Ï Türkmenistan – sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdy

view-icon 2391
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda biziň ýurdumyz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmek işinde, häzirki zaman sport düzümlerini döretmekde, beden taýdan sagdyn hem-de ösen aň-düşünjeli adamlaryň täze neslini kemala getirmekde ägirt uly üstünlikler gazandy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bu ulgamda durmuşa geçirilýän oňyn syýasat özüniň anyk netijelerini berýär—türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykaryldy, ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz – Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna - Hormat ordenine mynasyp boldy hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli tarapdary bolmak bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz şahsy göreldesi arkaly bu ulgamyň ösdürilmeginde aýratyn tagalla edýär. Milli başlangyjy bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilen häzirki zaman stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary üstünlikli hereket edýär, olar iň täze sport enjamlary bilen üpjün edilendir we beden taýdan berk we ruhubelent nesliň kemala gelmegine ýardam berýär.

Braziliýada badalga alýan Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň güýçli türgenlerinden düzülen ýygyndy toparymyz bu bütindünýä bäsleşiklerinde ýeňşe bolan berk hyjuwy görkezmegi maksat edinýär. Biz öz watandaşlarymyzdan üstünlikli çykyşlara garaşýarys, bu bolsa milli Liderimiziň ýokary bahasyna mynasyp bolar. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary hökümet derejesinde ýurdumyzyň iň gowy türgenlerini sarpalamagy hem-de olara dürli halkara ýaryşlarynda görkezen ussatlyklary üçin sylaglaryň gowşurylmagy, ussatlyk we erjellik türkmen sportunyň bütin dünýädäki abraýyny belende göterýän täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

Dünýäniň iň iri ýaryşlarynda Gülbadam Babamuratowa, Ruşana Nurjowowa (dzýudo), Arslanbek Açilow (boks), Hojamuhammet Toýçyýew, Gülnabat Kadyrowa (agyr atletika), Amanmyrat Hommadow, Ýelena Rýabowa (ýeňil atletika), Merdan Ataýew we Darýa Semýonowa (suwda ýüzmek) ýaly iň güýçli türgenler Türkmenistana wekilçilik ederler. Türkmenistanyň topary iýul aýynyň ahyrynda Braziliýa gelmek bilen, bu ýeriniň howa şertlerine uýgunlaşyp, şol bir wagtyň özünde türgenleşik işlerini geçdiler.

“Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda her ýyl ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de medeni-sagaldyş çäresiniň geçirilmegi bolsa asylly däbe öwrüldi.

Ilatyň saglygy döwletimiziň baş baýlygydyr, ýokary netijeli zähmetiň zerur şerti, medeniýet derejesiniň görkezijisi, durmuş-ykdysady strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar, milli Liderimiz bu ugurda ozaly bilen, ruhy-ahlak ýörelgeleriň kämilleşdirilmegini öňde goýýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň saglygyny goramagyň, ozaly bilen bolsa ösüp gelýän nesliň saglygy baradaky aladanyň möhüm döwlet wezipesi bolup durýandygyny nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini guramaçylyk we uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama hökmünde kesgitledi. Bu ugurda eýýäm anyk işler durmuşa geçirildi. Olar umumymilli spartakiadalaryň hem-de ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagy, sport desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy we kämilleşdirilmegidir.

Häzirki döwre çenli görlüp-eşidilmedik derejä we okgunly häsiýete eýe bolan bedenterbiýe-sport hereketi ýaşlary terbiýelemegiň ýene bir möhüm şertleriniň biri bolup durýar we olaryň garaýyşlaryna, gözýetimine oňyn täsir edýär hem-de saglygy berkitmegiň iň täsirli usullarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda häzirki wagtda giňden alnyp barylýan, mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geljek ýyl geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri döwletimiziň halkara sport hereketiniň ösdürilmegine goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda Aziada-2017-ä aýratyn ähmiýet berilýär hem-de bu oýunlaryň ýokary dereje guralmagy üçin ähli zerur çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda sportuň 21 görnüşi maksatnamasyna girizilen ol Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy alnyp barylýan desgalarynda işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Şeýle derejeli Oýunlaryň geçirilmeginiň taryhynda Aziada-2017-niň iň wekilçilikli sport çäresi boljakdygy guwandyryjy ýagdaýdyr—ýaryşlara Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri ilkinji gezek gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen maý aýynda badalga alan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäklerinden geçjek 500 günlük atly ýöriş türkmenistanlylara öňde boljak V Aziýa oýunlaryna özleriniň hem dahyllydygyny duýmaga mümkinçilik berer, şeýle hem bu Oýunlara gaýtalanmajak öwüşgin çaýar. Atly ýörişe gatnaşyjylar Ahal, Balkan welaýatlarynyň şäherlerinde we obalarynda gyzgyn garşylanyldy. Balkan welaýatyndan soň, atly ýöriş Daşoguz, soňra bolsa Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerinde dowam etdiriler.

2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda atly ýörişe gatnaşyjylar topary Aşgabada, Olimpiýa şäherjiginiň stadionyna gelip ýeten mahaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy bolar.

Halkyň saglygy we abadançylygy, berk bedenli hem-de belent ruhly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Türkmenistanda döwlet ähmiýetli ilkinji derejeli wezipeleriň hataryna çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi uzakmöhletleýin umumymilli hem-de maksada okgunly häsiýete eýe boldy.