21-nji martda Türkmenistanda milli baýramçylyk – Nowruz başlanýar. Mälim bolşy ýaly, 17-nji martda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty geçirilende, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly waka – Halkara Nowruh baýramyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny hem-de bu baýramçylyga bagyşlanan çäreleri geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Nowruz baýramynyň gözbaşyny gadyymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny aýtdy. Ata-babalarymyz Nowruz berekediň we bagtyýarlygyň, ekerançylygyň we bolçulygyň baýramy hökmünde garşylapdyrlar. Älem-jahany ýaşyl beşgresi besläp gelýän Nowruz baýramyndan soňra ekerançylyk işlerine giň gerim bilen başlapdyrlar.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň Halkara baýramy hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenilýändigini aýtdy. Bu baýram berkarar Watanymyzda-da Milli bahar baýramy hökmünde her ýyl döwlet derejesinde dabaraly bellenip geçilýär. Sebäbi Nowruz baýramy milli medeniýetimiziň, mähriban halkymyzyň däp-dessurlarynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýändigini belledi.
Türkmenistanlylar köpsanly beýleki halklar we ýurtlar bilen birlikde, baharyň bu şadyýan baýramyny – Nowruzy garşylap, dürli dabaraly we köpçülikleýin çärelere gatnaşýarlar. Her gezek şol çärelerde Nowruzyň ajaýyp ýörelgeleri, nesiller tarapyndan baýlaşdyrylýan özboluşly ruhy miras täzeden äşgär edilýär. Bu miras parasatly rowaýatlar we hekaýatlar, ajaýyp aýdymlar we şadyýan tanslar, asylly däp-dessurlar we adatlar arkaly, asyrdan-asyra, kalpdan-kalba, dilden-dile geçýär. Nowruz Ýer ýüzünde has gadymy baýramçylyklaryň biri bolup, müňýyllyklaryň dowamynda medeniýetiň genji-hazynasyna öwrüldi, munuň umumy, adamzat üçin ähmiýeti we gymmaty Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, BMG-niň Baş assambleýasynyň Halkara Nowruz güni baradaky ýörite kararnamasy arkaly berkidildi.
Şoňa görä-de, soňky ýyllarda Nowruz baýramynyň bellenilişiniň gerimi has giňelip, diňe bir özboluşly milli öwüşgine eýe bolmak bilen çäklenmän, Ýer ýüzündäki adamlary we halklary parahatçylyga hem-de ynsanprerwerlige mahsus bolan belent ýörelgeler arkaly jebisleşdirip, özara düşünişilmegine we özara hormatyň, parahatçylygyň we agzybirligiň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýar.
Türkmenistanda ählihalk baýramy hökmünde belleniýän Nowruz baýramy halkymyzyň ata-babalarymyzyň ruhy ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar, türkmen jemgyýetiniň mizemez jebisligi şol ýörelgelere esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Nowruz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu baýramçylyk täzelenişiň, joşgunyň, halkymyzyň zähmetsöýerliginiň beýanyna öwrülip, kalplarymyzda gülläp ösýän ata Watanymyza buýsanç duýgusyny artdyrmak arkaly, ösüşiň has belent sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýar.
Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda geçirilen ählihalk ýowary dogduk topragymyza aýawly we yhlasly garamagyň beýanyna öwrüldi. Her ýylda ählihalk ýowary bagy-bossanlyga öwürmek boýunça täze möwsümiň başlanandygyny alamatlandyrýar hem-de oňa döwlet Baştutanymyz -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berilýär. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi bu ýowara ruhubelentlik bilen goşuldylar. Diňe bir ýowar gününde pürli we beýleki agaç nahallarynyň 771 müňden gowragy, şol sanda Aşgabadyň töwereginde agaç nahallarynyň 126 müňden gowragy oturdyldy. Geçen ýylda bolşy ýaly, şu ýylda-da Aşgabadyň eteklerinde, Änew we Baharly şäherlerinde agaç nahallarynyň bir ýarym millionyny oturtmak göz öňünde tutulýar. Welaýatlarda-da şonça nahal oturtmak bellenildi.
Bu ýowar Nowruzyň bellenilmeginiň ajaýyp başlangyjyna öwrüldi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we onuň welaýatlardaky düzümleri, welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary we beýleki pudak edaralary bahardaky Täze ýylyň täsirli we şadyýan, many-mazmunly we ýatdan çykmajak ýagdaýda garşylanmagy babatda öňünden ykjam taýýarlyk gördüler.
Baýramçylyk çäreleri tutuş ýurdumyzda türkmen toýuna mahsus bolan öwüşginleri çaýýar, şonda aýdym-sazlar ýaňlanýar, milli sungatyň baýlygy we folklor arkaly baýramçylygyň täsirliligi artdyrylýar. Däp boýunça bahardaky baýramçylyk wakalary ýurdumyzyň muzeýlerinde başlandy.Muzeýler taryhyň gymmatlyklaryny we subutnamalaryny özlerinde jemleýän medeniýet ojaklary bolup, milli genji-hazynamyz baradaky aň-bilimi artdyrýar we wagyz edýär. Baýramçylyga bagyşlanan sergiler martyň ahyryna çenli dowam eder.
Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, teatrlarda oýunlar görkeziler, konsertler we aýdym-sazly çykyşlar guralar, ylmy institutlarda we ýokary okuw mekdeplerinde döredijilik bäsleşikleri we maslahatlar geçiriler. Şol çäreleriň ählisi asyrdan-asyra aşyp, häzirki bagtyýarlyk eýýamyna mahsus bolan döredijilik we ruhubelent manysyny saklap gelýän Nowruzyň pelsepewi mazmunyny äşgär edýär.
Tutuş ýurdumyz boýunça milli gymmatlyklary, däp-dessurlary we adatlary wagyz etmek maksady bilen, ruhy dünýä we bilime degişli çäreler geçirilýär,döredijilik duşuşyklary, şahyrana agşamlar hem-de ilkinji nobatda, ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyna gönükdirilen dürli sport çäreleri guralýar.
Her ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şonuň ýaly wakalaryň birine öwrüldi. Öňki tapgyrlarda üstün çykan gyzjagazlar, şeýle hem köpsanly tomaşaçylar, şol sanda gyzjagazlara goldaw bermek üçin olaryň deň-duşlaryndan düzülen tomaşaçylaryň toparlary 15-nji martda Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýygnandylar. Bäsleşik zehinli çagalaryň täsirli çykyşlaryna beslendi. Bu bäsleşik milli pedagogikany wagyz etmegiň we çagalar bilen mekdepden daşgary işiň ýene-de bir netijeli görnüşine öwrülip, ýaş nesliň, şol sanda geljekki öý hojalykçylaryň we milli däp-dessurlary dowam etdirýänleriň hemmetaraplaýyn ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir.
Şu ýylda Milli bahar baýramynyň bellenmeginiň aýratynlygy bu günlerdäki wakalaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bilen baglanyşykly bolmagyndan ybaratdyr, şolaryň käbirinde bu iki şanly senä bagyşlanan dabaralar jemlenýär. 18-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda “Magtymguly Pyragy: “Nowruzdan seni” diýen ylmy maslahat geçirildi. 19-njy martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat insititutynda Milli bahar baýramyna we Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlanan “Gelse Nowruz äleme...” atly maslahat geçirildi.
Biziň Ata-babalarymyz tebigatyň janlanmagy we täze ýylyň başlanmagy, bagtyýarlygyň we berekediň gelmegi, arzyly islegleriň, arzuwlaryň hasyl bolmagy bilen baglanyşdyrylýan Nowruza uly hormat goýupdyrlar. Irki döwürlerden bäri ýylyň şu döwrüniň adamlaryň ýaşaýşy üçin möhüm ähmiýete eýe bolmagy tebigata we hasyllylyga, ekerançylaryň zähmetine degişli ynanşlar we düşünjeler bilen bagly köpsanly däp-dessurlary we adatlary döredipdir. Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen “Ýerde Nowruz hormaty” atly dabara hut şu meselä bagyşlandy.
