Türkmen gawunynyň güni mynasybetli ýekşenbe güni ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban topragymyzyň sahawatyny äşgär edýän giň möçberli sergiler we ýarmarkalar ýaýbaňlandyryldy. Meýdançalarda we seýilgählerde dürli öwüşginli gawunlardan döredilen şekiller gözüňi dokundyrýar. Olaryň ýanynda rejelenip goýlan garpyzlar we kädiler ýurdumyzda bakja önümlerine bolan hormat-sarpany alamatlandyrýar. Sahnalarda we açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançalarynda döredijiligiň dürli ugurlarynda çykyş edýän artistleriň, folklor toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlary baýramçylygyň bezegine öwrüldi.
Türkmen gawunynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralar ýekşenbe güni agşam Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň ýanynda guraldy. Bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilen önümleriniň giň gerimli sergisi guraldy. Onda tagamy boýunça deňi-taýy bolmadyk gawunlar esasy orny eýeleýär, baldan süýji gawunlary ýetişdiren ekerançylar olary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan paýtagtymyza getirdiler. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ylmynda bellige alnan gawunyň 1600 görnüşiniň 400 naýbaşy görnüşi türkmen topragynda ýetişdirilýär. Gawunlaryň şunun ýaly dürli görnüşleri bakjaçylaryň her bir täze nesli tarapyndan artdyrylýar, olar halk seçgiçileriniň, şeýle hem häzirkizaman ylmynyň tejribesine daýanyp, gawunyň täze görnüşlerini döredýärler.
“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ussat bakjaçysy” atly däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak türkmen gawunynyň baýramy mynasybetli guralan çäreleriň esasy dabarasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň iň gowy bakjaçylaryny hem-de seçgiji alymlaryny gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ähli bakjaçylaryň hem-de tutuş türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Kuwwatly atly mele ahalteke bedewi sowgat berildi.
Hepdäniň wakalary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 11-nji awgustda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu çäre uzakmöhletleýin sapara ýa-da dynç alşa gidýänler, şeýle hem haýsydyr bir sebäbe görä 21-nji awgustda geçirilýän saýlawlara gatnaşyp, mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilmeýän raýatlar üçin geçirilýär.
Ähli saýlaw okruglarynda bir kandidatyň ornuna birnäçe dalaşgärler görkezildi. Munuň özi saýlawlaryň bäsleşikli esasyny üpjün etdi. Dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagy-nesihat işleri, saýlawçylar bilen duşuşmak, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklara, maslahatlara gatnaşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň derejedäki mümkinçilikler döredildi.
Saýlanmak hukugyna ýurdumyzyň iň mynasyp we il içinde hormatlanýan raýatlary eýe bolup bilýärler. Halkyň saýlan adamlary türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine we onuň döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmagyna gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işleri alyp bararlar.
Ýurdumyzyň ekerançylyklary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük bugdaý ekişine işjeň taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligine daýhan birleşikleri, oba hojalyk kärhanalary, kärendeçiler we ýer eýeleri bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda welaýatlaryň häkiimlikleri bilen bilelikde ýurdumyzda 2017-nji ýylyň hasyly üçin galla ekiljek meýdanlary kesgitlemegi we hasylyň önümçiligini degişli möçberde üpjün etmegi tabşyrdy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilen gününe 24 ýyl doldy. Her ýylyň 11-nji awgustynda Serhetçileriniň gününiň bellenilmegi Watanymyzyň mukaddes künjeklerini, halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny ygtybarly goramak ýaly gahrymançylykly we asylly hünäriň wekillerine goýulýan hormat-sarpany aňladýar.
Şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda—10-njy awgustda Hazar deňziniň günorta-gündogar künjeginde “Hazar 2016” atly görkezme harby-taktiki tälim geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranyş güýçleriniň şahsy düzümleri, Döwlet serhet gullugynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we beýleki goşun düzümleriniň harby bölümleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan Türkmenistan “açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Goranyş häsiýetine eýe bolan ýurdumyzyň Harby doktrinasy hut şu maksatlara gulluk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygy esasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
Görkezme harby-taktiki tälimler milli Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatynyň we şahsy düzümiň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny, harby gullukçylaryň döwrebap harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändigini has aýdyňlygy bilen görkezdi.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkara abraýynyň, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn syýasatynyň anyk miwesidir. Bu ýerde, deňziň kenarynda kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, düzümleýin binalar yzygiderli gurulýar. Täze kottežleriň, maşgala bolup dynç alýanlar üçin toplumlaryň, sport we şüweleň merkezleriniň gurluşygy dowam edýär.
Häzirki döwürde “Awaza” hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň jemlenýän künjegine öwrüldi. Şý ýyl bu ýerde diňe bir watandaşlarymyz däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinden myhmanlar, şol sanda ukrain çagalarynyň topary uly höwes bilen dynç aldylar.
Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow ukrainaly mekdep okuwçylarynyň adyndan tomusky dynç alyş möwsüminde “Awazada” dynç almaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi:
“Biziň çagalarymyz türkmen topragynyň mährini, türkmen halkynyň myhmansöýerligini duýdular. Ukrainadan dynç almaga gelen çagalaryň her biri özlerine bildirilen mähirli gatnaşyklara tüýs ýürekden hoşaldyrlar. Olar üýtgeşik mähir bilen gurşaldy. Siz çagalaryň keseki däldigini iş ýüzünde subut etdiňiz. Türkmen topragynda biz özümizi keseki duýmandygymyzy ýene bir ýola tassyklamak isleýärin. Bu çagalar Türkmenistanyň mähirli dostlaryna öwrüldiler. Olaryň kalplarynda türkmen halkyna bolan çuňňur hoşallyk we söýgi orun aldy. Berk we ygtybarly dostluga bolan gyzyklanma, Siziň ýurduňyzyň bize ýetiren täsiri Türkmenistan bilen Ukrainanyň, şol bir wagtyň özünde tutuş dünýäniň çagalarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirdi”.
12-nji awgustda bolsa "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Her ýylda dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynyň wagyz edilmegine we onuň uly geljegine, şeýle hem ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine we giňeldilmegine, ählumumy durnukly ösüşiň döredilmegine gönükdirilen bu çäre her ýylda geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, baýramçylyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde guraldy. Onuň maksatnamasyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: Hazar deňziniň gurşawyny goramak ulgamynda gazanylanlar” ady bilen ylmy-amaly maslahat girizildi. Oňa Hazar deňzi bilen baglanyşykly iş alyp barýan tebigaty goraýyş düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň ekologlary, ýolbaşçylary, hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä bankynyň hem-de beýlekileriň wekilleri bar.
Türkmen türgenleri kikboksing boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Şonda ildeşlerimiz 10 medala, şol sanda 6 altyn we 4 kümüş medala mynasyp boldular. Ýaryşlara Aziýa yklymynyň birnäçe ýurtlaryndan kikboksçylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndysy toparlaýyn hasapda iň gowy diýlip yglan edildi. Bu ýaryşlar gündogar başa-baş söweşi boýunça sentýabr aýynyň başynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek dünýä oýunlaryna taýýarlyk üçin möhüm tapgyr bolar.
Mahlasy, geçen hepdäniň dowamynda bolan wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň, “açyk gapylar” syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň utgaşygyny has aýdyňlygy bilen görkezildi.