Ï “Dostlukly mekdepler çagalara” estafetasy dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Dostlukly mekdepler çagalara” estafetasy dowam edýär

view-icon 1245
ÝUNISEF-iň “Dostlukly makdepler çagalara” meseleleri boýunça halkara maslahatçysy-bilermeni Awstraliýadan gelen Karen Muns biziň ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň orta umumy bilim berýän mekdeplariniň hormatly myhmany boldy. Bu onuň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-niň ÝUNISEF babatda bu aň-bilim başlangyçlaryny amala aşyrmakda bilelikdäki işiniň nettijeliligine baha bermek maksady bilen amala aşyran ilkinji saparydyr.

Türkmenistanyň Prezienti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan innowasion bilim konsepsiýasy çagalary okatmak we terbiýelemek ulgamynda milli kanunlar “Dostlukly mekdepler çagalara” başlangyjyna doly laýyk gelýär diýip, bellemek bilen, Karen Muns bu okuw mekdepleriniň halkara sertifikatlaryna doly taýýardygyny tassyklady. “DMÇ” başlangyjyna ähli derejelerde, şol sanda iň ýokary derejede- hökümet derejesinde hem goldaw berildi.

Karen Muns her sebitde iki mekdepde bolup, umumy bilim berýän mekdepleriň onbirisine baryp gördi. Olaryň ýarysy “DMÇ” hereketine goşmakda nominant bolup durýarlar. Bu ýerde direktorlar we mugallymlar, okuwçylar we olaryň ene-atalary, şeýle hem beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň – jemgyýetçilik guramalarynyň, başlangyç bilen çykyş edýän toparlaryň, ministrlikleriň we guramalaryň bilelikdäki toparlarynyň wekilleri, ýerli häkimiýetiň ýolbaşçylary bilen çekişmeler geçirildi.


- Biz çagalary hemme taraplaýyn okatmakda we terbiýelemekde köp ugurly işler barada hakyky maglumaty almak maksady bilen, bilim işine gatnaşýanlaryň ählisini üns bilen gurşap aldyk diýip, myhman gürrüň berýär. Ýokarda görkezilen taraplaryň ählisi bize innowasiýalar, okatmak ulgamyny kämilleşdirmegiň güýçli taraplary we mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlary berdiler.

ÝUNISEF-ň we Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň bilelikdäki tagallalary gönükdirilen möhüm ugurlarynyň biri hem “DMÇ” boýunça sertifikasiýa bukjasyny işläp taýýarlamak bolup durýar. Ol milli standartlary we indikatorlary, “DMÇ” ölçeglerine laýyk gelýän predmetleri sertifikasiýalaşdyrmak boýunça gollanmalary we işleri – bu ulgamda halkara standartlaryna laýyk gelýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça uniwersal tesminanmany öz içine alýar.

Gysga wagtlarda geçirilen sertifikasiýa bukjasyny işläp taýýarlamak bilim ugrunda dünýä tejribesinde iň öňde baryjy bolup durmak bilen, özüniň jemleýji tapgyryna geldi, ýagny bu resminamanyň Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilmegi derejesine geldi.

Köp taraply okuw-terbiýeçilik işiniň guralmagy üçin ajaýyp binýadyň döredilmegi dürli zehinleriň – intellektual, döredijilik, gözleg, sport boýunça zehinlileri ýüze çykarmaga şert döredýär. Aýratyn ünsiň howpsuz jemgyýeti döretmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmäge gönükdirilendiginiň ähmiýeti kiçi däldir. Bu maksatlar üçin ýol hereketiniň düzgünlerini, ýangyna garşy göreşmegi öwrenmek boýunça ýörite çäreler, dürli görnüşlerdäki hereketli sport bäsleşikleri geçirilýär.

Çagalar bilen gürrüňdeş bolmak bilen, men siziň çagalaryňyzyň hemmetaraplaýyn örän zehinlidigine göz ýetirdim. Olar okuwda we sportda, ylym we döredijilik ugrunda ýokary üstünlikleri gazanýarlar, iň ýokary kompýuter tehnologiýalarynda işlemek boýunça ýokary endikleri görkezýärler, birnäçe daşary ýurt dillerini bilýärler. Siziň çagalaryňyzyň öz Watanyny söýşleri, täsin we özboluşly däp-dessurlary aýawly saklamaklary, öz halkynyň dessuryny saklamaklary meni haýran galdyrdy, öz mekdepleriniň gazanýan üstüliklerine, şol sanda özleriniň muňa goşýan goşanlaryna buýsanýarlar.

Men mekdep okuwçylarynyň iň kiçilerini – alty we ýedi ýaşyndaky birinji synp okuwçylaryny okadylşyna aýratyn üns berdim. Olaryň sazlaşykly ösmekleri üçin oňaýly şertleriň ählisi döredilipdir. Olaryň eýýäm kiçi ýaşda kompýuter sowatlylygyny öwrenmek endikleri meni haýran galdyrdy we begendirdi. Bu babatda döwlet baştutanynyň hut özi uly goldaw berýär. Milletiň baştutanynyň adyndan her ýylda siziň ýurduňyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisine ýörite programmalaýyn üpjünçilikli netbuklar berilýär.

Şeýle hem men siziň ýurduňyzyň, siziň çäksiz myhmansoýer halkyňyzyň haýran galdyrandygyny belläsim gelýär. Meniň şeýle uly dostlukly jemgyýetde bolup görmäge mümkinçiligiň döredilendigi, halkyň taryhy miras baýlygyny düzýän ajaýyp halk däplerini bilendigim üçin örän bagtlydyryn.

Men dünýäniň köp ýurtlarynda bolup gördüm. Şonuň üçin hem mende deňeşdirmäge zat köp. Meni hut siziň ýurduňyzda bilim ulgamyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler örän geň galdyrdy. Sizde ýurduň bilim ulgamynyň ýokary derejelere çykarylmagy üçin iň degerli çäreler görülýär. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň ajaýyp innowasion tejribesi, umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw işleriniň guralyşy we okuwçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleri olaryň dünýä boýunça ýaýaradylamagyna mynasypdyr.