Olar on günläp Hazar deňziniň gözel kenaryndaky „Daýanç“ çagalar sagaldyş merkezinde dynç alarlar.
Indi birnäçe ýyl bäri şeýle ynsanperwer çäräni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi guraýar, ol ýurdumyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk ýaly belent ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. 2010-njy ýylda şeýle däbiň başy tutuldy, şol ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy bilen weýrançylykly ýer titremesinden ejir Gaiti Respublikasyndan çagalar Awaza tomusky dynç alyşa gelipdiler. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary çagalar üçin şeýle ynsanperwer çäräni amala aşyrýarlar. Şu ýyl ukrainaly we moldowaly mekdep okuwçylary ilkinji gezek ýurdumyza geldiler.
Guramaçylar olar üçin sport, medeni we dynç alyş çarelerinden ybarat dürli çäreler maksatnamasyny taýýarladylar. Şeýle hem, olar Milli syýahatçylyk zolagynyň „Hazar deňziniň merjeni“ diýilýän gözel ýerlerine gezelenç ederler. Çäräniň guramaçylary :“Biz çagalaryň Awazada bolan on gününiň daşary ýurtly kiçijik myhmanlarymyzyň ýadyndan çykmajak günlere öwrülmegi üçin elden gelenini ederis. Biz olaryň her biri üçin Türkmenistanyň çagalaryň arzuwy wysal bolýan ýurt hökmünde hemişelik ýadynda galmagyny isleýäris“—diýýärler.
Şadyýan, gyzykly dynç alyşa we ýatdan çykmajak täsirlere garaşýan çagalar agşamky otly bilen Aşgabatdan türkmen tebigatynyň özboluşly merjeni bolan Awaza ugradylar.