Özbegistan 1-nji sentýabrda garaşsyzlyk güni belleýär. Baýram senesi mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow imterwýu berdi:
-Bu gün özbek halky öz häzirkizaman taryhynda şanly senäni- Garaşsyzlyk gününi belleýär.Şu ýyllarda Özbegistan durnukly depginde ösýän öz çäklerini, halkyň parahat we asuda durmuşyny goramaga ukyply öz güýjüne hem-de mümkinçiliklerine daýanýan, döwrebap we özygtyýarly döwlet hökmünde kemala geldi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ilkinji Prezidenti I.A. Karimowyň baştutanlygynda häzirki özbek döwletiniň berk binýady tutuldy, güýçli raýatlyk jemgyýetiniň döwlet edaralary kemala gedi, ýokary tehnologik önümleri öndürmäge gönükdirilen, diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysadyýet gurnaldy.
Ş.M. Miziýoýew Özbegistan Respublikasynyň Prezidentligine saýlanandan soň özbek halkynyň döredijilikli gujur-gaýratyna esaslanýan Özbegistanyň täze ösüş we abadançylyk eýýämy geldi. Respublikanyň baştutany wezipesine geçen ilkinji günlerinden başlap, Prezident Ş.M. Mirziýoýew adamyň we raýatyň bähbidini döwlet gurluşgynyň iň ýokary bähbidi diýip yglan etdi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2017-nji ýyl „Halk bilen häkimiýetiň aragatnaşyklary we adam bähbitleriniň ýyly“ diýlip yglan edildi. Häkimiýet bilen halkyň arasyndaky işjeň aragatnaşyklar umumy maksatlara we wezipelere ýetmekde özbek halkyny döredilik mümkinçiligini jemledi, şeýle hem 2017-2021-nji ýyllara Özbegistanyň Ösüşiniň strategiýasyny işläp taýýarlamakda çelgi bolup hyzmat etdi.
Diňe bäş ýylyň dowamynda strategiýanyň çäklerinde umumy bahasy 40 milliard dolara barabar maýa goýum taslamalarynyň 657-sini durmuşa geçirmek we senagat önümçiligini 1,5 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurduň IJÖ-niň möçberi iki esseden gowrak artdyrylar, ykdysadyýetiň düzüminde senagatyň paýy 40 göterime ýetiriler.
Ykdysadyýeti ösdürmek we liberallaşdyrmak maksady bilen ýurduň Prezidenti tarapyndan eýýäm 20-den gowrak kadalaşdyryjy namalar kabul edildi, kanunlara üýtgetmelr girizildi, telekeçilik düzümlerini goldamak boýunça zerur şertler döredildi. Hususan-da, döwlet baştutanynyň başlangyjy bilen kiçi telekeçiligi ösdürmegiň Ätiýaçlyk gaznasy we telekçilik düzümleriniň hukularyny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça Prezidentiň ýanynda ygytýarly wekil döwlet edarasy döredildi.2016-njy ýylyň jemi boýunça IJÖ-nde kiçi telekeçiligiň paýy 56,9 göterim boldy. Ykdysadyýetiň bu pudagynda işe ukyply ilatyň 77,9 göterimi işleýär. Bütindünýä banky 2016-njy ýylda Özbegistany telekeçilik işini alyp barmak ulgamyndan möhüm özgertmeleri amala aşyrýan dünýä döwletleriniň onlugyna girizdi. «Focus Economics»-yň ylmy-barlaglarynyň netijesinde Özbeistan 2016-njy ýylda IJÖ ösüş depgini boýunça 127 ýurduň arasynda dünýäde 7-nji orna çykdy.
Daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň gelmegi üçin amatly şertleri kemala getirmek, daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümçiligi ösdürmek maksady bilen ýurduň sebitlerinde erkin ykdysady zolaklar (EYZ) döredilýär. Öz içeri we daşary ileri tutlýan strategik syýasy ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin Özbegistanyň goňşularynyň we hyzmatdaşlarynyň, ilkiji nobatda Türkmenistanyň işjeň goldawyna daýanýadygyny bellemek gerek. Özbek-türkemn gatnaşyklary däp bolşy ýaly dostlukly we hoşmeýilli goňşuçylyk häsiýetlidir. Biziň ýurtlarymyzyň sebit we halkara meseleleriniň gün tertibi boýunça garaýyşlary meňzeşdir we ýakyndyr, olar halkara guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny ilerletmekde özara goldaw berýärler.
Biz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Gurbangulyýewiň özbek halkyna bildiren dostlukly goldawyny we hormat-sarpasyny kanagatlanma bilen ýatda saklaýarys. Onuň Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti I.A. Karimowyň ýagty ýadygärliginiň hatyrayna aýdan sözleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde çuňňur orun tutdy. Türkmen lideriniň başlangyjy bilen Türkmenabat şäherinde I. A. Karimowa dünýäde ilkinji ýädygärlik goýuldy.
Şu jähtden Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň ikinji döwlet saparynyň Türkmenistana bolmagy kanunalaýykdyr. Geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama, şeýle hem ikitarplaýyn resminamalaryň saldamly tapgyryna gol çekildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti G.M. Berdimuhamedowyň arasynda emele gelen ynanşykly we dostlukly gatnaşyklar netijesinde häzirki döwürde ähli ugurlarda özbek-türkmen gatnaşyklary işjeňleşýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ikinji iş sapary boldy.Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilýetleriniň 50-ä golaýy dürli saparlar bilen biziň ýurtlarymyzda boldular.
Uzak ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek Özbegistanyň we Türkmenistanyň baştutanlaryna özbek-türkmen özara hereketiniň ähli ugurlaryny iş ýüzünde sazlaşdyrmak, bar bolan mümkinçilikleri herekete getirmek we hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen doldurmak başardanlygy ikitarplaýyn hyzmatdaşlygyň tapawutly tarapydyr. Bu oňyn ugur özara hereketiň ähli pudaklaryna göze ilýär.
Mysal üçin, söwdany alyp göreliň. Indi biz kim kime näçe zat satýar ölçegden pikirlenmegi we hereket etmegi goýduk. Indi biz birek-birek bilen bäsleşmekden däl-de, mümkinçiliklerimizi we ýagdaýymyzy bilelikde artdrmakdan, uly sebit we halkara bazarlaryna çykmak üçin bilelikde işlemekden ugur alýarys.
Bu bize näme berýär? Ol bize Özbegistana we Türkmenistana bilelikde uly möçberli bazary kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Özbegistan bilen Türkmenistan bilelikde dünýäde ýetişdirikýän pagtanyň 15 göterimden 20 göterimine çenli (Özbegistan 3 million, Türkmenistan 1 million tonnadan gowragyny) öndürýärler. Iki ýurda hem oba hojalyk we pagta ýygyjy tehnikalar gerek. Olary bilelikde çykarmak arkaly biz öz önüm öndürijilerimize haryt ýerleşdirmäniň ilkinji bazaryny döredýäris. Bu bazar doldygyça we önüm öndürijilerimiz tejribe topladygyça olar dünýä bazarlarynda öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny öndürijiler bilen bäsleşmäge ukyply bolarlar.
Bu nebit-gaz pudagy babatda-da şeýle. Häzirki wagtda Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Hazar deňziniň ýalpagynyň uglewodord ýataklaryny bilelikde işlemek barada ylalaşyklary bar. Ol Özbegistan we Türkmenistan üçin işiň täze ugrydyr. Bu ýerde bilelikde toplanylan tejribe biziň nebit öndürijilerimize geljekde has giňişleýin sebit we halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.
Özbegistanyň Buhara we Horezm oblastlary bilen Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekilmegi Özbegistan we Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry boldy. Oblastlaryň derejesinde özara saparlar netijesinde häzirki wagtda biziň sebitlerimiz dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň üstünde işleýärler. Hususan-da, biziň ekerançylarymyz türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Özbegistanda inçe süýümli pagtany ýetişdirmegiň usulyny we tejribesini kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler, baglary çalt ösdürmek, gök-miwe önümlerini gaýtadan işlemek we ony bilelikde daşary ýurtlara ibermek babatda tejribe alyşýarlar. Gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy mundan beýlägem ösdürmegiň „tapgyrlaýyn meýilnamasy“ kabul edildi. Pudagara, sebitara bileleşigi çuňlaşdyrmak we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek boýunça iş alnyp barylýar.
Ýakyn goňşylar we doganlyk halklar hökmünde biz özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde özbeklere we türkmenlere mahsus „goňşyň öýi parahat hem abadan bolsa, seniň öýüňde hem parahatçylyk we rysgal-döwlet boldugydyr“ –diýen pähiminden ugur alýarys. Biziň amala aşyrýan bilelikdäki taslamalarymyz syýasy gatnaşyklarymyzy has-da berkitmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, başlangyçlarymyzy bilelikde goldamaga we mümkinçiliklerimizi durmuşa geçirmäge şert döredýär. Bu bolsa, sebit derejesinde-de, halkara derejesinde-de bilelikde biziň her birimizi aýry-aýrylykda has güýçli we işimizi şowly edýär.