1) 1-nji maddanyň ikinji böleginde «deňziniň üstündäki» diýen sözleri «deňzinden ýokardaky» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 7-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Raýat awiasiýasynyň işi çygrynda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarly eden edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Ygtyýarly edara görkezilen ugurlar boýunça işi beýleki döwletleriň raýat awiasiýasynyň edaralary we halkara guramalary bilen utgaşdyrýar.»;
3) 10-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «gurallary» diýen sözden soň «,awiasiýa türgenleşik enjamlary» diýen sözleri goşmaly;
4) 18-nji maddada:
ikinji bölekde «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Uçuşlary üpjün etmek we howa hereketini dolandyrmak üçin umumy peýdalanylýan aragatnaşyk serişdelerini peýdalanmagyň tertibi döwlet we raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edaralar tarapyndan bilelikde bellenilýär.»;
5) 44-nji maddanyň üçünji böleginde «ýerli häkimiýet edaralary, döwlet dolandyryş» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 49-njy maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde, 77-nji maddanyň ikinji böleginde, 78-nji maddanyň dördünji böleginde, 86-njy maddanyň üçünji böleginde, 104-nji maddanyň dördünji böleginde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 65-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«7. Hazar deňzinden ýokardaky howa giňişliginde halkara uçuşlar amala aşyrylanda, howa hereketini dolandyrmagyň Türkmenistanyň üstüne ýüklenilen çäklerinde, Halkara raýat awiasiýasy hakynda Konwensiýa laýyklykda bellenilen, açyk deňizden ýokarda uçuşlary amala aşyrmagyň hemme taraplar üçin hökmany bolan kadalary ulanylýar.»;
8) 66-njy we 67-nji maddalaryň birinji bölekleriniň 2-nji bentlerinde «ýörite» diýen sözi aýyrmaly;
9) 70-nji maddada:
birinji bölegiň ikinji tesiminde «harbylaşdyrylan gorag bölümleri» diýen sözleri «gorag toparlary» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Awiasiýanyň işine bikanun gatyşylmagy, munuň özi awiasiýanyň howpsuz hereket etmegine wehim salýan hereket (hereketsizlik) bolup, şol sanda şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) adamlar bilen betbagtçylykly halatlaryň döredilmegini;
2) howa gämileriniň bikanun basylyp alynmagyny, alnyp gaçylmagyny we gabalmagyny;
3) ulanyşda bolan howa gämisiniň weýran edilmegini;
4) howa gämisiniň içinde ýa-da aeroportlarda girewe alynmagyny;
5) howa gämisiniň içine, aeroportuň binasyna ýa-da aeronawigasiýa enjamlarynyň ýerleşýän ýerine ýa-da gullugyna zorlukly aralaşylmagyny;
6) jenaýatçylykly maksatlar üçin howa gämisiniň içinde ýa-da aeroportuň binasynda ýaragyň, howply gurnamanyň ýa-da närsäniň ýerleşdirilmegini;
7) ölüm, agyr şikes ýa-da emläge we daş-töwerege düýpli zeper ýetirmek maksady bilen, ulanyşda bolan howa gämisinden peýdalanylmagyny;
8) uçuşda ýa-da ýerde bolan howa gämisiniň, ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň, ýerüsti işgärleriň ýa-da aeroportdaky adamlaryň ýa-da raýat awiasiýasynyň serişdeleriniň we gulluklarynyň ýerleşýän ýerleriniň howpsuzlygyna wehim salýan galp maglumatyň habar berilmegini;
9) awiasiýanyň howpsuz hereket etmegine wehim salýan beýleki hereketleri (hereketsizligi).»;
10) 71-nji madda şu mazmunly bölekleri goşmaly:
«3. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işine bikanun gatyşylmagynyň öňüni almak we bu mesele boýunça işiň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döredilýär.
Awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döretmegiň we onuň işiniň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak üçin ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy, aeroportuň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Maksatnamasy hem-de howa gämilerini ulanýan edaralaryň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine iberilýär.»;
11) 81-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Awiasiýa tehnikasyny işläp taýýarlamak, öndürmek, ulanmak, şol sanda tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak, Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagy guramak, howa hereketine hyzmat etmek we uçuşlary dolandyrmak, uçuşlary amala aşyrmak bilen bagly okuwlary geçirmek, şeýle hem awiasiýa çygryndaky iş bilen baglanyşykly beýleki işler bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar, daşaýjylar we ulanyjylar uçuşlaryň howpsuzlygyny dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmaga we hemişe kämilleşdirmäge hem-de awiasiýa wakalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.
2. Raýat awiasiýasynyň çygrynda ýörite ygtyýarly edaralar we garamagynda döwlet awiasiýasynyň bölümleri bolan ygtyýarly dolandyryş edaralary howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň ýagdaýyna seljerme geçirýärler we degişlilikde raýat awiasiýasynyň we döwlet awiasiýasynyň howa gämileriniň gatnaşmagyndaky awiasiýa wakalaryny duýdurmak boýunça öňüni alyş çärelerini we Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlaýarlar.»;
12) 82-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«82-nji madda. Awiasiýa hadysasy ýa-da insidenti
1. Uçarman tarapyndan dolandyrylýan howa gämisi bilen bagly ýagdaýda, haýsydyr bir adamyň uçmak niýeti bilen howa gämisiniň bortuna münen pursadyndan başlap, bortdaky bar bolan ähli adamlaryň ondan çykan pursadyna çenli, ýa-da uçarmansyz howa gämisiniň uçmak maksady bilen duran ýerinden gozganmaga taýýar bolan pursadyndan uçuşyň ahyrynda doly saklanylýan we güýç beriji esasy guralynyň öçürilýän pursadyna çenli howa gämisini ulanmak bilen baglylykda bolup geçen waka we onuň dowamynda şu aşakdaky ýagdaýlar emele gelen halatynda awiasiýa hadysasy diýlip ykrar edilýär:
1) haýsydyr bir adam:
a) bu howa gämisinde bolmagynyň netijesinde;
b) howa gämisinden bölünip aýrylan bölekleri hem goşmak bilen, howa gämisiniň haýsydyr bir bölegi bilen gös-göni galtaşmagy netijesinde;
ç) reaktiw hereketlendirijiniň gazlarynyň çüwdüriminiň gös-göni täsiri netijesinde adamyň ölümine getiren ten şikesini ýa-da agyr ten şikesini alan bolsa, ten şikesleriniň tebigy sebäpleriň netijesinde alnan, öz-özüne ýetirilen ýa-da başga adamlar tarapyndan ýetirilen ýa-da ýolagçylaryň we ekipažyň agzalarynyň barmagy üçin adatça açyk bolan zolaklaryň daşynda gizlenýän biletsiz ýolagçylara ten şikesleriniň ýetirilen halatlary muňa girmeýär;
2) howa gämisine zeper ýetirilmeginiň ýa-da onuň gurnamasynyň dargamagynyň netijesinde howa gämisiniň gurnamasynyň berkligi bozulyp, onuň tehniki ýa-da uçuş häsiýetnamalary ýaramazlaşan ýagdaýynda adatça iri abatlama ýa-da zeper ýeten böleginiň çalşyrylmagy talap edilýär, ýöne hereketlendirijiniň işlemedik ýa-da zeper ýetirilen ýagdaýy, haçan-da diňe bir hereketlendirijä zeper ýetende (kapot ýa-da kömekçi agregatlara), howa perrigine (winte), ganatyň uçlaryna, antennalara, maglumat beriji enjamlara, pilçelere, pnewmatikalara, tormoz guralyna, tigirlere, garşylyklary azaldýan gurluşa, panellere, şassi gabsalaryna, öň tarapky aýnalaryna, howa gämisiniň daşky örtügine (uly bolmadyk ýemşermeler ýa-da deşikler), ýa-da çekiji perrigin (wintiň) perlerine (lopastlaryna), guýruk perriginiň (wintiň) perlerine (lopastlaryna), şassisine ujypsyz zeper ýeten we doly (buz) ýagmasy, ýa-da guşlar bilen çaknyşmanyň netijesinde (radiolokator antennalarynyň daşky örtügi deşilende) zeper ýetmeler muňa degişli däldir;
3) howa gämisi nam-nyşansyz ýiten (resmi gözlegleriň bes edilmegi we howa gämisiniň bölekleriniň tapylan ýeriniň ýüze çykarylmazlygy) ýa-da howa gämisiniň ýanyna barmak hiç hili mümkin bolmadyk halatynda.
2. Awiasiýa hadysasyndan başga, howa gämisiniň ulanylmagy bilen baglylykda ýüze çykan, ulanmagyň howpsuzlygyna täsir edýän ýa-da täsir etmegi mümkin bolan awiasiýa wakasy insident diýlip ykrar edilýär.
