Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

view-icon 951
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýükleri daşamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 100 sany açyk görnüşli wagonlary zawod şertlerinde sement daşaýan ýük wagonlaryna öwrüp, olaryň ulanyş möhletini uzaltmak barada Özbegistan Respublikasynyň “Andižan mehanika zawody” kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine düzüminde 24 göterim fosfor bolan 30 000 tonna suprefos dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak we döwrebap tehnikalar we gurallar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.