Ï Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili

view-icon 1584
Häzirki döwürde Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurduna — ýaş türkmenistanlylaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaş nesilleriň beden, paýhas, ruhy, ahlak taýdan hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalary terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okamagy, zähmete taýýarlanmagy, olarda kanunlara, taryhy hem-de milli däp-dessurlara hormat bilen garamak medeniýetini ösdürmäge borçludyrlar.

Ähli halkymyz, şol sanda körpeler üçin durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, has oňaýly şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şeýle hem bu syýasat jemgyýetçilik düzüminiň we şahsyýetiň kemala gelmeginiň başlangyjy bolan maşgala hemmetaraplaýyn goldaw bermegi baş ugur edinýär.

Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda çagalaryň döwrebap derejede okamaklaryna, dynç almaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär. Döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň, şeýle hem ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ähli zerur şertleri bolan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň gerimi giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ajaýyp tebigy künjekleri bolan Köpetdagyň salkyn saýaly dag derelerinde, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Ol ýerde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlaryndan çagalar gelip, dynç alyş möwsümini peýdaly geçirip bilýärler, gözýetimlerini giňeldýärler. Ak mermerli Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şäherçelerinde gurlan we gurulýan medeni-dynç alyş merkezleri, durmuşa geçirilýän köp sanly taslamalar gadymy türkmen topragynda bagtyýarlygyň höküm sürýändigini alamatlandyrýar.

Çagalar babatynda alnyp barylýan işler halkymyzyň buýsanjyny, watansöýüjilik duýgularyny artdyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çagalaryň bagtyýar durmuşy, olaryň degişli derejede terbiýelenmegi, döwrebap bilimi jemgyýetiň we döwletimiziň ösüşiniň kepilidir.

Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň, ýaş nesiller hakyndaky aladanyň öňe sürülmegi babatda BMG-niň umumy ýörelgelerine we esaslaryna ygrarlydygyny hemmetaraplaýyn goldaýar. Bu ýörelgeler BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynda berkidildi. Türkmenistan ony tassyklamak bilen, özüniň ýaş raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meseleleri boýunça ýokary döwlet jogapkärçiligini berkitdi.

Häzirki döwürde bu ýörelgeler eneligiň we çagalygyň durmuş kepilliklerinde we olaryň hukuklarynyň goralmagynda, çagalaryň saglygyny goramagyň ählumumy ulgamyny döretmäge, olaryň ukyplarynyň ösmegi üçin deň mümkinçilikleri üpjün edýän sazlaşykly terbiýe we bilim berilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerde öz beýanyny tapýar.

Çagalaryň hukugyny goramak milli kanunçylygyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanda “Çagalaryň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Kanun hereket edýär. Onuň esasynda ýurdumyzda halkara hukuknamalaryň talaplaryna laýyklykda, durmuş we demokratik ýagdaýlaryň ösüşi üpjün edilýär. Çaganyň hukugynyň goralmagy ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň özenini düzýär. Çagalar üçin amatly şertleriň döredilmegi abadan we gülläp ösýän jemgyýetiň esasy ýörelgesi bolup durýar.

Kanun çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hatarynda sagdyn durmuş gurşawyna, oňat terbiýä, çagalaryň agyr işe çekilmezligine döwlet kepilligini üpjün edýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, çaga zähmetini ulanmak, şol sanda oba hojalyk işlerine çagalary çekmek berk gadagan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli häkimiýetlerden we welaýatlaryň ýolbaşçylaryndan möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilýän wagty çagalaryň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini döwlet derejesinde talap edýär.

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça ýurdumyzda hereket edýän Pudagara toparyň mejlislerinde Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça hukuk ulgamyny ösdürmek boýunça baş maksatnamasynda kabul edilen çözgüdiň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli garalýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda ene-atasyz galan çagalar hakyndaky aladany döwlet öz üstüne aldy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda olara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawyň we ýeňillikleriň berilýändigi bellenilendir. Ene-atasyz galan çagalaryň biziň ýurdumyzda uly agzybir maşgalada bolmaklary, özlerini jemgyýet üçin gerekli duýmaklary babatda zerur şertler üpjün edilýär.

Munuň özi ilatyň bu gatlagyna durmuş taýdan goldaw bermek çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň asylly ruhy ýörelgeleriniň we milli ahlagyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu ynsanperwerlik ýörelgesi çaganyň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek babatda hukuk kepillikleriniň toplumyny öz içine alýar. Şeýle hem ol ýetim çagalaryň durmuş ulgamyna doly derejede goşulmagyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýýarlygynyň, olarda jemgyýet ähmiýetli döredijilik işjeňliginiň ösdürilmegine, ýokary ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen ykdysady we durmuş çäreleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, ähli mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň sazlaşykly ösmegi, olaryň döwrebap dynç almaklary we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin oňyn şertler döredilýär. Çagalar baglarynda döredijilik studiýalary, sport zallary, ilkinji kompýuter sowadyny öwredýän we daşary ýurt dillerini öwrenmäge niýetlenen lingafon otaglary ýokary derejede enjamlaşdyrylýar.

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, oňa ilatyň, aýratyn-da, körpeleriň giňden çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň çagalar hakdaky aladasynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giňeýär, halkara sport çärelerinde Türkmenistanyň abraýyny goraýan ýaş türgenleriň sany artýar. Ähli welaýatlarda stadionlary, suw we beýleki sport toplumlaryny gurmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Orta Aziýada iň iri Olimpiýa şäherjigi ýakyn wagtda Aşgabatda ozal bar bolan sport toplumlarynyň üstüni ýetirer.

Döwlet Baştutanymyz maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýmakda, çagalaryň ösüşine örän ünsli çemeleşmekde özüniň şahsy göreldesi bilen nusga bolýar. Hormatly Prezidentimize çuňňur hormaty bolan ýurdumyzyň çagalary milli Liderimize mähirli, paýhasly, ruhuňy götermäge ukyply, sözi we işi bilen kömek berýän dost hökmünde garaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň çagalara aýdýan sözleri hemişe uly umytlar, buýsanç we Watanymyzyň bagtyýar geljegine bolan pugta ynam bilen utgaşýar. Ýurduň geljegi bolsa häzirki döwrüň oglanlarynyň we gyzlarynyň elinde.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp barýan ýaş nesillere ak ýol arzuw etmek bilen, çagalary öňi bilen Watanymyzy söýmäge, ululara hormat goýmaga, pederlerimiziň ruhy ýörelgelerini we halkymyzyň köpasyrlyk däplerini, onuň mirasyny, ýeten derejesini aýawly goramaga, netijede bolsa sözüň doly manysynda hakyky watansöýüji bolmaga çagyrýar...

Bagtyýar çagalar — olar biziň ertirki güne ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhratymyzdyr. Ýüzlerinde bagt we şatlyk alamatlary uçganaklaýan çagalar Watanymyzyň şu gününiň buýsanjydyr we röwşen geljeginiň eýesidir.