Ï Pekinde Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pekinde Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirildi

view-icon 849
Pekinde Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirildi
Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynda Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan brifing geçirildi, ol ilkinji gezek bellenilýär we dünýä diplomatiýasynyň iň täze taryhynda şanly waka bolar. Çärä Hytaýyň ylmy-synag, işewür, jemgyýetçilik toparlarynyň we köpçüliikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, HHR-da ýerlerşýän diploamtik korpusyň işgärleri, şeýle hem Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hytýdaky ilçisi Çynar Rüstemowa brifingde çykyş edip, ýurduň daşary syýasat, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ösüşinde bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti we orny, şeýle hem köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlary barada jikme-jik durup geçdi.

2018-nji ýylda ýurtda, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ şygary bilen geçiriljek köpsanly çärelere aýratyn üns berildi. Bu habar brifinge gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi, olar söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda we ýurduň bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki üstünliklerine ýokary baha berdiler.

Çäräniň çäklerinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan uly möçberli özgertmeler, onuň ykdysady, ulag-logistik, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiligi, özboluşly taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.