Aşgabatda BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) guramagynda tebigy betbagtçylyklardan soň ýüze çykýan dikeldiş we durkuny täzeleýiş işlerine talaplara baha bermegiň usulýeti boýunça maslahat geçirildi.
Duşuşyga ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň we BMG-nyň agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Daşky gurşaw boýunça bilermenler suw üpjünçiligi, arassaçylyk, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, energetika we ulaglar ýaly ulgamlarda usulýetiň dünýä tejribesi bilen tanyşdylar.
“Milli hyzmatdaşlaryň adatdan daşary ýagdaýlara seslenmäge taýýarlygyny ýokarlandyrmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin mümkinçilgini güýçlendirmek BMGÖM-nyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ulgamdaky işi goldaýandygyna guwanýarys”—diýip BMGÖM-nyň Hemişelik wekili Ýelena Panowa belledi.
Iki günlük okuw-türgenleşiginiň maksatnamasyna bu ulgamda milli hünärmenleriň bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik beren interaktiw tanyşdyryşlar we amaly sapaklar goşuldy. Şu usulýet BMGÖM-yň, Bütindünýä bankynyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki işi bolup, adatdan daşary ýagdaýlardan soň ýetirilen zyýana, ýitgilere we dikeldiş işlerine talaplara takyk baha bermegi üpjün edýän ylalaşylan we utgaşdyrylan çemeleşmedir. Dikeldiş işleriniň dürli ugurlaryna baha bermegiň usullaryny standartlaşdyrmak boýunça ýörüte gollanma taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM 2018-2020-nji ýyllarda “Seýsmiki töwekgelçiliklere, bolmagy mümkin bolan ýer titremelerinň öňüni almaga we olara seslenmeklige baha bermek üçin Türkmenistanyň milli mümkinçiligini berkitmek” atly bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýärler.