“Watan” kinokonsert merkezimde meşhur «Bollywood Rockers» hindi tans toparynyň çykyşy boldy. Medeni çäräni Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Hindistanyň Medeni gatnaşyklar boýunça geňeşi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi gurnadylar.
Hindi kinofilmleriniň köp babatda sazlarydyr tanslary bilen meşhurlyk gazanandygyny göz öňünde tutup, «Bollywood Rockers» toparynyň agzalary konsertiň birinji bölüminde tomaşaçylaryň ýüreginde orun tutan “Tans et, tans oýna”, “Disko tansçysy”, “Sergezdan”, “Harabaçylygyň millioneri” we beýleki hindi filmlerinden özüne çekiji joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.
Artistler aşgabatly tomaşaçylary hindi tansynyň täze ugurlary bilen hem tanyşdyrdylar. Aýratynam näzik tansçy zenanlaryň akrobatikii tilsimleri täsirli boldy.
Konsertiň folklordan düzülen ikinji bölümi aşgabatlylara has güýçli täsir etdi. Hindi artistleriniň çykyşlaryndan ýüregi joşan tomaşaçylaryň ençemesi sahnanyň gapdalyndaky tans meýdançasyna çykdylar. Olar myhmanlaryň çykyşlaryna şowhunly el çaprmalar bilen mynasyp baha berdiler.
- Biziň görenlerimizden iň owadan we arassa şäherleriň biri bolan Aşgabady ýürekden haladyk. Bizi türkmen tomaşaçylarynyň mähirliligi we göwnaçyklygy özüne bendi etdi. Tomaşaçylara: ”Täze duşuşyklara çenli!” diýýäris – diýip toparyň çeper ýolbaşçysy, beýlekiler bilen bilelikde tans eden Aşiş Mathur aýtdy.