Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda

view-icon 15963
>Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler


Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) iş bilen üpjünçilik — adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän, olara zähmet haky, gazanç, özlügindäki töleg şekilinde pul ýa-da gaýry görnüşde girdeji (mundan beýläk — zähmet haky) getirýän şahsy we jemgyýetçilik zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy bilen baglanyşykly işi;

2) işsizlik — durmuş-ykdysady hadysa, şonda ilatyň zähmet çekmäge ukyply bolan bir bölegi özüniň degişlilikde fiziki, ruhy, intellektual ukyplaryny zähmet işiniň barşynda ulanyp bilýän laýyk gelýän işi tapyp bilmeýär;

3) işsiz — zähmet çekmäge ukuply ýaşdaky (erkekler üçin — 18-den—62 ýaşa çenli, aýallar üçin ‒ 18-den‒57 ýaşa çenli), özüne bagly bolmadyk sebäplere görä zähmet haky bolmadyk, iş gözleýän we işsiz hökmünde döwletiň iş bilen üpjünçilik edarasynda (gullugynda) (mundan beýläk — iş bilen üpjünçilik gullugy) hasaba alnan zähmet çekmäge ukyply adam;

4) iş gözleýän — özüne bagly bolmadyk sebäplere görä zähmet haky bolmadyk, özbaşdak ýa-da döwlet we (ýa-da) döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gullugynyň kömegi arkaly iş gözleýän adam;

5) işe ýerleşdirmek — ilatyň zähmet bilen meşgullanmagynyň üpjünçiligine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň toplumy;

6) özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar — işgärleri hemişelik esasda hakyna tutmaýan, özbaşdak, bir ýa-da birnäçe işewür hyzmatdaşlar bilen girdeji getirýän iş bilen meşgullanýan adamlar;

7) iş orunlarynyň döredilmegi üçin paý — döwletiň goldawyna mätäç adamlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen iş berijilere bellenilen iş orunlarynyň (işgärleriň) kesgitlenen möçberi;

8) daşary ýurtly işçi güýjüniň çekilmegi üçin paý — daşary ýurtly işçi güýjüniň kärhanalarda, guramalarda ýa-da edaralarda işleýänleriň umumy sanyna göterim gatnaşygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän paýy;

9) hak tölenilýän jemgyýetçilik işleri — möhletli zähmet şertnamasy boýunça ýerine ýetirilýän, işsizleriň goşmaça durmuş taýdan goldanylmagy hökmünde guralýan işiň umumy elýeterli görnüşleri.

2-nji madda. Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda kanunçylygy

1. Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2 Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir.

2. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, eger şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hukuklara eýedirler.

4-nji madda. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar:

1) özüniň garaýşyna görä hünär, kesp-kär we iş ýerini, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini erkin saýlamagy her kime deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi;

2) işsizleriň durmuş taýdan goldanylmagy;

3) täze iş orunlarynyň, şol sanda maýyplygy bolan adamlar we döwletiň goldawyna mätäç beýleki adamlar üçin, döredilmeginiň höweslendirilmegine gönükdirilen ykdysady, maliýe, salgyt we maýa goýum syýasatynyň geçirilmegi;

4) bilim ulgamynyň zähmet bazarynyň islegine we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljegine laýyklykda işgärleriň taýýarlanylmagyna ugrukdyrylmagy;

5) raýatlaryň zähmet işjeňliginiň we telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy, olaryň öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan ukyplarynyň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegi;

6) döwletiň goldawyna mätäç adamlaryň işe ýerleşdirilmegi üçin şertleriň döredilmegi;

7) ilatyň iş üpjünçiliginiň meseleleri bilen baglanyşykly ýeke-täk maglumatlar binýadynyň emele getirilmegi;

8) döwlet edaralarynyň ilatyň iş bilen meşgullanmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriniň işlenilip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi boýunça işiniň utgaşdyrylmagy hem-de olaryň ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy;

9) içerki zähmet bazarynyň daşary ýurtly işçi güýjüniň çekilmegi üçin paýyň bellenilmegi arkaly goralmagy;

10) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy.

5-nji madda. Iş bilen üpjün ilat

Iş bilen üpjün ilata şular degişlidir:

1) kärhanalarda (şol sanda daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda), guramalarda we edaralarda işleýän adamlar;

2) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän halkara guramalarynda işleýän adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary;

3) saýlawly edaralara saýlananlar, wezipä bellenilenler ýa-da tassyklananlar;

4) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, Türkmenistanyň beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän Türkmenistanyň raýatlary;

5) wagtlaýyn we möwsümleýin işlerde işleýän adamlar;

6) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler (mundan beýläk — hususy telekeçiler);

7) işleriň ýerine ýetirilmegi we (ýa-da) hyzmatlaryň edilmegi närsesi bolup durýan raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işleri ýerine ýetirýän adamlar;

8) hakyna tutma zähmeti ulanýan iş beriji-fiziki şahslarda işleýän adamlar;

9) iş beriji-fiziki şahslarda işleýän öý işgärleri;

10) öýünde işleýän işçiler;

11) özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar;

12) bilim edaralarynda, bilim däl ugurly kärhanalaryň okuw düzüm birliklerinde, şeýle hem degişli hünär derejesi bolan hünärmenlerde şahsy taýýarlyk tertibinde hünär taýýarlygyny geçýän adamlar;

13) hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygy ýa-da hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçýän adamlar;

14) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iş ýeri saklanyp galýan adamlar;

15) Türkmenistanyň we onuň çäklerinden daşarda ýokary we orta ruhy okuw jaýlarynda okaýanlar;

16) dini guramalaryň işgärleri;

17) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga işler bilen üpjün adamlar.

6-njy madda. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet kepillikleri

1. Şular ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda döwlet kepillikleri bolup durýar:

1) käriňi, kesp-kär görnüşini we iş ýeriňi öz garaýşyň boýunça erkin saýlamak, sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi, kär, iş edinmekde we zähmetiň mukdaryna we hiline laýyk gelýän höweslendirilmekde, gulluk boýunça ýokary çekilmekde her kime deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi;

2) kemsitmeleriň islendik görnüşlerinden, işe kabul etmekden esassyz ýüz öwrülmeginden, bikanun işden çykarylmakdan we zähmet şertnamasynyň bes edilmeginden hukuk taýdan goralmagy;

3) işsizlikden goralmagy;

4) iş berijileriň teklibi boýunça öň şol iş berijiler tarapyndan okuwa ýollanan ýaş hünärmenlere, başlangyç, orta we ýokary hünär bilim okuw mekdepleriniň uçurymlaryna iş berijileriň teklibi boýunça laýyk gelýän işiň berilmegi;

5) işsiz we iş gözleýän adamlaryň hünär taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlygyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edilmegi;

6) iş berijiler bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda iş bilen üpjünçilik gullugynyň ýollama haty boýunça hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçen adamlaryň iş bilen üpjün edilmegi;

7) işsizleriň işsizlik boýunça kömek puly bilen üpjün edilmegi.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda başga döwlet kepillikleri hem bellenilip bilner.

7-nji madda. Döwletiň goldawyna mätäç adamlara döwlet kepillikleri

1. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda döwletiň goldawyna mätäç adamlara döwlet kepillikleri berilýär.

Olara şu aşakdakylar degişlidir:

1) kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary (on sekiz ýaşa çenli maýyp-çagany) terbiýeleýän ýeke ýaşaýan ata-eneler, olaryň ornuny tutýan adamlar, köp çagaly maşgalalar;

2) ýigrimi dört ýaşyna çenli çagalar öýlerinde terbiýelenenler, ýetim-çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar;

3) maýyplygy bolan adamlar;

4) ilkinji gezek iş gözleýän ýaş hünärmenler;

5) pensiýa ýaşynyň öňüsyrasyndaky (pensiýa iki ýyl galanda) adamlar;

6) eklenjinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde keseki kömegine mätäçlik çekýän diýlip ykrar edilen adamlar bolan raýatlar;

7) harby gulluga çagyryşdan boşadylan, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, Türkmenistanyň beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullukdan boşadylan Türkmenistanyň raýatlary;

8) kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýatyrylmagy, işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly, saglyk ýagdaýy ýa-da başga esaslar boýunça işden boşadylan adamlar;

9) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary;

10) radiasiýa heläkçiliginiň netijesinden, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalardan we hünär keselleriniň netijelerinden ejir çeken adamlar;

11) azatlykdan mahrum ediş ýa-da mejbury bejeriş ýerlerinden boşadylan adamlar;

12) adam söwdasynyň ýa-da öý (durmuş) zorlugynyň pidasy bolan adamlar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goldawyna mätäç adamlara olaryň beýleki toparlary hem degişli edilip bilner.

3. Görkezilen adamlara köpçülikleýin şertnamalarda (ylalaşyklarda) iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna şu Kanuna garşy gelmeýän gaýry kepillikler göz öňünde tutulyp bilner.

8-nji madda. Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasy

1. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasy döredilýär.

2. Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasynyň serişdeleriniň emele gelmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

II BAP. ILATYŇ IŞ BILEN ÜPJÜNÇILIGI ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

9-njy madda. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary


Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) şu aşakdakylary tassyklaýar:

a) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasyny;

b) Adamy işsiz diýip ykrar etmegiň tertibini;

ç) Işsiziň bellige alynmagynyň we onuň hasapdan çykarylmagynyň tertibini;

d) Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasynyň serişdeleriniň emele gelmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibini;

e) Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi hakynda düzgünnamany;

4) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli başga wezipeleri amala aşyrýar.