3. Uçarman tarapyndan dolandyrylýan howa gämisi bilen bagly ýagdaýda, haýsydyr bir adamyň uçmak niýeti bilen howa gämisiniň bortuna münen pursadyndan başlap, bortdaky bar bolan ähli adamlaryň ondan çykan pursadyna çenli ýa-da uçarmansyz howa gämisiniň uçmak maksady bilen duran ýerinden gozganmaga taýýar bolan pursadyndan uçuşyň ahyrynda doly saklanylýan we güýç beriji esasy guralynyň öçürilýän pursadyna çenli bolup geçýän, awiasiýa hadysasynyň bolmagynyň ýokary ähtimallygyny görkezýän ýagdaýlar bilen bagly waka düýpli insident diýlip ykrar edilýär.»;
13) 84-nji maddada:
ikinji we üçünji bölekleri şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Awiasiýa wakasyny derňemegiň maksady awiasiýa wakasynyň sebäplerini anyklamak we geljekde olaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmek bolup durýar, ýöne kimdir biriniň jogapkärçilik derejesini kesgitlemäge gönükdirilmeýär.
3. Awiasiýa wakasynyň derňewini geçirýän derňew toparyna kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda, derňew işinde doly garaşsyzlyk we çäklendirilmedik ygtyýarlyklar berilýär.
Awiasiýa wakasynyň derňewi kimdir biriniň günäsini ýa-da jogapkärçiligini ýüze çykarmaklyga gönükdirilen islendik kazyýet ýa-da administratiw önümçilikden aýratynlykda alnyp barylýar.»;
sekizinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
14) 85-nji maddada:
birinji bölegiň ikinji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Derňew geçirmek üçin döredilýän toparda ygtyýarlandyrylan şahs (toparyň başlygy) bellenilýär we topar onuň ýolbaşçylygynda haýal etmän derňewe başlaýar.
Derňew boýunça ygtyýarlandyrylan şahsyň bu derňewe gatnaşýan topar agzalarynyň haýal etmän işe girişmekleri üçin, ses ýazyjy bort enjamyny we howa hereketini dolandyryş bölüminiň ýazgylaryny goşmak bilen, derňewe degişli bolan howa gämisiniň böleklerini we materiallaryny jikme-jik gözden geçirmek üçin erkin almaga hem-de olara çäksiz ygtyýarlyk etmäge hukugy bardyr.»;
üçünji bölekde «peteklerini» diýen sözi «biletlerini» diýen söze çalşyrmaly;
15) 87-nji maddada:
birinji bölekde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;
şu mazmunly bölegi goşmaly:
«4. Awiasiýa hadysasynyň derňewiniň barşynda awiasiýa hadysasynyň derňewi bilen bagly bolmadyk maksatlarda alnan, aşakda görkezilen ýazgylar derňew toparynyň, deslapky derňew edaralarynyň we kazyýetiň çözgüdine çenli aýan edilmäge degişli däldir:
1) howa gämisiniň ses ýazyjy bort enjamynyň ýazgylary we görnüp duran ýagdaýy bellige alyjy bort enjamynyň ýazgylary, şeýle hem okap bolýan islendik ýazgylar;
2) awiasiya hadysasynyň derňewi boýunça ygtyýarly edaranyň goragy astynda ýa-da gözegçiligi astynda saklanylýan ýazgylar;
3) derňewiň barşynda derňewi alyp barýan ygtyýarly edaralar tarapyndan alnan, derňewe gatnaşan şahslaryň beren düşündiriş ýazgylary;
4) howa gämisiniň ulanylmagy bilen bagly taraplaryň hat aragatnaşygy;
5) awiasiya hadysasyna gatnaşyjy şahslara degişli bolan lukmançylyk görkezijileri we gizlin maglumatlar;
6) howa hereketini dolandyryş bölüminiň ýazgylary we okap bolýan ýazgylar;
7) awiasiýa hadysasyna ýa-da hadysa degişli maglumatlar, şol sanda ses ýazyjy bort enjamynyň ýazgylarynyň seljermesi we awiasiya hadysasyny derňemegiň barşynda ygtyýarly edara we ygtyýarly wekiller tarapyndan beýan edilen pikirler;
8) awiasiya hadysasy ýa-da hadysanyň derňewi barada gutarnykly hasabatyň taslamasy.»;
16) 88-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«88-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň raýat howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalaryny derňemek
1. Howa gämisini bellige alan döwletiň, ulanyjy döwletiň, işläp taýýarlan döwletiň we öndüriji döwletiň her biriniň derňewe gatnaşmak üçin ygtyýarly wekili, şeýle hem bir ýa-da birnäçe maslahatçyny bellemäge hukugy bardyr.