Şu çäreleriň ählisi täze eýýamyň ýörelgeleri we häzirki döwürdäki wezipeler bilen baglylykda, Nowruzyň umumy medeni ähmiýetine garalmagyna esas döredýär. Çünki hut şu baýramçylykda döredijilikli zähmet we güýç-kuwwat, dogduk topraga söýgi we ynsanyň belent maksadyna ynam jemlenýär. Gadymy baýramyň pelsepesi milli däp-dessurlar arkaly, 21-nji martda irden Ahal welaýatynda, köpçülikleýin baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen meýdançada guraljak uly möçberli dabaranyň özenini düzer. Bu ýerde eýýäm ak öýler dikilip, birkemsiz bezeldi, birgeňsi şäherjik döredildi, bu ýerde türkmen halkyna mahsus bolan gadymy däp-dessurlar we adatlar bilen tanyşdyrylar, milli oýunlar we ýaryşlar guralar, gadymy senetler görkezilip, amaly –haşam sungatyna degişli zatlaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileri guralar. Giňden ýazylan desterhanlarda bolsa milli tagamlar, süýji nygmatlar goýlup, hödür-kerem ediler.
Islendik türkmen toýunda bagşylar aýdym aýdýar we dutaryň hoş owazy ýaňlanýar, milli “küştdepdi” tansy oýnalýar, adaty oýunlar we türkmen jigitleriniň bäsleşikleri guralýar. Nowruzy hem semenisiz göz öňüne getirmek kyn. Bularyň ählisi Ahalda guraljak uly baýramçylyk dabarasynda öz beýanyny tapar. Şol dabaranyň guralmagyna bolsa tutuş ýurdumyzyň tanymal döredijilik toparlary gatnaşarlar.
Şol gün agşam paýtagtymyzdaky “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde tomaşaçylar tanymal döredijilik toparlarynyň we meşhur aýdymçylaryň baýramçylyga bagyşlanan çykyşlaryna tomaşa ederler. Ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň esasy meýdançalarynda baýramçylyk çäreleri we köpçülikleýin gezelençler guralyp, aýdym-sazlar ýaňlanar we tans ediler.
Ertesi gün, 22-nji martda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde, “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde we “Ylham” seýilgähiniň meýdançasynda baýramçylyk konsertleri guralar. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin şäherimiziň esasy sahnalarynda, şeýle hem açyk asmanyň astyndaky meýdançalarda täsirli çäreler geçiriler, folklora degişli sahnalaşdyrylan oýunlar, milli tanslar we aýdym-sazlar, häzirki zaman estrada aýdymçylarynyň çykyşlary guralar.
Nowruzy dürli ugurlary özünde jemleýän baýramçylyk hökmünde görkezmek bolar. Onda tebigy we taryhy başlangyç, baý medeni miras, täsirli ruhy däp-dessurlar jemlenýär. Ýöne esasy zat, Nowruz ähli döwürlerde halklaryň hemmesi tarapyndan uly sarpa goýulýan parahatçylyk, dostluk, deňlik, hoşniýetli goňşuçylyk, abadançylyk we ösüş ýaly gymmatlyklara esaslanýar.
Galyberse-de, bu baýramçylyk durmuşdaky şatlyga ýugrulandyr we häzirki wagtda-da oňa uly sarpa goýulýar. Şunda köpçüliklleýin sport-sagaldyş çäresine aýratyn ähmiýet berilýär. 23-nji martda irden Saglyk ýoluna ýöriş guralar.
Şu günler geljekki hasylyň hem düýbi tutulýar. Baba daýhanlar jogapkärli işe – gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görýärler. Ýurdumyzyň meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek işi alnyp barylýar, miweli baglar gülleýär. Diýarymyzyň köpsanly täze gurluşyklarynda-da işler batly depgin bilen dowam edýar, ýakyn wagtda şol binalar şäherlerimizi we obalarymyzy bezäp, olaryň döwrebap keşbiniň gözelligini has-da artdyrar.
Ine, şunuň ýaly ýagdaýda täzelenişi we ösüşiň badyny, iň oňat isleg- arzuwlary we ajaýyp geljege, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan belent maksatlara üstünlikli ýetiljekdigine ynamy özünde jemleýän Nowruz daş-töwerege öwüşgin çaýýar.