11-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara:

1) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýar;

2) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirýär;

4) şu aşakdaky taslamalary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýär:

a) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasyny;

b) Adamy işsiz diýip ykrar etmegiň tertibini;

ç) Işsiziň bellige alynmagynyň we onuň hasapdan çykarylmagynyň tertibini;

d) Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasynyň serişdeleriniň emele gelmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibini;

e) Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi hakynda düzgünnamany;

5) ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň sebit maksatnamalaryny işläp düzýär we tassyklaýar;

6) iş bilen üpjünçilik gullugyna umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

7) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda işleriň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

8) daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly işi amala aşyrýan ýuridik şahslara ygtyýarnamalary berýär;

9) şulary tassyklaýar:

a) Iş bilen üpjünçilik gullugy hakynda düzgünnamany;

b) Iş gözleýän adamlaryň hasaba alynmagy, işe ýerleşdirilmegi we hasapdan çykarylmagy barada tertibi;

ç) Hak tölenilýän jemgyýetçilik işini guramagyň tertibini;

d) Iş berijiler tarapyndan döwletiň goldawyna mätäç adamlaryň işe ýerleşdirilmegi üçin paýyň kesgitlenilmeginiň tertibi hakynda düzgünnamany;

e) Hünär taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygyň we hünäriň ýokarlandyrylmagynyň guralmagynyň tertibini;

ä) Işsizlik boýunça kömek pulunyň bellenilmeginiň we tölenilmeginiň tertibini;

10) iş berijileriň ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyna ýardam edýär;

11) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýär;

12) şulary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:

a) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi hakynda teklipleri;

b) Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri;

ç) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşy hakynda her ýylky hasabaty;

13) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

12-nji madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

1. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerine degişli çözgütleri kabul edýärler;

3) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

4) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň sebitleýin maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

5) döwletiň goldawyna mätäç adamlara iş orunlarynyň döredilmegi we işe ýerleşdirilmegi üçin paýy belleýärler;

6) täze iş orunlarynyň döredilmegine, hususy telekeçiligiň, kiçi we orta işewürligiň ösdürilmegine ýardam berýärler;

7) degişli iş bilen üpjünçilik gullugynyň ýerli edarasy bilen bilelikde hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerini guraýarlar;

8) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary iş berijileriň işgärleriň işden boşadylmagy hakynda kararlaryny alty aýa çenli togtatmaga, şeýle hem görkezilen möhletiň yza süýşürilmegi zerarly iş berijileriň çeken ýitgileriniň öwezini bölekleýin ýa-da doly möçberde tölemäge haklydyr.

III BAP. RAÝATLARYŇ IŞ BILEN ÜPJÜNÇILIGI ÇYGRYNDAKY HUKUKLARY

13-nji madda. Işe ýerleşmäge bolan hukuk


1. Her bir adamyň iş ýerini erkin saýlap almaga we işe ýerleşmäge hukugy bardyr. Bu hukuk işe ýerleşmekde iş berijä göni ýüz tutulmagy ýa-da iş bilen üpjünçilik gullugynyň ýardamy arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işe ýerleşdirmek bilen meşgullanýan hususy telekeçileriň we ýuridik şahslaryň ýardamy bilen durmuşa geçirilýär.

2. Raýatlaryň meýletin iş bilen meşgullanmazlygy olaryň jogapkärçilige çekilmegine esas bolup bilmez.

3. Eger Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, iş bilen üpjün bolmadyk adamlar babatda mejbury ýa-da hökmany zähmetiň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

14-nji madda. Iş bilen üpjünçilik meseleleri boýunça maglumat we maslahat almaga, hünäre ugrukdyrylmaga, hünär taýdan taýýarlanylmaga, gaýtadan taýýarlanylmaga we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna bolan hukuk

1. Raýatlaryň iş bilen üpjünçilik gullugyndan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda boş iş orunlarynyň we boş duran wezipeleriň barlygy, zähmet şertleri we düzgünleri hakynda maglumatlary almaga hukuklary bardyr.

2. Işsiz ýa-da iş gözleýän adamlaryň iş bilen üpjünçiligiň görnüşlerini we iş ýerlerini saýlap almak maksady bilen, tölegsiz esasda maslahatlary almaga we işe ýerleşmäge, şeýle hem hünäre ugrukdyrylmagyna, hünär taýdan taýýarlanylmagyna, gaýtadan taýýarlanylmagyna we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna hukuklary bardyr.

15-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda zähmet çekmäge bolan hukuk

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäklerinden daşarda özbaşdak iş gözlemäge we işe ýerleşmäge hukuklary bardyr.

IV BAP. ILATYŇ IŞ BILEN ÜPJÜNÇILIGINIŇ GURALYŞY

16-njy madda. Iş bilen üpjünçilik gullugy


1. Iş bilen üpjünçilik gullugy ygtyýarly edaranyň düzüm birligi bolup durýar, zähmet çekmäge ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gazanylmagy we saklanylmagy üçin zähmet bazaryna täsir etmek onuň esasy maksady bolup durýar.

2. Iş bilen üpjünçilik gullugynyň işi şu aşakdakylara gönükdirilendir:

1) Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge;

2) işsizleriň işe ýerleşmeklerine ýardam berilmegine;

3) iş gözleýän adamlara ony gözlemekde ýardam berilmegine;

4) iş berijilere zerur hünärmenleri saýlap almakda ýardam berilmegine;

5) işsiz we iş gözleýän adamyň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guramakda ýardam berilmegine;

6) kärdeşler arkalaşyklary we işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, iş berijiler bilen bilelikde iş bilen üpjünçiligiň meseleleri boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna;

7) adamlaryň işsiz, şeýle hem iş gözleýän hökmünde bellige alynmagynyň amala aşyrylmagyna;

8) boş iş orunlarynyň we işe ýerleşmek meseleleri boýunça ýüz tutan adamlaryň hasabynyň ýöredilmegine;

9) işden boşadylan adamlary işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlaryň edilmegine;

10) zähmet bazary boýunça maglumatlar binýadynyň emele getirilmegine;

11) iş bilen üpjünçilik gullugyna ýüz tutýan raýatlara — işe girmek mümkinçiligi, iş berijilere bolsa, işçi güýji bilen üpjün edilmek mümkinçiligi barada habar berilmegine;

12) hak tölenilýän jemgyýetçilik işleriniň guralmagyna we işsizleriň öz razylygy bilen şol işlere ýollanylmagyna ýardam berilmegine;

13) Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligiň amala aşyrylmagyna;

14) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga wezipeleriň ýerine ýetirilmegine.

3. Iş bilen üpjünçilik gullugynyň welaýat, şäher we etrap düzüm birlikleri bar.

4. Iş bilen üpjünçilik gullugyna umumy ýolbaşçylygy ygtyýarly edara amala aşyrýar.

5. Iş bilen üpjünçilik gullugynyň işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

6. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi we iş berijiler üçin işgärleriň seçilip alynmagy bilen baglanyşykly hyzmatlar iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan muzdsuz esasda edilýär.

7. Iş bilen üpjünçilik gullugy öz işini ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.

8. Iş bilen üpjünçilik gullugynyň işsize şol bir iş ýerini (şol bir kär (hünär) boýunça hünär taýýarlygyny) iki gezek teklip etmäge haky ýokdur.

9. Iş bilen üpjünçilik gullugyna işe ýerleşmekde kömek sorap ýüz tutan adamlaryň iş bilen üpjünçilik gullugynyň we onuň wezipeli adamlarynyň hereketlerine (hereket etmezligine) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýokarda durýan gurama, şeýle hem kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

17-nji madda. Iş berijileriň ilatyň iş bilen üpjün edilmegine gatnaşmagy

1. Iş berijiler ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine şu aşakdakylar arkaly gatnaşýarlar:

1) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda zähmet we köpçülikleýin şertnamalaryň (ylalaşyklaryň) şertleriniň berjaý edilmegi bilen, raýatlaryň işe ýerleşmegine ýardam berilmegi;

2) işgärleriň hünär taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygynyň we hünäriniň ýokarlandyrylmagynyň, önümçiligiň içinde okadylmagynyň guralmagy;

3) guramaçylyk-düzüm çäreleriniň geçirilýän döwründe hünär derejeli işgärleriň işgärler kuwwatynyň saklanyp galynmagy we oýlanyşykly peýdalanylmagy;

4) hak tölenilýän jemgyýetçilik işleriniň hususy serişdeleriň hasabyna guralmagy;

5) bellenen hünär dereje talaplaryna laýyklykda işe ýerleşmek meselesi bilen ýüz tutan adamlaryň boş iş orunlaryna we boş duran wezipelere işe kabul edilmegi;

6) işgärleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrylmagy.

2. Iş berijiler şulara borçludyrlar:

1) iş bilen üpjünçilik gullugyna kärhananyň, edaranyň, guramanyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly işgärleriň (işgärleriň ýaşyny, jynsyny, kärini, hünär derejesini we zähmet hakynyň möçberini) geljekde işden boşadylmagy, işgär sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy barada, işgärleri işden boşatmak başlanmazyndan azyndan iki aý öň, olaryň işden boşadyljak möhletleri barada doly möçberde maglumatlary bermäge;

2) iş bilen üpjünçilik gullugyna işgärleriň doly däl iş güni düzgünine geçirilmegine degişli maglumatlary bermäge;

3) boş iş orunlary we boş duran wezipeler hakynda ygtyýarly edara maglumatlary bermäge;

4) iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan berlen ýollama hatynda belligiň edilmegi bilen iş berijileriň çözgüt kabul eden gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda işe kabul edilendigi ýa-da esaslandyrylan sebäbini görkezip işe kabul etmekden ýüz öwrülendigi barada mälim etmäge;

5) döwletiň goldawyna mätäç adamlar üçin iş ýerlerine bellenilen paýy berjaý etmäge;

6) iş bilen üpňjünçilik gullugyna alan hünärini we hünär derejesini görkezmek bilen, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny, önümçilikdäki okuwy geçen işe ýerleşdirilen adamlaryň sany baradaky maglumatlary bermäge.

3. Iş berijiler tarapyndan şu Kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen adamlar üçin iş ýerleriniň gysgaldylmagy ýa-da ýatyrylmagy Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

18-nji madda. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermäge gatnaşmagy

Kärdeşler arkalaşyklary ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalary ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, şulara gatnaşýarlar:

1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, ygtyýarly edaranyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleri boýunça çözgütleriniň durmuşa geçirilmegine;

2) ygtyýarly edara, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, iş berijilere ilatyň iş bilen üpjünçiligine degişli teklipleriň girizilmegine;

3) ilatyň iş bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly başga meseleleriň çözülmegine.

19-njy madda. Döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklarynyň ilatyň işe ýerleşdirilmegine gatnaşmagy

1. Ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda adamlary tölegli esasda işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary edýän döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklary döredilip bilner.

