Ï Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri Pekiniň nusgalyk mekdebine baryp gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri Pekiniň nusgalyk mekdebine baryp gördüler

view-icon 1054
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri Pekiniň nusgalyk  mekdebine baryp gördüler
Türkmenistanyň HHR-däki Ilçisi Çynar Rüstemowa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalary bilen, şeýle hem hytaý paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary Pekindäki «Şiszýa» nusgaglyk başlangyç mekdebe baryp gördüler.

Mekdebe sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek jähtinden gurnaldy. Hytaýly mekdep okuwçylary türkmen myhmanlaryny bu bilim edarasyna aýladylar, mekdep muzeýiniň eksponatlary bilen tanyşdyrdylar, öz döredijilik we sport üstünlikleri, paýhas gözden geçirilişlerine gatnaşyşlary barada gürrüň berdiler.

Mekdebiň mejlisler otagynda bolan özara peýdaly söhbetdeşlikde mekdep müdiri Wan Huan we partiýa guramasynyň sekretary Hun Weý myhmanlary mekdebiň taryhy, bilim aýratynlygy we däpleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz gezeginde ilçi Ýüpek ýolunyň taryhynda Türkmenistanyň eýelän orny, «Türkmenistan—Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda geçiriljek köpugurly çäreler barada gürrüň berdi. Hyzmatdaşlygyň, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi jikme-jiik beýan edildi, Türkmenistan bilen Hytaýyň mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we okuwçylary alyşmak maksatnamasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçihananyň işgärleriniň çagalary we hytaýly okuwçylar dostana söhbetdeş boldular, türkmen, iňlis we hytaý dillerinde goşgy okadylar, aýdym aýtdylar. Ilçi Çynar Rüstemowa mekdebe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň nusgalaryny, çagalara bolsa, milli süýji nygmatlary we sowgatlyklary peşgeş berdi.

«Şiszýa» Hytaýyň bilim edaralarynyň görkezijileriniň arasynda ýokarky orny eýeleýär. Onuň okuwçylarynyň ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň resmi duşuşyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrylmagy-da mekdebiň abraýyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda mekdep Ýewropa, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň öňdebaryjy orta bilim edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýdy.