Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň medeni mirasyny ýaşlaryň arasynda ýaýratmaklyga we öwrenmeklige bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, biziň ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebi we Türkiýäniň Premer-ministriniň ýanyndaky hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça gullugy tarapyndan guraldy. Şu ýylyň ýaz paslynda bu hyzmatdaşlygyň ýolbaşçylygynda eýýäm Aşgabatda “Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: taryhdan geljege tatarp” ady bilen halkara maslahaty geçirildi.
Iki dostlukly döwletiň taryhyny we özboluşly medeniýetini baglanyşdyrýan umumy kökler bu maslahatyň gün tertibini kesgitledi. Maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň gözleg institutlarynyň, ýurduň döwlet hukuk edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
dowamynda ýigrimiden gowrak çykyşlar diňlenildi. Biziň günlerimizde türkmen halkynyň mirasyny, şol sanda orta asyrlarda, ýagny “Gündogar galkynyşy” diýlip atlandyrylýan asyrda ýaşan we döreden biziň alymlarymyzy we akyldarlarymyzy dünýä medeni gymmatlyklarynyň hataryna goşmak boýunça maksada gönükdirilen işleriň geçirilýändigi bellenildi.
dowamynda türkmen ylmynyň taryhy ýoly ara alnyp maslahatlaşyldy, durli ulgamlarda çuňňur yz galdyran akyldarlaryň atlary agzalyp geçildi. Meselelm, IХ asyrda ýaşap geçen matematik we astronom Habaş al Hasyp Ahmet ibn Abdallah ýaly alymlar ýatlanyp geçildi. Bu alymyň matematiki açyşlary dünýä ylmynyň taryhyna girdi, ylma trigonometriýa, tangens we kontangens yaly düşünjäni berdi we olaryň tablisasyny işläp düzdi. Türkmen alymy Muhammet ibn Musa al-Horezmi hem şol asyrda ýaşady we zähmet çekdi. Onuň jenaýat-hukuk statisitikasy ylmynyň döredilmegine we ösdürilmegine goşan goşandy uly ähmiýete eýedir. Jemgyýetiň we döwletiň ösüşine bolan ylmy garaýyşlar Al-Farabibiň işlerinde öz beýanyny giňden tapýar.
Dünýäniň dürli künjeginde ýaşan, ýöne öz ylmy işlerini Beýik Ýüpek ýolunyň, matematikanyň we astronomiýanyň türkmen mekdebini esalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň, ekerançylygyň we lukmançylygyň, edebiýatyň we dil biliminiň öwrenilmegine bagyşlap ylmy işleri ýazan türkmen alymlarynyň giden bir nesliniň wekilleri edilen çykyşlaryň gahrymanlary boldylar. Maslahatyň dowamynda Zakaspiý oblastynyň adminstratiw merkezi bolan Ashabatda (Aşgabatda) hereket eden ilkinji bilim beren edaralar beýan edildi.