Ï Hepdäniň wakalary: ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň döredijilik ruhy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň döredijilik ruhy

view-icon 1781
Geçen hepde Aşgabatda gurlan täze binalaryň açylyş dabaralary Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga taýýarlanýan Watanymyzyň täze taryhynyň ýene bir röwşen sahypasyny ýazdy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy bilen bagtyýar geljegine barýan Türkmenistanyň üstünlikleriniň we ýeten belent sepgitleriniň nobatdaky, ýene bir ajaýyp mysaly boldy.

Sebitiň iri işewürlik we medeni, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi bolan, ak mermere beslenen Türkmenistanyň paýtagty batly depginler bilen ösýän häzirki zaman şäheriniň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýär. Paýtagtymyzda gözellik bilen hemmetaraplaýyn oňaýlylyk, binagärligiň iň soňky gazananlary, inžener-tehniki pikirlenmeler hem-de milli öý gurmagyň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar. Öz geriminiň ululygy, kaşaňlygy hem-de hem-de durmuş taýdan oýlanyşyklylygy bilen köpsanly daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýan täze binalaryň gurluşygy dowam edýär.

Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan hem-de Garaşsyzlyk şaýollarynyň we Oguzhan hem-de G. Ezizow köçeleriniň arasynda gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Bu binalaryň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde öýleriň jemi 1320-sini özünde jemleýän, 12 gatly ýokary amatlykly jaýlaryň 23-si guruldy. Olaryň birinji gatynda senagat we azyk harytlary dükanlary, şeýle hem täze jaýlaryň ýaşaýjylary üçin 160 orunlyk çagalar bagy guruldy. Munuň bilen birlikde, desgalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Şol ýerlerde çagalaryň oýun meýdançasy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar hem-de awtoulag duralgasy guruldy. Gül toplumlary, gök otlar ekildi, oturgyçlar, köçeleri ýagtylandyrýan yşyklandyryjylar oturdyldy.

Ýurdumyzyň käbir ministrlikleri we pudak edaralary— Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Senagat, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba we suw hojalygy, Binagärlik we gurluşyk, şeýle hem Merkezi bank, «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni, Söwda-senagat edarasy, Döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat şäheriniň häkimligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy, Döwlet haryt çig-mal biržasy täze gurluşyklaryň 13-siniň buýrujylary bolup çykyş etdiler. Jaýlaryň ýene 10-sy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça olaryň öz serişdeleriniň hasabyna guruldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen hepdäniň ähmiýetli wakalarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda iri ýaşaýyş toplumynyň, Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze köpriniň ulanylmaga berilmegi bar.

Şol wagt ýaş çatynjalaryň toýy bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Köpriniň üstünde olaryň dogan-garyndaşlaryndan we köp sanly myhmanlardan, bagşy-sazandalardan ybarat bolan ak reňkli awtoulaglardan düzülen gelnaljynyň peýda bolmagy türkmen toýuna mahsus bolan ähli alamatlary, şatlyk-şowhuny, aýdymdyr sazlary we tanslary özünde jemleýän uly baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Ýaş çatynjalar Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň täze ýaşaýjylary. Gurluşygyň III tapgyrynyň çäklerinde 508 hojalyk üçin bir we iki gatly jaýlaryň 443-si, 240 orunlyk iki sany çagalar bagy, hersi 800 okuwçy üçin niýetlenen iki sany umumybilim berýän mekdep, azyk we senagat harytlary dükanlary guruldy.

«Gurmak we döretmek!»- bu sözler mähriban halkymyzy we ýurdumyzy täze belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şygary bolup ýaňlanýar.

Şunda öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmak, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugur bolup durýar. Halkara ölçeglere laýyk gelýän hem-de şäherleriň we obalaryň doly derejeli durmuşyny üpjün edýän döwrebap inžener-tehniki düzümi döretmek möhüm meseledir. Energiýa üpjünçiligi bu düzümiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezi ulanylmaga berildi. Bu merkez paýtagtymyzyň energiýa ulgamynyň kadaly işleýşine gözegçilik etmegi, elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga, zerur bolan halatynda elektrik enjamlaryny abatlamak işlerini sazlaşdyrmaga, degişli energetika desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün eder.

Bu taslamanyň täzeçilligini we ýokary netijeliligini halkara şahadatnamalary, şol sanda ABŞ-nyň «Trust» ekologiýa howpsuzlyk guramasynyň «Daşky gurşawa amatly täsir edýän taslama üçin», Lihtenşteýn uniwersitetiniň «Ygtybarly we üznüksiz energiýa üpjünçiligi üçin», Awstriýanyň energetika institutynyň «Energetika netijeliligi üçin», Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň

«Energetika durnuklylygy üçin» şahadatnamalarynyň gowşurylmagy hem tassyklaýar. Ýene bir desga möhüm energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri bolan «General Elektrik» kompaniýasynyň okuw merkezi edara binasy bolup durýar. Onuň düzüminde tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan okuw merkezi bar.

Bu ýerde otaglaryň birinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu energetika taslamasyna gatnaşyjylar hem-de hökümet agzalary bilen iş duşuşygyny geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň artýan eksport mümkinçiliklerini nazara almak bilen, pudagy 2013—2020-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, halkara energiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň 21-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we ýakyn geljek üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,2 göterime deň boldy. Senagat, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwdada, oba hojalygynda, hyzmatlar ulgamynda, bölek haryt söwdasynda oňyn ösüş gazanyldy. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberi 3,4 artdy, şol sanda elektrik energiýasynyň, nebit bitumynyň, mineral dökünleriň, örme matalaryň, çörek-bulka we süýji-köke önümleriniň, unuň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök, bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän möçberi ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek wezipesini ýerine ýetirmek maksady bilen, döwrebap senagat düzüminiň, iri gaýtadan işleýän önümçiligiň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini we eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugunda zerur işler alnyp barylýar. Täze kärhanalaryň gurluşygyna we ozal hereket edýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Şeýlelikde, geçen dokuz aýyň dowamynda ýurdumyzda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 122-si gurlup, ulanmaga berildi. Mundan başga-da, häzirki döwürde umumy bahasy ABŞ-nyň 53 milliard dollaryndan gowrak bolan dürli maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler oňat netijesini berip başlady. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ýygnaldy. Daýhanlar pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy.

Şu ýyl ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Halkymyzyň köpüsi Konstitusiýanyň özgerdilmegi baradaky teklipleri hemmetaraplaýyn goldadylar. Döwletimiziň ählumumy goldawa mynasyp bolýan syýasaty demokratiýanyň ýolunda bedew bady bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilýär.

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlyk ösüş ýoly ilatyň durmuş üpjünçiligini ýola goýan, demokratik institutlaryň ösen ulgamyny özünde jemleýän, kanunçylyga esaslanýan hukuk döwletiniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuny tassyklaýan, iň esasy bolsa sazlaşykly ösýän ýurt hökmünde bellidir.

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan çärýek asyryň dowamynda düýpli oýlanyşykly daşary syýasaty yzygiderli alyp barýar. Onuň netijesinde döwletimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýan, deňhukukly we jogapkärli hyzmatdaş ýurt hökmünde dünýä giňişliginde giňden ykrar edildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, munuň bahasyz gymmatlydygyny, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidigini we baş maksadydygyny belledi. Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň parahat, asuda, abadan we gülläp ösýän durmuşyny üpjün edýär hem-de garaşsyzlygyň netijeli maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly kepili bolup durýar.

Milli Liderimiz geçen döwürde azyk garaşsyzlygynyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň, döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş ulgamynyň häzirki zaman wezipelerine laýyk gelýän guramalarynyň döredilmeginiň, döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň işiniň demokratizasiýalaşmagyň yzygiderli alnyp barylmagynyň, halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň berkidilmeginiň geçen döwürde ýetilen esasy sepgitlerdigini nygtady.

Özygtyýarly, Bitarap ýurdumyzda döwletiň, her bir adamyň, tutuş halkyň we jemgyýetiň öňünde Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ýaly ýeke-täk beýik maksat dur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz “Men geçen taryhy ýolumyza buýsanýaryn” diýip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna ajaýyp, şanly sahypalaryň ýazyljakdygyny, şeýle şöhratly pursatlara türkmen halkynyň buýsanjakdygyny nygtady. Biziň häzirki alyp barýan işlerimiz, üstünliklerimiz we ýeten derejämiz geljek nesilleriň edermen halkymyza, özygtyýarly Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz yhlasly zähmetleri bilen Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge goşant goşan watandaşlarymyzyň birnäçesini ordenler we medallar bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Sylag berlenleriň hatarynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazow we beýleki ýolbaşçylar, ýurdumyzyň raýatlary bar.

Rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanyp, döwlet Baştutanymyz “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilen raýatlary mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatdy.

Hepdäniň wakalary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli has tapawutlanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserler ýygyndysynyň täze 9-njy jildi çapdan çykdy. “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitaba döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň dowamynda eden maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, söhbetdeşlikleri, ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi. Onda jemi ýüz iş öz ornuny tapdy. Täze ýygyndynyň aýratynlygy onda ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkymyzyň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen umumymilli, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine doly we anyk syn berilýändiginden ybaratdyr.

Mähriban Watanymyzyň ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň hümmeti 100 manat bolan altyn we kümüş teňňeleri, şeýle hem bu teňňeleriň toplumyny çykardy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýanyň belli “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen bolan duşuşygynyň dowamynda işewür hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak we durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary nazara almak bilen, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Aşgabatda ýolçularyň Hökümetara geňeşi bilen ulag we ýol hojalygy işgärleriň kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara birleşmesiniň ХХХVIII mejlisi geçirildi. Oňa GDA ýurtlarynyň ministrlikleriniň we ýol edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, Geňeşiň assosirlenen agzalary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň hünärmenleri, şeýle hem bu ugurda işleýän bilermenler gatnaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi, onda GDA-nyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ýol-ulag pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary, bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi öz beýanyny tapdy.

Hytaýyň iri işewür merkezleriniň biri bolan Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň IV forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Belarusuň we Azerbaýjanyň wekilleri bolsa maslahata synçy hökmünde gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebitde oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşy hökmünde görkezildi. Bu hyzmatdaşlyk Hytaý bilen ikitaraplaýyn bolşy ýaly, deňhukuklylyk we özara peýdalylyk we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek we döwletara gatnaşyklary köpugurly esasda giňeltmek ýörelgelerine daýanýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň dürli görnüşdäki wakalara baý bolandygyny, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sazlaşykly ösüşiniň we döredijilik mümkinçilikleriniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň täzeçillik häsiýetiniň öz beýanyny tapandygyny bellemeli. Ol taryhyň ýeten sepgitleri bolmak bilen. ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny dolulygyna äşgär etdi.