Ï Mähriban topragymyzyň tebigatynyň baýlygy — halkymyzyň baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mähriban topragymyzyň tebigatynyň baýlygy — halkymyzyň baýlygy

view-icon 1800
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň durnukly ösüşini hem-de raýatlarymyzyň amatly ekologiýa şertlerinde ýaşamagyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan eziz Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini nygtaýar. Bu bahasyna ýetip bolmajak baýlygy artdyrmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek wajypdyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň barha giňeýän tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp müňlerçe gektara barabar bolan meýdanlarda tokaý zolaklary döredi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gök zolaklary döretmegiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň, üzümiň 3 million düýp, şol sanda 512 müň düýp tut nahallary oturdylar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde Aşgabadyň töwereginde hem-de welaýatlarda ýaşyl zolaklaryň kemala getirilmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin möhüm çözgütleriň kabul edilmegi hem-de bu ulgamda halkara forumlaryň yzygiderli geçirilmegi döwletimiziň daşky gurşawy goramak meselelerine uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa çäreleri häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň möhüm şerti, tutuş halk hojalygynyň çäklerinde tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegiň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Rio-de Žaneýroda geçirilen bütindünýä forumynyň öňüsyrasynda tassyklanan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly, şol bir wagtyň özünde ekologiýa taýdan howpsuz önümçilikleriň ösdürilmegine, şeýle hem “ýaşyl ykdysadyýeti” kemala getirmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak baradaky innowasion taslamanyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Zeýkeşler ulgamlarynyň kadaly hereket etmegi, ýerasty suwuň derejesiniň peselmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagy bu kölüň tebigata oňyn täsir edýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde we tutuş Orta Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýän bu taslamanyň dünýäniň dürli döwletleriniň esasy alymlarynyň hem-de bilermenleriniň, suw hojalyk pudagynyň hem-de obasenagat toplumynyň hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, suw hojalyk ulgamynda, şol sanda täze suw howdanlaryny, gidrotehniki we melioratiw desgalarynyň gurluşygy boýunça giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Häzirki döwürde “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň ählisinde suw arassalaýjy we süýjediji desgalar gurulýar, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň hem-de suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär. Şunuň bilen birlikde, iň täze tehnologiýalar, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar. Olar suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmäge, topragyň ýokary hasyllylygyny üpjün etmekde ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge, obasenagat önümçiliginiň netijeliligini hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýer we suw serişdelerine aýawly garamaga ýardam edýär. Suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn usulda suwarmak we ekinleri suwarmagyň beýleki öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Ýurdumyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri — BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Ýewropa Bileleşigi, Ählumumy ekologiýa gaznasy hem-de beýlekiler bilen gatnaşyklary işjeň we yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan tutuş adamzady tolgundyrýan wajyp ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Şol taslamalar bolsa suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamaga hem-de dikeltmäge, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri netijeli çözmäge gönükdirilendir.

BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça birnäçe Konwensiýalaryna gatnaşýan döwletimiz tebigaty goramak häsiýetli wezipeleri çözmek babatda anyk ädimleri ädýär we şunda bu ulgamdaky wajyp meselelere halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak arkaly garalmalydygyndan ugur alýar.

Türkmenistanyň möhüm tebigy serişdeleri, şol sanda suwy aýawly saklamaga jogapkärli çemeleşmegi ýurdumyzyň sebitiň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň möhüm wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşmagyny şertlendirdi. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ekerançylygyň ýokary medeniýetini kemala getirdiler, gurak howa şertlerinde ýaşaýan ýerlerini bagy-bossanlyga, öri meýdanlaryny ýaşyl ýaýlalara öwürmek, bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin tutanýerli hem-de ýadawsyz zähmet çekdiler.

Bu mesele milli Liderimiziň “Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda öz beýanyny tapýar. Şol kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçen ýylyň aprel aýynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitapda milli Liderimiziň halkara maslahatlarynda eden çykyşlaryndan, pudagy toplumlaýyn ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga, daşky gurşawy aýawly saklamaga gönükdirilen oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak işinde gazanylan ägirt uly üstünlikleri beýan edýän suw hojalygy ulgamynda özgertmeler maksatnamalarynyň wezipeleri we maksatlary barada aýdan sözleri çap edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda jemlenen parasatly sözlerinde görnükli alym we syýasy Lider, oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik pikirleri öz beýanyny tapýar. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň gülläp ösmeginden, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, geçen ýyl Ýaponiýada geçirilen BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Birleşen Milletler Guramasynyň Suw strategiýasy boýunça ýörite Maksatnamany işläp taýýarlamak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn täsirli guralyny döretmek baradaky teklipler bar. Hazaryň täsin biologiýa toplumy tutuş adamzadyň baýlygydyr.

Ýurdumyz şeýle başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Suw, ýer hem-de biologiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi, tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar.

“Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balykçylyk we suw biologiýa serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” halkara kadalaryna laýyk gelýän Kanunlar, “Tokaý kodeksi” kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny” durmuşa geçirmek tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça tejribeleri tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe boldy. Ýurdumyzyň iri ekologiýa maslahatlarynyň we beýleki halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle çäreleriň hatarynda 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen

Hazar ekologiýa forumyny, 2013-nji ýylyň mart aýynda Daşoguzda geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahatyny, 2014-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň (Tähran konwensiýasy) konferensiýasynyň 5-nji mejlisini görkezmek bolar.

Şeýle hem 2015—2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça Döwletara toparyna başlyklyk edýändigini nygtamalydyrys. Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ýaşyl ösüş” strategiýasyny ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösmeginiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ol bolsa öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýar.