk açylyş dabaralary welaýatlarda hem geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba we şäher mekdepleri hem enjamlaşdyrylyşy boýunça paýtagtymyzdaky mekdeplerden kem däldir.

Şu gün Daşoguz welaýatynda mekdepleriň üçüsi ulanmaga berildi. Köneürgenç etrabynyň “Maslahat” geňeşliginiň Maslahatdepe obasynda 250 orunlyk, Gubadag etrabynyň “Ýaşlyk” geňeşliginiň Amyderýa obasynda 320 orunlyk, Akdepe etrabynyň “Pagtaçylyk” geňeşliginiň Medet obasynda bolsa 422 orunlyk mekdepler okuwçylaryň ygtyýaryna berildi.

Şu gün Ahal welaýatynda oba mekdepleriniň ikisi ulanmaga berildi. Baharly etrabynyň Garagan obasynda 620 orunlyk, Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäherçesinde 250 orunlyk mekdepler körpeler üçin gapylaryny giňden açdy.

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Kişduwan” geňeşliginde we Farap etrabynyň Jeýhun şäherçesinde her biri 640 orunlyk täze mekdepler bilim ojaklarynyň üstüni ýetirdi.

Häzirki wagtda talap edilýän şertlere laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň aň-düşünje we beden taýdan hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Bilim ojaklary ähli dersler boýunça ýokary derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary hem-de kömekçi binalar bilen üpjün edilendir. Olarda okuwlar iň öňdebaryjy kompýuter tehnikasy we interaktiw tagtalary ulanmak arkaly guralar.

Täze umumybilim berýän mekdepleri ulanmaga bermek dabaralarynda olaryň gurluşygynda has tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu dabaralar aýdym-sazlar, tanslar we baýramçylyga mahsus beýleki öwüşgünler bilen türkmen toýunyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemledi.

Okuwçylar bilen täze jaý toýlarynyň şatlygyny paýlaşmak üçin dabaralara häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli bölümleriniň, zähmet toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň iň ýokary ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilip ulanmaga berilmegini şertlendirýän döredijilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan döredijilikli özgertmeler netijesinde, ýaşlarymyzyň halkara derejesinde bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir.

Tutuşlygyna alnanda, täze okuw ýylynda orta okuw mekdeplerinde 967 müň okuwçy okar. Olaryň köpüsi üçin durmuşyň täze tapgyry başlanýar. Bu ýagdaý mekdep bosagasyna ilkinji gezek gadam basan birinji synplylaryň 193 müňüsi üçin has-da tolgundyryjydyr. Olara baýramçylyk dabaralarynda hormatly ýaşulular we ak saçly eneler milli Liderimiziň adyndan ýörite öwrediji we gyzyklandyryjy maksatnamalar bilen üpjün edilen netbuklary gowşurdylar.

Paýtagtymyzdaky “Döwletliler köşgüniň” okuwçylary Türkmenistanyň Prezildentiniň ajaýyp sowgadyny – häzirki zaman awtobusy aldylar. Bu barada täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bu ýerde geçirilen dabaraly çärede yglan edildi.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap” ady bilen sapaklar geçirildi.

Täze okuw ýylynyň birinji güni geçirilen sapaklar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly özgertmeleriň, ozaly bilen bolsa, ýurdumyzyň geljekde üstünlikli gülläp ösüşiniň ygtybarly girewi bolan bilim ulgamyndaky özgertmeleriň esasynda guraldy.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda türkmenistanlylaryň sazlaşykly ösýän, ruhy taýdan baý täze neslini terbiýelemek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, okuw işine innowasiýa tehnolgiýalaryny ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri girýär. Bilim bermegi düýpli özgertmek işleri milli ruhy gymmatlyklaryň we iň oňat dünýä tejribesiniň esasynda alnyp barylýar.

Şu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen dabaralarda hem bu barada gyzyklanma bildirilip söhbet edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri şol çäreleriň hormatly myhmanlary boldular.

Olar döwlet Baştutanynyň adyndan milli Liderimiziň ýakynda ýazyp gutaran “Türkmenstanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň bäşinji jildini sowgat berdiler.

Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen dabara bu ýokary okuw mekdebine uniwersitetleriň Halkara bileleşigine kabul edilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy aýratyn öwüşgün çaýdy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň bilim edaralarynda aýdym-saz we köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi.

“Aşgabat” aýdym-saz merkezinde agşamara geçirilen “Alkyş Size, Arkadag” atly uly dabara hem şu günki ajaýyp baýramçylyga bagyşlandy.

Bu ýerde baýramçylyk çäresiniň resmi böleginde milli Liderimiziň ähli mekdep okuwçylaryna, talyplara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine iberen hoşniýetli gutlaglary ýaňlandy. Ýaşlar milli Liderimiziň sargytlaryna uly ruhubelentlik, buýsanç duýgusy bilen hormаtly Prezidentimiziň baş wesýetine laýyklykda, Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine hakyky watançylar we ýokary taýýarlykly hünärmenler, mukaddes türkmen topragynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri dowam etdirijiler bolup ýetişjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Soňra aýdym-saz merkeziniň sahnasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň çeper höwesjeňler toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändigini alamatlandyran şanly waka öwrüldi.