Ï Düýe süýdiniň we ondan alynýan çaldyr agaran ýaly önümleriň ýokumly häsiýetleri kändir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Düýe süýdiniň we ondan alynýan çaldyr agaran ýaly önümleriň ýokumly häsiýetleri kändir

view-icon 19802
Düýe süýdiniň we ondan alynýan çaldyr agaran ýaly önümleriň ýokumly häsiýetleri kändir
Düýeler çölüň agyr şertlerine durnuklylygy babatda beýleki oba hojalyk haýwanlaryndan ýokary durýar. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri adamyň bu agras kömekçilerini ösdürip ýetişdirmekde amatlydyr. Düýe süýdinden tebigy ýagdaýda uýadylyp alynýan çalda adam üçin peýdaly maddalar kändir. Bu turşy içgide mikroelementleriň ençemesi, С we D witaminleri sygyr süýdündäkiden üç esse köpdür. Çal ajaýyp berhizlik we bejeriş-keseliň öňüni alyş içgisi bolup, ony yzygyderli içmek iýmit siňdiriş agzalaryna gowy täsir edýär, adamyň özüni gowy duýmagyna we işjeňligine ýardam edýär.

Düýe süýdi sygryňkydan haýal uýasa-da, ol çalt gaýtadan işlenilmegini talap edýän tiz zaýalanýan önümdir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň alymlary Tehnologiýalr merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde düýedarçylyk önümleriniň saklanyş möhletini uzaltmagyň ygtybarly ususlyny teklip etdiler. Şunda gurak düýe süýdiniň gürrüňi edilýär. Oňa reýhandan, käkilik otundan, şibitden, süýji ýowşandan, narpyzdan alnan substrat goşulýar, olar toz şekilinde dikeldilen önüme näzik tagam berip, onuň ýokumyny has-da ýokarlandyrýar.

Ozal bu ýerde “Aýran”, “Doýran”, “Düýe çaly” ýaly berhizlik we bejeriş häsiýetli içgileri almagyň taýýarlanyş usuly işlenilip taýýarlanylypdy hem-de önümçilige ornaşdyrylypdy. Soňra düýe süýdünden alynýan önümleriň görnüşi artdyryldy. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň düýedarçylyk hojalygynyň hünärmenleri mesge, syr we peýnir alynýan synag önümçiligini ýola goýdylar.

Maldarçylyk pudagy hökmünde düýedarçylygyň birnäçe artykmaçlygy bar: “çöl gämisine” bol ot hökman däl, çölüň az oty bilen oňňut edýär, birnäçe günläp suwsuz-sölsüz oňup bilýär. Ýeke örküç düýeleriň bakylamagy Garagumyň öri meýdanlarynyň ýagdaýyna täsir etmeýär. Düýe bir ýerde durmaýar, haýaljak ädimläp, çägä dabanlaryny ýuwaş basyp, gyrymsy agaçlaryň diňe başyny çirtip, ösümliklere çalt dikelmäge maý berýär. Türkmen düýeleri köp süýt berýär. Alysdaky obalarda zat dannamaýan bu janawer ýerli ilaty süýt önümleri bilen üpjün edýän ýeke haýwan diýse-de boljak.

Düýe süýdi ýagly bolup, onda belok we süýt şekeri kändir, bu bolsa ýurtda düýedarçylyk fermalaryny we çal, agaran we beýleki tagamly hem-de yokumly önümleri öndürýän karhanalary gurmagyň zerurlygyny şertlendirýär.