Ï Hepdäniň wakalary: bagtyýarlyk döwrüniň nyşanlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: bagtyýarlyk döwrüniň nyşanlary

view-icon 1451
Şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy ýakynlaşdygyça, Watanymyzyň şöhratly senesine bagyşlanyp, täze desgalaryň, açylyş dabaralary baradaky täzelikler şonça-da köp peýda bolýar. Olar umumylykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikleriniň we gazananlarynyň giň gerimini göz öňünde janlandyrýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň çäklerinde Ak bugdaý etrabynda täze gurlan Bereketli zaman şäherçesiniň açylmagy mynasybetli dabaralar bolup geçdi.

Mälim bolşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag düzümlerini, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, telekeçiligi, oba hojalygyny ösdürmek, sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň hereketlendirijisi, olaryň innowasion kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy hökmünde täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak bu maksatnamanyň esasy ugurlarydyr.

Üç ýylyň içinde Ak bugdaý etrabynda giň köçeleri we ýanýodalary, zerur düzümi bolan döwrebap binalaryň tutuş toplumy peýda boldy. Bu ýerde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-si, çagalar bagy we umumy bilim berýän orta mekdep, saglyk öýi, medeniýet öýi we hyzmat ediş öýi, bazarly söwda merkezi, şeýle hem çörek önümlerini we alkogolsyz içgileri öndürýän kärhana, azyk harytlarynyň dükany, aragatnaşyk bölümi, “Toý mekany” we metjit guruldy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumyny gözden geçirip, öýleriň birine baryp gördi we onuň eýeleri bilen gürrüňdeş boldy. Uly we agzybir türkmen maşgalasynyň agzalary öz ykballarynda şatlyk, buýsanç we bagtyýarlyk bagyşlan häzirki eýýamdaky ýaly ruhubelentligi henize çenli duýmandyklary barada milli Liderimize gürrüň berdiler. Çagalar bolsa öz zehinlerini görkezmäge howlukdylar — Watanymyza hem-de döwlet Baştutanymyza bagyşlanylan goşgulary tüýs ýürekden aýdyp berdiler.

Täze öýe göçüp gelenlere, hormatly ýaşululara ýüzlenmek bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň mundan beýläk-de sebitleriň durmuş-ykdysady düzümlerini has-da döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygy adamlaryň durmuşyny oňaýly guramak üçin hemme şertleriň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýän döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugry bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Garaşsyz Türkmenistan senagat taýdan ösüş ýoluna eýerip, ýokary ykdysady ösüşiň nusgasyny, serişde kuwwatyny hem-de ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna okgunly ýakynlaşýan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiligini bütin dünýä görkezýär. Muňa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň we ynsanperwer özara gatnaşyklaryň köp ugurlarynda Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň öňdebaryjy döwletleri bilen işjeň ösdürilýän ýygjam we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary subutnamadyr.

Geçen hepdede Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistana bolan iş sapary hem däp bolan işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine özara gyzyklanmalaryň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Bu waka ajaýyp döredijilik çäresi—Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky günleriniň açylmagy bilen alamatlandy. Bu çäre türkmen-tatar dostlugynyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna hem-de netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşanda öwrüldi.

Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow özara gatnaşyklaryň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, munuň üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler bilen baglanyşykly oňaýly geljek açylýar. Şol özgertmeler milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, degişli düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga, bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini çykarmaga niýetlenen ýokary tehnologiýaly täze önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan pudaklarynyň hatarynda, şeýle hem ýangyç-energetika ulgamy, senagat toplumy, oba hojalygy, ýokary ylmy-tehnologiýalar ulgamy agzaldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara peýdaly aragatnaşyklary berkitmek we giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň saparyna gabatlanyp, türkmen-tatar işewürler maslahaty geçirildi. Ol işewür we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary höweslendirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Foruma gatnaşmak üçin Tatarystanyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Onuň düzümine hökümet düzümleriniň, pudaklaýyn ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we täjirçilik däl guramalaryň, ykdysady işleriň dürli pudaklarynda ýöriteleşýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri girdiler.

