Ï Ýaponiýa - okuwa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýa - okuwa

view-icon 4883
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty bölüminiň ýokary ýyl talyplarynyň ikisi Ýaponiýanyň Hirosima we Sapporo uniwersitetlerinde bir ýyl kuwda bolarlar.

Türkmen ýokary dil okuw mekdepleri üçin şeýle okuw tapgyrlary däbe öwrüldi. Şeýlelikde, TMDDI-ň talyplary geçen ýyllarda eýýäm ýaponiýanyň Tottori we Mie uniwersitetlerinde bilimlerini kämilleşdirdiler. Bilim alyşmalary “Toşibo” gaznasynyň ýardam bermeginde geçirilýär. Şeýle hem bu gazna ýurduň dbu lingwistiki ýokary okuw mekdebinde ýapon dilindäki kitaphanany döretmäge şert döretdi.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynda TMDDI-yň talyplary dil tejribesini öwrenmek maksady bilen milli wekilýetiň düzümine goşuldy. Mälim bolşy ýaly, saparyň dowamynda gol çekilen Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň täze hyzmatdaşlygy hakynda bilelikdäki beýannamasynda “medeni we gumanitar alyşmalary höweslendirmek” göz öňünde tutulandyr. Türkmen talyplary dili öwrenijileriň arasynda bolmak bilen, Sukuba uniwersitetiniň wekilleri bilen ýapon dilinde erkin pikir alyşdylar. Türkmen talyplary bu ýerde birnäçe duşuşyklary we okuw işleriniň guralyşy bilen tanyşyp, syýahatda boildular.

Okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda Ylmy taýdan alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk etmek barada ylalşyga gol çekdiler. Eýýäm golaý wagtda öňünden geçirilýän saýlama bäsleşiginden geçen türkmen ýaşlarynyň wekilleri Sukuba uniwersitetiniň lingwistika fakultetiniň ýapon dili bölüminiň talyplary bolarlar. Şeýle hem bu ýerde TMDDI-yň ýapon dili boýunça okadýan ýaş mugallymlary hem hünär kämilligini geçerler. Öz nobatynda, rus dili boýunça okaýan ýapon gyzlary we oglanlary D.Azady adyndaky TMDDI-yň degişli bölümleriniň talyp hatarlarynyň üstüni ýetirerler.

Bilim meseleleri boýunça her ýyl Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatynyň çäklerinde noýabr aýynda Sukuba uniwersitetiniň professorlarynyň birnäçesi biziň ýurdumyzyň dil boýunça ýokary okuw mekdebinde bolup, leksiýa tapgyrlary bilen çykyş ederler. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýapon ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň TMDDI-a bolan ilkinji iş sapary hyzmatdaşlygyň başyny başlady.