2. Türkmenistanyň raýatlaryny tölegli esasda Türkmenistanyň çäginden daşarda işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary edýän döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklary öz işini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän ygtyýarnamanyň esasynda amala aşyrýarlar.

3. Işe ýerleşdirmek boýunça döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklarynyň işi olaryň öz hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

4. Döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklary iş bilen üpjünçilik gullugyna her aýda ilatyň işe ýerleşdirilişi hakynda maglumat bermäge borçludyr.

20-nji madda. Laýyk gelýän iş

1. Iş gözleýän adam üçin şular laýyk gelýän iş hasaplanylýar:

1) onuň öňki hünär derejesine we hünärine;

2) onuň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna;

3) iş ýeriniň ulag elýeterliligine (jemgyýetçilik ulagynda bir tarapyna bir ýarym sagatdan köp bolmadyk wagt sarp edilýän halatynda).

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şertlere degişli iş teklip edip bolmadyk ýagdaýynda onuň iş bilen üpjünçilik gullugynda iş gözleýän hökmünde hasaba alnan gününden başlap alty aýyň geçmegi bilen işsiziň başarnygyny, onuň saglyk ýagdaýyny, öňki hünärini, iş döwrüni hasaba almak bilen, onuň hünäriniň (käriniň) üýtgedilmegini talap edýän iş hem laýyk gelýän iş hasaplanyp bilner.

3. Şu işler laýyk gelýän iş diýlip hasaplanylyp bilinmez, eger:

1) iş gözleýän adamyň ýaşaýan ýerinden ýol bererlik aralykdan uzakda ýerleşýän bolsa;

2) adam ondan esaslandyrylan sebäpler boýunça ýüz öwren bolsa;

3) iş ýerindäki zähmet şertleri zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa;

4) teklip edilýän zähmet haky Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň derejesinden pes bolsa.

4. Ilkinji gezek iş gözleýän we (ýa-da) käri (hünäri) bolmadyk adamlar üçin onuň ýaşynyň, saglygynyň we başga aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen öňünden hünär taýýarlygyny ýa-da gaýtadan taýýarlygy talap edýän ýa-da beýleki hak tölenilýän iş (şol sanda wagtlaýyn iş) laýyk gelýän iş hasaplanylýar.

5. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän islendik iş, hak tölenilýän jemgyýetçilik işi muňa degişli däldir, adamlaryň şu aşakdaky toparlary üçin laýyk gelýän iş hasaplanylýar:

1) ilkinji gezek iş gözleýän (öň işlemedik) we käri (hünäri) bolmadyk;

2) uzak (bir ýyldan köp) dowam eden arakesmeden soň täzeden işe başlamak isleýän;

3) möhletsiz baglaşylan zähmet şertnamasyny öz islegi, taraplaryň ylalaşmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 6‒13-nji bentlerinde, 43-nji maddasynda we 47-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça zähmet şertnamasyny bes edenler, şeýle hem harby (okuw) düzgün-nyzamyny bozandygy üçin işden boşadylanlar (okuw jaýlaryndan çykarylanlar);

4) telekeçilik işi bilen meşgullanmagyny we hünärmenlik hyzmatlaryny etmegini bes edenden soňra iş bilen üpjünçilik gullugyna ýüz tutanlar;

5) ýuridik şahslarda we hususy telekeçilerde raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işiň ýerine ýetirilmegini (işleriň ýerine ýetirilmegini we (ýa-da) hyzmatlaryň edilmegini) bes edenlerinden soňra ýüz tutanlar;

6) iş bilen üpjünçilik gullugynyň ýollama haty boýunça okuwa iberilenler we olaryň günäsi bilen okuw jaýyndan çykarylanlar;

7) möwsümleýin işleriň ýerine ýetirilmegi üçin baglaşylan zähmet şertnamasynyň bes edilmeginden soňra iş bilen üpjünçilik gullugyna ýüz tutanlar;

8) iş bilen üpjünçilik gullugynda yzygider on iki aýdan gowrak wagtlap hasapda duranlar.

6. Laýyk gelýän işe ýerleşdirmek Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

21-nji madda. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerini guramak

1. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerini guramak işsizlere goşmaça durmuş taýdan goldamak maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerine daş-töweregi abadanlaşdyrmak, durmuş taýdan hyzmat etmek, jemgyýetçilik binalaryny abatlamak boýunça guralýan işler, şeýle hem işleriň ýörite hünär taýýarlygyny talap etmeýän we telekeçilik işine degişli bolmadyk başga görnüşleri degişlidir.

3. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işleri Hak tölenilýän jemgyýetçilik işini guramagyň tertibine laýyklykda iş bilen üpjünçilik gulluklary tarapyndan guralýar.

4. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerine çekilen adamlaryň zähmetine hak tölenilmegi görkezilen adamlaryň zähmetini peýdalanýan iş berijiler tarapyndan amala aşyrylýar. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işleri bilen üpjün edilen adamlaryň işlän döwri olaryň iş döwrüne goşulýar hem-de ol hakynda zähmet depderçesine ýazgy edilýär.

22-nji madda. Hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlyk we hünäriniň ýokarlandyrylmagy

1. Işsizleriň we iş gözleýän adamlaryň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy olary durmuş taýdan goramak we olaryň zähmet bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Işsizleriň we iş gözleýän adamlaryň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy şu aşakdaky halatlarda amala aşyrylýar, eger:

1) hünär taýýarlygynyň ýa-da zerur hünär derejesiniň ýoklugy sebäpli olara laýyk gelýän iş tapmak mümkin däl bolsa;

2) tejribesine laýyk gelýän işiň ýoklugy sebäpli, olaryň hünär derejesiniň üýtgedilmegi zerur bolsa;

3) öňki hünäri boýunça işi ýerine ýetirmäge ukybyny ýitiren bolsalar.

3. Görkezilen adamlaryň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy bilim edaralarynda, şeýle hem iş (okuw) ýerlerinde iş berijiniň hususy serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

4. Işsizleriň we iş gözleýän adamlaryň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy iş berijiniň iş bilen üpjünçilik gullugy bilen baglaşan şertnamalaryna laýyklykda buýran käri (hünäri) boýunça anyk iş ýeri üçin geçirilýär.

Hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlyk we hünäriniň ýokarlandyrylmagy adamyň ýa-da iş berijiniň bilim edarasy bilen özbaşdak baglaşan şertnamasy esasynda hem geçirilip bilner.

5. Hünär taýýarlygynyň, gaýtadan taýýarlygyň we hünäriň ýokarlandyrylmagynyň guralmagynyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylmagy arkaly kesgitlenilýär.

23-nji madda. Daşary ýurt işçi güýjüniň çekilmegi

1. Türkmenistanda daşary ýurt işçi güýjüniň zähmetiniň çekilmegi we peýdalanylmagy olaryň zähmetiniň peýdalanylmagy üçin kärhanalarda, edaralarda we guramalarda iş ýerleriniň paýlara bölünmegi esasynda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanda daşary ýurt işçi güýjüniň çekilmeginiň we peýdalanylmagynyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

24-nji madda. Işsizlikden meýletin ätiýaçlandyrmak

1. Iş berijileriň öz işgärlerini olaryň işsiz galan ýagdaýy üçin meýletin ätiýaçlandyrmagy amala aşyrmaga hukuklary bardyr.

2. Işgärler işsiz galan ýagdaýy üçin ätiýaçlandyryş guramalary bilen meýletinlik esasynda şertnama baglaşmaga haklydyr.

3. Ätiýaçlandyryş guramalary bilen işsiz galan ýagdaýy üçin meýletin ätiýaçlandyrylmagy hakynda şertnamanyň baglaşylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

25-nji madda. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda statistik hasabatlylygy

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda statistik hasabatlylygynyň ýöredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

V BAP. ADAMYŇ IŞSIZ DIÝLIP YKRAR EDILMEGI. IŞSIZIŇ HASABA ALYNMAGY, HUKUKLARY WE BORÇLARY, HASAPDAN ÇYKARYLMAGY

26-njy madda. Adamyň işsiz diýlip ykrar edilmegi


1. Şu aşakdaky zähmet çekmäge ukyply adamlar işsiz diýlip ykrar edilýär:

1) işlemeýän, pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny almaýan, işe durmaga taýýar, iş bilen üpjünçilik gullugynda işsiz hökmünde hasaba alnan;

2) kärhananyň ýatyrylmagy ýa-da onuň işini bes etmegi ýa-da kärhananyň işgärleriniň sanynyň we wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende iş ýerinden boşanyndan soň azyndan üç aýyň dowamynda işi bolmadyk, işsiz galandan soň üç aýyň geçmegi bilen hasapda duran;

3) eger maşgalanyň her bir agzasyna düşýän girdejisiniň (şahsy kömekçi hojalygyndan alan girdejisini hasaba almak bilen) ortaça aýlyk möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes aýlyk zähmet hakynyň elli göteriminden pes bolan. Maşgalanyň her bir agzasyna düşýän ortaça aýlyk girdejisini hasaplamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Işe ýerleşmedik, döwlet kömek puluny almaýan, öň ýetim çaga ýa-da ata-enesiniň hossarlygyndan galan çaga bolan kämillik ýaşyna ýeten adam şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan şertlere garamazdan, işsiz diýlip ykrar edilýär.

3. Adamyň işsiz diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Şular işsiz diýlip ykrar edilmeýär:

1) iş bilen üpjünçilik gullugynda bellige alnan pursatyndan başlap on senenama gününiň dowamynda özüne teklip edilen laýyk gelýän işden iki gezek ýüz öwren adam;

2) özüniň iş bilen üpjünçilik gullugynda işsiz hökmünde bellige alnan pursatyndan başlap on senenama gününiň dowamynda esasly sebäpler bolmazdan iş bilen üpjünçilik gullugyna gelmedik adam.

5. Laýyk gelýän işiň gözleginde özüne teklip edilen işden ýüz öwren ýa-da esassyz sebäp bilen iş bilen üpjünçilik gullugyna gelmedik pursatyndan başlap, iş gözlemekde kynçylyk çekýän adamyň diňe otuz senenama güni geçenden soň iş gözleýän hökmünde täzeden bellige alynmaga hukugy bardyr.

27-nji madda. Işsiziň bellige alynmagy

1. Işsiziň bellige alynmagy onuň ýaşaýan ýeri (bolýan ýeri) boýunça iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan onuň özi ýüz tutan mahalynda amala aşyrylýar.

2. Işe ýerleşen adamlar, şeýle hem şu aşakdaky adamlar işsiz hökmünde bellige alynmaga degişli däldir:

1) on sekiz ýaşy dolmadyk;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pensiýa (ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa muňa degişli däldir) we (ýa-da) döwlet kömek puly (çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly muňa degişli däldir) bellenilen;

4) kazyýetiň hökümi boýunça düzediş işleri, azatlygyny çäklendirmek, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezasyny çekýän;

5) kazyýetiň karary boýunça mejbury bejergi alýan;

6) özleriniň işsiz hökmünde bellige alynmagy üçin işiniň we girdejisiniň ýokdugy barada görnetin ýalan maglumatlary özünde jemleýän resminamalary, şeýle hem başga nädogry maglumatlary beren;

7) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna okan we paýlanma boýunça iberilen işe ýerleşmekden ýüz öwren ýa-da ýollama haty boýunça görkezilen işde işlemegiň Türkmenistanyň bilim hakynda kanunçylygynda bellenen möhletini doly işlemedik.

3. Işsiziň bellige alynmagy we onuň hasapdan çykarylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan tertipde amala aşyrylýar.

28-nji madda. Işsiziň hukuklary we borçlary

1. Işsiziň işe ýerleşen pursatyndan öň işsizlik boýunça kömek puluny almaga hukugy bardyr.

2. Işsizlik boýunça kömek pulunyň bellenilmegi we tölenilmegi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan tertipde geçirilýär.

3. Işsiz şulara borçludyr:

1) şu Kanunda göz öňünde tutulan talaplary berjaý etmäge;

2) iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan berlen işe ýollama hatyny alan gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda iş berijä işe ýerleşmek meselesi boýunça ýüz tutmaga;

3) iş bilen üpjünçilik gullugyna bäş iş gününiň dowamynda ýaşaýan ýeriniň (bolýan ýeriniň) üýtgändigi barada, hemişelik, wagtlaýyn, möwsümleýin işe, raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işe ýerleşmegi, telekeçilik işi bilen meşgullanmagy, maýyplygyň bellenilmegi ýa-da toparynyň üýtgemegi barada, pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň bellenilmegi, girdejileriň başga görnüşlerini almagy barada maglumatlary bermäge.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen maglumatlary ýaşyran ýa-da görnetin ýalan maglumatlary ýa-da ýasama resminamalary beren halatynda işsiz hasapdan çykarylýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige çekilip bilner.

29-njy madda. Işsiziň hasapdan çykarylmagy

1. Işsiz şu aşakdaky ýagdaýlarda işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmeginiň bes edilmegi bilen bir wagtda hasapdan çykarylýar:

1) şu Kanunyň 5-nji maddasyna laýyklykda ol işe ýerleşen diýlip ykrar edilende;

2) ol iş bilen üpjünçilik gullugynyň hyzmatlaryndan ýüz öwürýändigi barada ýazmaça arza berende;

3) ol bir aýdan köp wagtyň dowamynda esassyz sebäplere görä iş bilen üpjünçilik gullugyna gelmese — iş bilen üpjünçilik gullugyna soňky gezek gelen pursatyndan;

4) ol işsizlik boýunça kömek puluny aldaw ýoly bilen almaga synanyşanda ýa-da alanda;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pensiýa (ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa muňa degişli däldir) we (ýa-da) döwlet kömek puly (çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly muňa degişli däldir) bellenilende;

6) işsiz hödürlenen laýyk gelýän işiň ikisinden, iş bilen üpjünçilik gullugynyň ýollama haty boýunça hünär okuwy (gaýtadan okuwy) tamamlanandan soň görkezilen işiň iki teklibinden, iş bilen üpjünçilik gullugyna gaýtadan ýüz tutulanda hünär taýýarlygyndan ýüz öwrende;

7) çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylanda ýa-da borçnama boýunça harby gulluga girende;

8) işsiz hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidende;

9) oňa kazyýetiň hökümi boýunça düzediş işleri, azatlygyny çäklendirmek, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde iş kesilende;

10) kazyýetiň kanuny güýjüne giren karary boýunça Ýörite dikeldiş merkezine ugradylanda;

11) işsiz aradan çykan ýagdaýynda. Şonda işsizlik boýunça kömek pulunyň alynmadyk möçberi aradan çykandygy sebäpli Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň ýakyn garyndaşlaryna tölenilýär.

2. Iş bilen üpjünçilik gullugy işsizi hasapdan çykarmak hakynda çözgüdiň kabul edilen gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda onuň hasapdan çykarylmagynyň esaslandyrylan sebäbini görkezmek bilen, ol barada ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

30-njy madda. Işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmeginiň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi

1. Işsize işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmegi şu ýagdaýlarda üç aýa çenli möhlete togtadylýar:

1) işsizlik boýunça kömek puluny alýan döwründe iş bilen üpjünçilik gullugyna mälim etmän wagtlaýyn işe ýerleşende — işe giren senesinden;

2) ol bir aýdan köp wagtyň dowamynda esassyz sebäplere görä iş bilen üpjünçilik gullugyna gelmese — iş bilen üpjünçilik gullugyna soňky gezek gelen pursatyndan;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagyň talaplary esassyz sebäplere görä ýerine ýetirilmedik halatynda;

4) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen tertipde kärhanadan, edaradan ýa-da guramadan işden çykarylan mahalynda işden boşadylanda berilýän kömek puly we başga tölegler berlende;

5) Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 42-nji maddasynyň birinji böleginiň 6‒8-nji we 10-njy bentlerinde we 43-nji maddasynyň 3-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça işden boşadylanda.

2. Işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmeginiň togtadylýan döwri işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmeginiň umumy döwrüne hasaplanylýar.

3. Işsizlik boýunça kömek puly işsiziň harby, ýörite ýa-da okuw ýygnanyşyklaryna, okuw sapaklaryna çagyrylýan, harby gulluga taýýarlyk, döwlet ýa-da jemgyýetçilik borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly çärelere çekilýän döwründe tölenilmeýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen döwür işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmeginiň umumy döwrüne hasaplanylmaýar.

5. Işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmegi işsiz hasapdan çykarylan pursatyndan bes edilýär.

6. Işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmeginiň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi hakyndaky çözgüt iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan kabul edilýär. Kabul edilen çözgüt hakynda işsiz ýazmaça görnüşde habarly edilýär.

31-nji madda. Iş gözleýän adamlaryň bellige alynmagy

1. Iş gözleýän adamlaryň bellige alynmagy olar ýüz tutan mahalynda ýaşaýan (bolýan ýeri) ýeri boýunça iş bilen üpjünçilik gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Iş gözleýän adamlary bellige almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

3. Işe ýerleşen adamlar, şeýle hem şu aşakdaky adamlar iş gözleýän hökmünde bellige alynmaga degişli däldirler:

1) on sekiz ýaşy dolmadyk;

2) kazyýetiň hökümi boýunça azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän we mejbury bejergä sezewar bolýan;

3) işiniň ýokdugy barada görnetin ýalan ýa-da başga nädogry maglumatlary özünde jemleýän resminamalary beren;

4) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýa-da buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna okan, ýollama hatyna laýyklykda hünärine görä işe ýerleşmekden ýüz öwren ýa-da görkezilen işde bellenilen möhleti doly işlemedik.

VI BAP. IŞSIZ GALYNAN MAHALYNDAKY DURMUŞ KEPILLIKLERI

32-nji madda. Iş berijiler tarapyndan işden boşadylan işgärlere maddy taýdan goldaw bermegiň kepillikleri


Kärhananyň ýatyrylmagy, iş beriji-fiziki şahs tarapyndan işiň bes edilmegi, kärhananyň işgärleriniň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen baglanyşykly zähmet şertnamasy bes edilende (ýatyrylanda) işden boşadylýan işgärlere şu aşakdakylar kepillendirilýär:

1) iş gözleýän döwri üçin öňki iş ýeri boýunça ortaça zähmet hakyny saklap galmak, ýöne ol işden çykylanda berilýän kömek pulunyň hasaba alynmagy bilen, işden boşadylan gününden başlap iki aýdan uzaga çekmeli däldir;

2) işgär işden boşadylan gününden soň iki hepde möhletiň dowamynda iş bilen üpjünçilik gullugyna ýüz tutan bolsa we işe ýerleşdirilmedik şertinde, onuň işden boşan gününden başlap üçünji aýyň içinde iş bilen üpjünçilik gullugynyň çözgüdi boýunça iş gözleýän döwri üçin öňki iş ýeri boýunça ortaça zähmet hakyny saklap galmak.

33-nji madda. Işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilmegi

1. Şu Kanunyň 26-njy maddasyna laýyklykda işsiz diýlip ykrar edilen adamlara işsizlik boýunça kömek puly tölenilýär.

2. Işsizlik boýunça kömek puly işsiz aýda azyndan iki gezek gaýtadan bellige almakdan geçen şertinde her aýda tölenilýär.

3. Işsizlik boýunça kömek puly alynýan döwürde işsiz özüniň işe ýerleşdirilmegine ýardam bermäge borçludyr.

34-nji madda. Işsizlik boýunça kömek pulunyň möçberi

1. Işi we zähmet haky bolmadyk adamlar üçin işsizlik boýunça kömek puly Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýän döwlet kömek pullarynyň möçberlerini hasaplamak üçin binýatlyk ululygyna göterim gatnaşygynda hasaplanylýar.

Işsizlik boýunça kömek pulunyň möçberi we tölenilmeli möhletleri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan Işsizlik boýunça kömek pulunyň bellenilmeginiň we tölenilmeginiň tertibine laýyklykda bellenilýär.

2. Işsizlik boýunça kömek pulunyň tölenilýän möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda indeksirlenilýär.

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

35-nji madda. Jedelleriň çözülişi


Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

36-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

37-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär, güýje girmeginiň başga möhletleri bellenilen maddalar muňa degişli däldir.

2. Şu Kanunyň 8-nji, 26-njy we 27-nji maddalary 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

3. Kanunyň güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1991-nji ýylyň 12-nji noýabryndaky «Ilaty iş bilen üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 173-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 18-nji iýuny. № 407-V.