Diplomatiýa ýokary okuw mekdebiniň täze düzümi döwlet baştutanynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Gün tertibini durmuşa geçirmek Kararyna laýyklykda, şeýle hem degişli ylmy-usulýet işini geçirmek maksatlary üçin döredildi.
2017-2018-nji okuw ýylynyň ilkinji güni bolan Merkeziň açylyş dabarasyna Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Ykdysady ösüş ministrliginiň strategiki meýilleşdiriş we ykdysady ösüş Institutynyň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Dabaranyň öüsyrasynda BMG-nyň ýurdumyzda ýerleşýän agentlikleriniň taýýarlan tematiki makalalarynyň sergisi boldy.
Mejlisiň dowamynda durnukly ösüş maksatlary boýynça Ylmy-usulýet merkeziniň öz işinde Türkmenistanyň kanunlaryndan we halkara borçlaryndan ugur aljakdygy nygtaldy.
Merkeziň işi Döwlet gullugy akademiýasy, Milli bilim instituty, ýokary okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary, BMG-nyň gurluşlary, şeýle hem degişli halkara edaralary bilen hyzmatdaşlykda gurnalar.
Täze gurluşyň ileri tutulýan wezipeleriniň arasynda sebit we ählumumy derejelerde durnukly ösüşiň konsepsiýasyny kabul etmek; milli sertlere uýgunlaşdyrylan DÖM-nyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem talyplara we gullukçylara niýetlenen bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda gün tertibini ilerletmek ýaly işler bar.
Mälim bolşy, biziň ýurdumyz 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamalaryny düzmäge we taýýarlamaga işjeň gatnaşdy. Türkmenistan DÖM-nyň bentleriniň 17-siniň we ondan gelip çykýan wezipeleriň 148-siniň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça görkezijileriň 193-siniň ählisini resmi taýdan kabul eden BMG- a agza döwletleriň ilkinjileriniň biridir. Ählumumy ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän täze geosyýasy we geoykdysady giňişligi döretmek boýunça başlangyçlary teklip edýän Türkmenistanyň birnäçe gezek BMG-nyň Baş Assambleýasyna wise-başlyklyga saýlanmagy ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarylygna şaýatlyk edýär.
Merkeziň diňleýjileri- diplomatiýa ýokary okuw mekdebiniň talyplary dürli okuw dersleriniň çäklerinde durnukly ösüşiň ugurlaryny öwrenýärler, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat başlangyçlaryna bagyşlanan ýyllyk we diplom işlerini ýazýarlar. Institutda ulag we energetika diplomatiýasy, durnukly ösüş boýunça ýurdumyzyň halkara başlangyçlary ýaly wajyp mowzuklar boýunça ýörüte sapaklar geçilýär.
ÝuNISEF-iň Türkmenistandaky ýolbaşçysy Şahin Niloferiň Merkeziň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly , DÖM-nyň Ylmy-usulýet merkezi 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň milli derejede gurmuşa geçirilmegini, şeýle hem durnuklu ösüş boýunça milli borçlary goldar. Ol, gürrüňsiz, hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak boýunça binýat bolar.
HGI-nyň ýolbaşçylary BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň ýardam bermeginde şu kysmy merkezleriň iş tejribesini öwrenmegi göz öňünde tutýarlar.
Okatmagyň multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim serişdeleri merkeziniň milli, sebit we ählumumy derejelerde DÖM-yny ornaşdyrmak boýunça zerur maglumatlary almaga ýardam etjekdigini bellemek gerek. Merkeziň işläp başlan ilkinji güni bu ýerde talyplar üçin tanyşdyrylyş sapagy geçirildi.