Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, täjirçilik banklarynyň we beýleki ugurdaş edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri ÝeHHG-niň guramagynda 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri offşor zolaklaryň üsti bilen kanunlaşdyrmaga garşy hereket babatda tejribe alyşmak boýunça okuwa gatnaşdylar.
Okuw-türgenleşigiň çäklerinde aýratyn salgyt düzgünli ýerlerde we ýurisdiksiýalarda hasaba alnan kompaniýalary barlamak üçin, şeýle hem maliýe jenaýatlarynyň, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejiniň kanunlaşdyrylmagynyň, kezzaplygyň we terrorçylygy maliýeleşdirmegiň öňüni almak maksady bilen ulanylýan halkara-hukuk düzgünlerine, ölçeglerine we gurallaryna garaldy. Bilermenler bu ulgamdaky halkara ölçeglerini we öňdebaryjy tejribäni beýan etdiler.
Şeýle hem okuwda töwekgelçilikleri seljermegiň ulgamyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiligine we offşorlardaky kompaniýalaryň işini düzgünleşdirmegiň hukuk ugurlaryna garaldy. Halkara bilermenleri jenaýatçylykly ýol bilen gazanylýan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň esasy bölegi hökmünde müşderiniň degişli tertipde barlamak hakynda takyk maglumatlary habar berdiler.
„ÝeHHG jenaýatçylykly ýol bilen gazanylýan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen tagallalara uly ähmiýet berýär,- diýip ilçi, ÝeHHG –niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Natalýa Drozd aýtdy.- Çäre bu meselä toplumlaýyn çemeleşmäniň möhüm ähmiýetlidigini görkezýär, ol şeýle-de offşor zolaklarda ýörüte çäreleri-de öz içine alýar“.
Okuwyň çäklerinde geçirilen amaly sapaklarda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylýan girdejiniň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşde maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan Toparyň täze tehnologiýalaryna (FATF) aýratyn üns berildi.