Ï Türkmenistan-Gyrgyzystan: doganlyk iki halkyň bähbidine hyzmatdaşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Gyrgyzystan: doganlyk iki halkyň bähbidine hyzmatdaşyk

view-icon 1218
31-nji awgustda Gyrgyzystan Respublikasy garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny belleýär. Gyrgyzystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žanyş Rustenbekow şu şanly sene mynasybetli beren interwýusynda türkmen-gyrgyz özara hereketiniň geljegi barada pikirini aýtdy:

-Täze döwlet döretmek ýolundaky kynçylyklara garamazdan, garaşsyz Gyrgyzystan syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşde belli bir üstünlik gazandy. Respublikanyň gazananan aýratyn üstünlikleriniň biri-de--jemgyýetiň demokratizasiýalaşmagydyr. 2015-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Žokorku Keneşine ( Parlamentine) saýlawçylaryň biometrik maglumatlary, elektron sanawlary we urnalary awtomatiki usulda sanaýan usuly esasynda innowasion tehnologiýalar ulanylyp geçirilen saýlawlaryna dünýä bileleşigi tarapyndan oňyn baha berildi we jemgyýetiň demokratizasiýalaşmagynyň subutnamasy boldy. Häzirki wagtda ýurdumyz şu ýylyň 15-nji oktýabrynda geçiriljek Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň taýýarlanýar.

Beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan Gyrgyzystan Respublikasy dünýä bileleşiginde özüne mynasyp orun eýeleýär. Türkmenistan bilen aýratyn ýakyn we doganlyk gatnaşyklar ýola goýuldy, bu doganlyk ýurt bilen hyzmatdaşlyk ýürekdeş dostluk we özara hormat ruhunda, şeýle hem taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy esasynda ösdürilýär. Soňky ýyllarda gyrgyz-türkmen gatnaşyklary ýokary işjeňligi we möhüm çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegi bilen tapawutlandy.

Iki döwlet baştutanlarynyň-Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň 2014-nji ýylda Türkmenistana we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň awgustyndaky Gyrgyzystana saparlary iki ýurduň häzirki zaman taryhyndaky özara hyzmatdaşlygynda täze sahypa açdy we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyrgyz halkyna mähirli garaýşyny göz öňünde tutup, Gyrgyzystanyň halkynyň Gyrgyzystan Respublikasynyň täze Prezidentini saýlandan soňam iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary diňe berkejekdigine ynam etse bolar.

2014-nji ýylda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça gyrgyz-türkmen Hökümetara toparynyň döredilmegi ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady özara hereketde möhüm waka boldy, 2015-nji we 2016-njy ýyllarda Aşgabatda we Bişkekde onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Üçünji mejlisi şu ýylyň ahyryna çenli geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda soňky ýyllarda Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberiniň okgunly ösüşe eýedigini bellemek gerek.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy-da işjeň alnyp barylýar. 2015-nji ýylyň maýynda Gyrgyzystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmenistanyň döredijilik wekilleri gyrgyzystanlylary özboluşly milli aýdym-sazlar, häzirkizaman estrada aýdymlary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary we çeperçilik sungaty ussatlarynyň işleri bilen tanyşdyrdylar. 2016-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň maksatnamasyny döredijilik toparlarynyň çykyşlary, amaly-haşam we çeperçlik sungaty eserleri düzdi, gyrgyz kinemtografynyň iň gowy filmleri görkezildi. Indi taraplar Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmegi göz öňünde tutýarlar.

Şu ýylyň Türkmenistanda Saglyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edilendigini göz öňünde tutup, iki ýurduň sport babatdaky özara gatnaşyklaryny aýratyn bellemekçi. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyzystan Respublikasynda Yssyk kölüň kenarynda Çarwadarlaryň ikinji Bütindünýä oýunlary geçirildi, oňa 60 ýurtdan türgenler gatnaşdy. Oňa türkmen türgenleri-de işjeň gatnaşdylar. Türkmenistan medallar babatda 2-nji orny eýeledi. „Galkynyş“ at üstündäki milli oýunlar toparynyň çykyşy Çarwadarlaryň oýunlarynyň hakyky bezegi boldy. Ajaýyp ahal-teke bedewleri, ýigitleriň at üstündäki ussat oýunlary gyrgyzystanlylarda we myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly möçberli sport çäresi--Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler, oňa 64 ýurtdan, şol sanda biziň ýurdumyzdan-da türgenler gatnaşar. Aziada gyrgyz türgenleriniň 150-ä golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sport baýramynyň öň ýanynda Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejedigini bellemän bolmaz,ony geçirmek üçin türkmen paýtagtynda özboluşly Olimpiiýa şäherçesi guruldy. Soňky ýyllarda köpugurly sport toplumy bilen bir hatarda Merkezi Aiýanyň merjeni bolan Aşgabadyň keşbini üýtgeden beýleki binalaryň-da ençemesi bina edildi.Sebitiň beýleki sebitleri-de sazlaşykly ösýär. Umuman, biz senagat taýdan ösen Türkmenistanyň kemala gelşiniň şaýady bolýarys. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyna, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we jemgyýetçilik drumuşyny demokratizasiýlaşdyrmaga gönükdirilen netijeli ugry amala aşyrýandgyny bellemek gerek.

Şu ýyl gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynda şanly senedir—2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak barada Teswirnamana gol çekilenine 25 ýyl dolýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky çärýek asyr döwürde gazanylanlary jemläniňde, gyrgyz-türkmen netijeli gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň bähbitlerine geljekde hem ösdürilljekdigini ynamly aýtsa bolar.