Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 9-13-nji oktýabry aralygynda halkara bilermeni, hukuk ylylmlarynyň doktory, RF-nyň Başkortostan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy we dolandyryşy akademiýasynyň professory Dinara Minnigulowanyň sapary boldy.
Halkara bilermeniň saparynyň esasy maksady- korrupsiýa garşy durmak boýunça bar bolan okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge we täze okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etmekdir.
Saparyň çäklerinde halkara bilermeni milli parlamentde, bilim, ykdysadyýet we maliýe ministrliklerinde, Merkezi bankda maslahatlar geçirdi, olarda döwlet gullukçylarynyň hünär taýýarlygynyň, ýeşle hem halkara tejribesi we ösüşiň ileri tutulýan milli ugurlary göz öňünde tutulyp, olaryň işiniň hukuk we guramaçylyk ugurlaryny kämilleşdirmegiň meseleleri ala alnyp maslahatlaşyldy.
Dinara Minnigulowanyň ünsi döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligni ýokarlandyrmakda halkara tejribesine, döwlet we ýerli häkimiýet edaralaryny dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de GDA, Ýewropa Bileleşigi we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birnäçesiniň mysalynda korrupsiýa garşy syýasat babatda kanunlary öwrenmäge gönükdirildi.
Halkara bilermeni Akademiýanyň mugallymlar-professorlar düzümi bilen duşuşykda „Döwlet gullugy: halkara tejribesi we milli praktika“, „Döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda innowasion çemeleşmeler“, Döwlet gullugynda korrupsiýa garşy durmak we korrupsiýa garşy göreşde halkara tejribesi“ mowzuklary boýunça türgenleşik elementleri bolan umumy sapaklar toplumyny geçirdi.
Saparyň maksatnamasynyň ahyrynda halkara bilermeniň, akademiýanyň mugallymlar-professorlar düzüminiň, şeýle hem gyzyklanma bildiren ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda „tegelek stol“ geçirildi.
2008-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Döwlet gullugy akademiýasy halkara guramalary, şol sanda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär, onuň goldawy bilen „Adam mümkinçiligini ösdürmek“ we „Elektron dolandyryş“ ýaly okuwlar guraldy.
Akademiýa strategiki dolandyryş we meýilleşdirmek, elektron ulgamalryny ulanmak ýaly ugurlar boýunça döwlet gullukçylarynyň biliminiň hilini we hünär endiklerini ýokarlandyrmak boýunça BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.