Maslahatyň çäklerinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda 2017—2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy düzümleriniň wekilleriniň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary bellenildi.

Synymyzy dowam etmek bilen, 13-nji oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirendigini bellemek gerek. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, degişli Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Aziada—2017-ni wagyz etmek we beýan etmek meselesine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz halkara sport hereketini has-da ösdürmäge ähmiýetli goşant goşjak, dünýä giňişliginde milli sportuň abraýyny artdyrmakda möhüm orun eýelejek Aziada—2017-ä taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

26-27-nji noýabrda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyna görülýän taýýarlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 14-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bellenilişi ýaly, foruma dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler, onlarça halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşarlar. Maslahatyň gün tertibine ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, onuň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi. Maslahatyň çäklerinde birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna, şeýle hem jemleýji resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine aýratyn üns berdi. Onuň öňüsyrasynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahaty geçiriler. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, jemgyýetçilik ulagynda ýolagçylary gatnatmak işlerini kämilleşdirmek, ýurdumyzda elektron we elektrotehniki pudagyny döretmek, güýzlük däne ekişini we pagta ýygymyny öz wagtynda tamamlamak bilen bagly meselelere garaldy.

Geçen hepdede Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň we Magdanly şäheriniň, şeýle hem Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň pagtaçylarynyň ýurdumyzda ilkinjiler bolup pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi hakynda habar berendigini aýtmak gerek.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Karara gol çekip, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017—2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýene-de bir kitabyny — «Türkmenistan» atly eserini ýazyp gutarandygyny aýtdy. Bu eserde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň dowamynda mähriban halkymyz tarapyndan bitirilen asyrlara barabar işler barada gürrüň berilýändigini, bu kitabyň 21-nji oktýabrda geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara gowşuryljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilen ykdysady üstünlikleriň sergisi Watanymyzyň täze belentliklere we sepgitlere tarap ynamly barýandygyny doly aýdyňlygy bilen görkezdi. Ykdysadyýetiň döwlet ulgamynyň düzümleýin bölümleri, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika we maşyn gurluşygy, gurluşyk we gurluşyk serişdeler senagaty, ulag we aragatnaşyk, oba senagat toplumy, azyk senagaty we söwda, şeýle hem ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynyň edaralary Watanymyzyň kuwwatyny artdyrýan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan möhüm durmuş ugurly maksatnamalaryň we iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän öz uly üstünliklerini görkezdiler.

Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenistany senagatlaşdyrmak wezipelerini çözmekde ähmiýetli hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Bu gün olar dürli pudaklarda özlerine ynanylan uly möçberli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirip, iň häzirki zaman tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda ýokary hilli hem-de bäsleşige ukyply önümleri öndürmek bilen azyk bolçulygyny üpjün edip, döwletimiziň jogapkär hyzmatdaşlary bolup durýarlar.

Ýurdumyzyň Mejlisiniň nobatdaky, on altynjy maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Döwlet Baştutanynyň saýlawlary ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler hem-de türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleri has-da ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna girer. Şeýle hem deputatlar täze kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny — “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda”, “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda”, “Türkmenistanyň Suw kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýlekileri makulladylar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistanyň ykdysady özgertmeleri durnukly ösüşiň binýadydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşmagy boýunça hereketleriň meýilnamasynyň 3-nji tapgyryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Hususan-da, gürrüň durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ösüşe, milli wezipelere hem-de görkezijilere, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017—2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasynda öz beýanyny tapjak wezipelere baha bermegiň ulgamyny işläp taýýarlamak barada bardy.

Lebap welaýatynyň merkezinde 5-nji döwlet mekdep internatynda gurlan ýyladyşhana toplumynyň açylmagy mynasybetli dabara boldy.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde asylly däbe görä, ýurdumyzyň baş baýramyna—Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan ýaş aýdymçy çeper höwesjeňleriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Şeýlelikde, dürli öwüşginli wakalara beslenen geçen hepde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iş depginlerini we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede şöhlelendirdi. Ol taryhyň baýlygyna öwrülip, ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ynamly gadamlarynyň täze subutnamalaryny äşgär etdi.