Ï Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy Daşkentde metbugat- maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy Daşkentde metbugat- maslahatyny geçirdi

view-icon 1113
Türkmenistanyň Özbegistandaky  Ilçihanasy Daşkentde metbugat- maslahatyny geçirdi
Golaýda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijelerine, şeýle hem 2018-nji ýyla halkara çäreleriniň maksatnamasyna bagyşlanan metbugat-maslahaty boldy.

Metbugat-maslahata Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Daşkentde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleri, döwlet habarlar gulluklarynyň we teleradioýaýlymlarynyň, şeýle hem milli elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllara daşary syýasat Konsepsiýasynyň esasy ugurlary, 2017-nji ýylda geçirilen ýokary derejedäki ikitarpalaýyn özara saparlaryň netijleri, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-nyň gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Bu ýere gelenleriň ünsi BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy sebit merkeziniň işine çekildi, Aşgabatda onuň açylmagynyň 10 ýyllygy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň “BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy merkeziniň ähmiýeti” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine gabat geldi.

Şeýle hem Türkmenistanyň teklibi bilen 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji Maslahaty (RECCA VII) geçirildi, onuň neijeleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi, onda oňa gatnaşan döwletleriň we halkara guramalarynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýlägem güýçlendirmäge taýýarlygy beýan edildi.

Metbugat-maslahatyna gatnaşanlara Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyran çäreleri barada hem habar berildi. 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

Metbugat-maslahatyň barşynda 2017-nji ýylda türkmen-özbek gatnaşyklaryna täze itergi berlendigi, olary ösdürmegiň döredijilik esaslarynyň goýlandygy bellenildi. 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda we 19-20-nji maýynda Aşgabatda hem-de Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijelri barada jikme-jik gürrüň berildi. Bu duşuşyklaryň netijeleri türkmen-özbek özara hereketinde hil taýdan täze tapgyr açdy, ähli ugurda startegik hyzmatdaşlyga täze many-mazmun berdi.

Şeýle hem metbugat-maslahatyň barşynda oňa gatnaşanlar şygary “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy.