Ï Er-Riýadda „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitap bilen tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Er-Riýadda „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitap bilen tanyşdyryldy

view-icon 2105
Er-Riýadda „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitap bilen tanyşdyryldy
Er-Riýadda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Çäräni Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihansy gurady.

Tanyşdyrylyşa Patyşa Feýsal adyndaky Yslam ylmy barlaglary merkeziniň, Ylmy barlaglar we halkara bilimleri merkeziniň (CRIK), Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň, saud senagat-maýa goýum we logistik kompaniýalarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmenleriň wekilleriň gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we rus dillerine çap edilen täze işi Beýik Ýüpek ýolunyň Gündogar we Günbatar halklarynyň arasynda ykdysady, medeni, diplomatik we maglumatlar gatnaşyklarynyň kemala gelmegindäki özboluşly ähmiýetiniň ylmy taýdan tassyklanmasy boldy-- diýlip bellenildi.

Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň häzirki ösüşiniň ugurlarynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň, jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň, halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynyň we türkmen halkynyň geçen taryhy ýolunyň hem-de milliliginiň nukdaý-nazaryndan ählumumy we sebit goşulyşmalaryndaky ähmiýetiniň seljerilmegi--döwlet baştutanynyň eseriniň esasy taglymat- mazmun taýdan özenidir. Okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap türkmen halkynyň ruhy mirasy we medeniýeti, onuň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly binagärlik ýadygärliklerine syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara kitap we türkmen dokma önümleriniň, şol sanda Aziada-2017-niň nyşanlary bolan dokma önümleriniň toplumy sowgat berildi. Myhmanlara milli tagamlar we nygmatlar hödür edildi.