Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanylyp geçirilen brifinge Koreýa Respublikasynyň döwlet, jemgyýetçilik we telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmakda bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine, içeri we daşary syýasatyň esaslary, depginli ösüşiň faktory hökmünde bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem biziň Bitarap döwletimiziň ählumumy gün tertibini çözmäge, syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we bilim, ulag we aragatnaşyk, energetika ulgamlarynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen tagallalary nygtaldy. Ýurduň halkara derejesindäki üstünlikleri, daşary syýasat strategiýasysnyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.
Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy Forumynyň Sekretariatynyň direktory Li Çolwu we Koreýa-Merkezi Aziýa Assosiasiýasynyň Prezidenti Li Okrýon Türkmenistanyň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüji häsiýetlidigini, ýurduň parahatçylygy we ösüşi saklap galmakda eýeleýän oňyn ornuny, şeýle hem ýurduň uly möçberli durmuş-ykdysady üstünliklerini nygtadylar. Şeýle hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ýokary derejelidigi belelnildi.