2. Ýüztutma esasynda derňewi geçirýän döwlete maglumatlary, enjamlary ýa-da bilermenleri berýän islendik döwletiň derňewe gatnaşmak üçin ygtyýarly wekili, şeýle hem bir ýa-da birnäçe maslahatçyny bellemäge hukugy bardyr.
3. Ygtyýarly wekiliň derňew boýunça ygtyýarlandyrylan şahsyň (derňew toparynyň başlygynyň) gözegçiligi astynda derňewiň ähli ugurlaryna, şol sanda şu aşakdakylara gatnaşmaga hukugy bardyr:
1) awiasiya hadysasynyň bolan ýerine barmaga;
2) döwükleri gözden geçirmäge;
3) şaýatlaryň görkezmelerini öz içine alýan maglumatlary almaga we soragnamalary hödürlemäge;
4) işe degişli bolan ähli maddy subutnamalary doly we tiz almak elýeterliligine;
5) işe degişli bolan ähli resminamalaryň nusgalaryny almaga;
6) maglumat göterijilerden ýazgylaryň açylyp okalmagyna gatnaşmaga;
7) awiasiya hadysasynyň bolan ýeriniň çäginiň daşynda geçirilýän, bölekleri we abzallary gözden geçirmek, tehniki maslahatlaşmalar, synag etmek we mysaly taslama taýýarlamak ýaly derňew çärelerine gatnaşmaga;
8) maglumatlaryň seljerilmegi, bu ýagdaýyň netijelerini we ýüze çykmagyna ýardam eden sebäpleri takyklamak bilen bagly ara alyp maslahatlaşmalary we howpsuzlyk bilen bagly teklipnamalary goşmak bilen, derňewiň barşynda ýygnaklara gatnaşmaga;
9) derňewiň her bir bölegi boýunça degişlilikde düşündiriş ýazgysyny düzmäge.»;
17) 92-nji maddada:
birinji bölegiň 1-nji bendinde «petek» diýen sözi «bilet» diýen söze çalşyrmaly;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Poçtany daşamagyň tertibi we poçta ýanhatynyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.»;
18) 93-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde, 111-nji maddanyň mazmunynda, 127-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «b» kiçi bendinde «peteginde», «petek» we «petegi» diýen sözleri degişlilikde «biletinde», «bilet» we «bileti» diýen sözlere çalşyrmaly;
19) 96-njy maddada:
ikinji bölegiň 4-nji bendinde «peýdalanmaga» diýen sözden soň «,sowuk içgiler we gyzgyn naharlar bilen üpjün edilmäge» diýen sözleri goşmaly;
üçünji bölegiň 1-nji bendinde «petekleri» diýen sözi «biletleri» diýen söze çalşyrmaly;
şu mazmunly bölekleri goşmaly:
«6. Içerki we halkara howa gatnawlarynda ýany bilen öý haýwanlary daşalanda, olary daşamak üçin töleg ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.
7. Türkmenistanyň aeroportlarynda aýratyn wajyp ýolagçylara (VIP) we wajyp ýolagçylara (CIP) hyzmatlary etmek üçin zallar göz öňünde tutulan, Aýratyn wajyp ýolagçylaryň we Wajyp ýolagçylaryň zallaryndan geçmegiň tertibi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär. Bu zallardan peýdalanmak raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan degişlilikde içerki we halkara gatnawlar boýunça bellenilen nyrhlar esasynda amala aşyrylýar.»;
20) 97-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany halkara ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlary we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlar, şeýle hem howa arkaly daşaýyşlaryň, biletleri satmagyň, howa daşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň nyrhlaryny ulanmagyň we ýygymlary almagyň kadalary döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk Türkmenistanyň daşaýjylary tarapyndan özbaşdak bellenilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen nyrhlar we ýygymlar, şeýle hem howa arkaly daşaýyşlaryň, biletleri satmagyň, howa daşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň kadalary döwlet eýeçiligine degişli bolan Türkmenistanyň daşaýjylary üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär. Şunda nyrhlary ulanmagyň we ýygymlary almagyň kadalary bu daşaýjylar tarapyndan özbaşdak bellenilýär.
3. Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany içerki ugurlar boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlaryny we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti belleýär we olar eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.
Içerki ugurlar boýunça nyrhlary ulanmagyň we ýygymlary almagyň kadalary, şeýle hem howa arkaly daşaýyşlaryň, biletleri satmagyň, howa daşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň kadalary raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we olar eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.
4. Aeroportlaryň, aeronawigasiýa serişdeleriniň ulanylmagy üçin nyrhlar we ýygymlar raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we olar eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar we aeroportlar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.