Ï “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zolagyny öwrenmek barada makalalr toplumy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň zolagyny öwrenmek barada makalalr toplumy

view-icon 1861
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň çärýekde bir sapar çykýan “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” ylmy-populýar žurnalynyň nobatdaky sanyna suwy peýdalanmak ulgamyna bagyşlanan birnäçe makalalar girdi.

Žurnaly ýurduň ekologiki syýasatynda “Altyn asyr” türkmen kölüniň ähmiýetine bagyşlanan material açýar. Şeýle hem bu makala her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Makala kölüň zolagynda geçirilen gözleg işleri, suw meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlary barada gürrüň berýär. Ýurduň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň öri meýdanlaryny dolanşyga girizmekde kölüň ähmiýeti, uly meýdanlarada oňaýly ekologiki şertleri emele getirmek, ekoulgamyň önümçiligini artdyrmak barada pikirleri getirilýär.


Indiki material kölüň zolagynda buýany ösdürip ýetişdirmegiň gelejegine bagyşlanýar. Buýan çägeligiň oazis ýakalarynda hem-de gaýtadan şorlaşan ýerlerde hem gowy ösüp ýetişýär. Bu ýerlere ol çalt depgin bilen uýgunlaşýar. Ol hem dermanlyk çig maly hökmünde, hem oba hojalyk mallary üçin gymmatly çig maldyr. Biologiki drenaž hökmünde ol oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly melioratiw şertleri döredýär. Alymlar Amyderýanyň kenarynda we türkmen kölüniň kollektorlar ulgamynyň zolagynda dermanlyk köküniň önümçiligini ep-esli artdyrmak üçin tekliplerini taýýarladylar. Gözleg işleri Hanhowuz sebitiniň şorlaşan ýerlerinde suwarmak üçin kollektor-drenaž suwlaryny peýdalanmak bilen geçirildi hem-de gowy netijeler gazanyldy.

Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk goragy beýleki bir makalada beýan edilýär. Onda Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda kanuny taýdan berkidilen ýörelgeleri barada umumy düşünjeler berilýär. Oba hojalygyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň milli maksatnamasynda ýer serişdelerini netijeli peýdalanmagyna döwlet gözegçiligini güýçlendirmek, ýer kadastryny girizmek, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň meýdanyny giňeltmek, bu pudagy ösdürmegine innowasion mehanizmleri girizmek barada çäreler göz öňünde tutulandyr.

Bu örän uly suw desgasynyň gurluşygynyň dowamynda kölüň kollektorlar ulgamyna Aral deňziniň hanasynyň suw batgalyk guşlarynyň ýuwaş-ýuwaşdan girmegi bolup geçýär. Bu barada beýleki bir makalada gürrüň berilýär. Giň göwrümli gidrografiki özgertmeleri geçirilmezinden ozal Garagum çöllüginde guşlaryň 220 görnüşi ýaşaýardy. Olardan 78-si suwuň golaýynda ýaşaýan guşlardy. Häzirki wagtda bolsa ornitologiki suw-batga faunada guşlaryň 135 görnüşi bar, kollektorlar zolagynda olaryň 78 göterimi duş gelýär. Kölüň gurulmagy köp sanly guşlaryň, şol sanda seýrek duş gelýän görnüşleriniň hem, ýaşaýan ýaýrawynyň giňelmegine şert döretdi, olary halas etmäge we saklanyp galmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Žurnal “Bereketli-garagum” goraghanasynyň ösümlik dünýäsi, Garaýalçy ajaýyp pisse tokaýlygy, takyrdan suwy almagyň usullary”Altyn asyr” türkmen kölüniň zolagynda lokal gün damjalaýyn enjamlaryny peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada gyzykly we täsirli makalalar berilýär. Žurnalyň bu sany 2014-nji ýylda neşir edilen“Türkmenistanyň guşlary” atly ornitologiki neşiriniň maglumaty bilem tamamlanýar.