Ï Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝeB-niň dolandyryş menejmenti ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝeB-niň dolandyryş menejmenti ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek dowam edýär

view-icon 1265
Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝeB-niň dolandyryş menejmenti ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek dowam edýär
Paýtagtymyzyň „Ýyldyz“ myhmanhanasynda Döwlet gullugy akademiýasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň „Türkmenistanda döwlet gullugynyň mümkinçiligni ýokarlandyrmak“ atly bilelikdäki tasmlamasynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hasabat döwründe edilen işleriň jemine, şeýle hem 2018-nji ýyla niýetlenen çäreleriň meýilnamasyna garaldy.

Geňeşiň işine taslamanyň milli hyzmatdaşlarynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň arasynda maliýe we ykdysadyýet, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentini ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri bardy.

2017-nji ýylda Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzüminiň ÝeB we GDA ýurtlarynyň birnäçesine saparlary guraldy, olaryň arasynda Bolgariýa, Awstriýa, Litwa we Belarus ýaly döwletlere bolan saparlaryň barşynda maslahatlar, „tegelek stollar“, okuw türgenleşikleri, tematiki tanyşdyryşlar we beýleki çäreler geçirildi.

Okuwa häzirki zaman döwlet menejmentiniň usullaryny ornaşdyrmak tejribesi öwrenildi. Bäsleşik ýagdaýyndaky şertlerde sebiti durmuş-ydysady taýdan ösdürmegi meýilleşdirmekde çözgütleri kabul etmegiň ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Mysal üçin, Bolgariýa saparyň dowamynda Türkmenistanyň dürli ministrliklerine we pudak edaralaryna, bilim we ylym edaralaryna wekilçilik edýän hünärmenler toparyna meýilleýişdiriş, maliýe we býujet guramalarynyň wekilleriniň hünärini ýokarlandyrmakda ulanylýan modullaýyn maksatnama görkezildi.

Bolgariýanyň Döwlet dolandyryşy institutynyň esasy lektorlarynyň interaktiw görnüşde geçiren sapaklarynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek prosesi takyklaşdyryldy. Okuwa gatnaşanlar 3 topara bölünip, olaryň hersi işiň belli bir bölegine jogap berýärdi. Birinji topar maglumaty gözläp, ýygnap we işläp ýagdaýa mikro we makro derejede ykdysady seljerme geçirdi, şeýle hem çözülmegi talap edilýän meseleleri ýüze çykardy we olaryň sanawyny düzdi.

Ikinji topar alternatiw çözgütleri işläp taýýarlady we olara baha berdi. Üçünji topar bolsa, wezipäni takyklaşdyrdy we olaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna gözegçilik edip, alnan netijä baha bermäge düzedişler girizdi.

Türkmen hünärmenleriniň Litwa Respublikasyna sapary-da gyzykly we netijeli boldy. Wekilýetiň hatarynda Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekillerinden başga-da, daşary işler, bilim, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň esasy hünärmenleri bardy.

Döwlet dolandyryşynyň ähli derejelerinde meýilleşdirme, gözegçilik we maglumatlary ýygnamak meseleleri çözülende ulanylýan modelleşdirmek işinde Litwanyň iş tejribesini öwrenmek duşuşygyň esasy temasy boldy.

Türkmen wekilýetiniň agzalaryna döwlet menejmenti ulgamynda giňden ulanylýan belli bir nusgalary taýýarlamagyň usullary görkezildi. Litwaly kärdeşlerimiz olary taýýarlamak prosesi bilen tanyşdyrdylar.

Okuw saparynyň ahyrynda türkmen wekilýetiniň agzalarynyň Kaunas şäheriniň meriýasynda býujet-durmuş ulgamy departamentleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda döwlet ýolbaşçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilieriniň guramaçylyk başarnygyny ýokarlandyrmak boýunça okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak 2018-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp ugurlarynyň biri bolar. Ýewrpoa Bileleşiginiň ýurtlaryna wekilçilik edýän halkara bilermenleriniň tehniki toparynyň ýardam bermeginde „Şahsyýet we kommunikasiýa“, „Maliýe serişdelerini dolandyrmak“, „Gepleşikleri geçirmegiň usullary“, „Ykdysadyýet toplumlaryny dolandyrmak“, „Infrastrukturalaýyn taslamalaşdyrmak“ we „Şäher gurşawyny döredýän kärhanalary dolandyrmak“ ýaly mowzuklar boýunça modullar tapgyryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Olary taýýarlamak işine Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary, şeýle hem ýurdumuzuň dürli ministrliklerine we pudak edaralaryna wekilçilik edýän milli maslahatçylar çekiler. Munuň özi Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy babatda halkara tejribesini we ileri tutulýan milli ugurlary netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.