Ï Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi

view-icon 2729
Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi
Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi
Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi
Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerindeykdysady ylymlaryň doktory, Russiýa Federasiýasynyň „Ykdysadyýet ýokary mekdebi“ Milli ylmy-barlag Uniwersitetiniň professory, strategiki menejment ulgamynda halkara bilermeni Igor Gurkowyň sapary boldy. Ol dolandyryş strategiýalary meseleleri boýunça köp sanly makalalaryň awtorydyr. Korporatiw we bäsleşige ukyply strategiýalar, senagat kärhanalarynyň innowasion işini guralşy I. Gurkowyň alyp barýan ylmy ugrydyr.

Onuň Aşgabada saparynyň maksady - Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjleri üçin strategik menejment we dolandyrş innowasiýalary boýunça umumy sapaklar toplumyny geçirmekden, şeýle hem okuw maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin porfessor-mugallymlar düzümi bilen duşuşykdan ybaratdy.

Halkara bilermeni; „Startegiki dolandyryşdaky halkara tejribesi we milli iş ugurlary“ we „Durmuş-ykdyady ösüşiň strategik meýilnamalaryny işläp taýaýrlamakda innowasion çemeleşmeler“ ýaly mowzuklardan umumy sapaklar tapgyryny geçirdi. Şeýle hem dolandyryş işinde innowasiýalar barada multimediýa tanydyrylyş boldy.

Tematiki sapaklaryň tapgyrynyň çäklerinde halkara bilermeniniň gatnaşmagynda Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin ösüşiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilende, şeýle hem bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysady ösüşiň özboluşlylygy seljerilende we bäsleşik artykmaçlyklary döredilende dolandyryş we seljerme başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw-türgenleşigi gurnaldy. Okuw-türgenleşigi tamamlanandan soň oňa gatnaşan toparlar ösüş konsepsiýasyny işläp taýýarlamak; strategiki meýilleşdirme; maksatlara düzediş girizmek we olara ýetmegiň usullary mowzuklaryndan tanyşdyryşlaryny teklip etdiler.

Halkara bilermeniniň saparynyň çäklerinde akademiýanyň professor-mugallymlar düzüminiň gatnaşmagynda „Döwlet we ýerli derejelrde strategiki meýilleşdirmek we dolandyryş babatda netijeli tejribeler“ mowzugyndan „tegelek stol“ geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda durmuş-ykdysady proseslerini dolandyrmak ulgamynda, şeýle hem telekeçilik guramalarynyň durnukly işlemegini üpjün etmekde meýilleşdirmäniň aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda döwlet derejesinde strategiki dolandyryş boýunça okuw maksatnamasyna:

• ösüşiň perspektiw starategiýasynyň kemala getrilmegini göz öňünde tutýan 7 ýyldan 20-30 ýyla çenli uzak möhletleýin meýilleşdirme;

• bir ýyldan ýedi ýyla çenli orta möhletleýin meýilleşdirmeler. Orta möhletleýin meýilleşdirmeler uzak möhletleýinler bilen deňeşdirilende has anyk bolýar, onda san görkezijileriniň ençemesi bolup, olarda serişdelri bölmeklige uly üns berilýär. Kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklary, maýa goýumlary, maliýe serişdelrine islegler, ylmy barlaglar we işläp taýaýrlamalar we ş.m. şeýlw meýilleşdirlmede göz öňünde tutulýar.

• bir ýyla çenli möhlete niýetlenen gysga möhletleýin ýa-da gündelik meýilleşdiriş ýaly mowzuklary girizmek baradaky teklibe garaldy.

Döwlet baştutanynyň başlangyçlary bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde toplumlaýyn seljerme esasynda bäsleşik artykmaçlygyny gazanmaga gönükdirilen strategiki meýilleşdirmäniň ähmiýeti artýar.

Strategiki meýilleşdirme netijesinde kärhana, sebit ýa-da döwlet umuman öz potensial mümkinçiliklerini kesgitläp, degişli önümçilik, innowasion, maýa goýum, ylmy-tehniki maksatnamalaryny işýäp taýýarlap, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň tagallalaryny utgaşdyryp, her bir ministrlik we pudak edarasy üçin anyk maksatlary kesgitläp biler.

Startegiki dolandyryşa gatnaşmagyň döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini we dolandyryş başarnyklaryny kämilleşdirýändigi, olaryň başlangyçlara ukybyny we jogapkärçilini, täzeçe pikirlenmegini höweslendirýändigi nygtaldy.