Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 1637
I. 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2015 ý., № 4, 142-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 1-nji maddada:

7-nji bentde «hasaba» diýen sözi «bellige» diýen söze çalşyrmaly;

12-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«12) bedew-atynyň pasporty — Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän bir ýarym ýaşly taýlara we beýleki saklanylýan bedew-atlaryna berilýän, olaryň aslyny tassyk edýän resminama;»;

15-nji bentde «atçy» diýen sözi «atşynas» diýen söze çalşyrmaly;

şu mazmunly bendi goşmaly:

«27) taýyň şahadatnamasy — taý doglan badyna bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada berilýän, onuň asly baradaky we beýleki şahsy maglumatlaryny öz içine alýan resminama.»;

2) 2-nji maddanyň birinji böleginiň san belgisini we ikinji bölegini aýyrmaly;

3) II babyň adynda we 5-nji maddada «dolandyryşy» we «dolandyryşyny» diýen sözleri degişlilikde «düzgünleşdirmesi» we «düzgünleşdirmesini» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 6-njy maddada:

3-nji bentde «ygtyýarlandyrylan edarany kesgitleýär» diýen sözleri «ygtyýarlandyrylan edaranyň işini utgaşdyrýar» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji, 6-njy, 7-nji we 8-nji bentlerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

5) 7-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«7-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) atçylyk babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) atçylyk babatda döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň nusgalaryny tassyklaýar;

4) atçylyk babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) atlaryň baş sanynyň ýitgileri sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň Tertibini we atlaryň baş sanyny artdyrmagyň meýilnamasyny tassyklaýar;

6) atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşi döredýär we onuň düzümini tassyklaýar;

7) atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeş barada Düzgünnamany tassyklaýar;

8) tohum atlaryň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

9) at eýesine bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada taýyň şahadatnamasyny we bedew-atynyň pasportyny berýär;

10) Döwlet tohumçylyk kitabyny işläp taýýarlaýar we onuň maglumatlaryny atşynaslara ýetirýär;

11) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

12) sport atlaryny köpeltmegi, ösdürip ýetişdirmegi amala aşyrýar we bu ugurda tohumçylyk işini alyp barýar;

13) atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar;

14) atşynaslaryň we at eýeleriniň hukuklaryny kesgitleýär;

15) atçylyk babatda tohumçylyk işiniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär;

16) atçylyk babatda işiň maliýe üpjünçiligini kämilleşdirmek we salgyt ýeňilliklerini bellemek boýunça teklipleri degişli ygtyýarlandyrylan edara berýär;

17) innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda atçylyk babatda tohumçylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

18) döwlet ýa-da hususy eýeçilikde atlary bar bolan ýuridik we fiziki şahslaryň işini utgaşdyrýar we gözegçilik edýär;

19) olaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan atçylyk pudagynyň subýektleriniň maglumat üpjünçiligini guraýar;

20) atlaryň baş sanynyň ösüşiniň dinamikasyny we hasaba alnyşyny alyp barýar, atçylyk hojalyklary boýunça höwür atlary, tohum baýtallary saýlamagy we paýlamagy geçirýär hem-de olaryň maksatly ulanylmagyny üpjün edýär;

21) taý doglan badyna merkezleşdirilen çipleşdirmegi amala aşyrýar we taýyň şahadatnamasyny berýär;

22) atçylyk babatda çap neşirlerini taýýarlaýar, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri hem-de ýarmarkalary guraýar we geçirýär;

23) Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän atly sport ýaryşlaryna, at çapyşyklaryna, atlaryň sergilerine, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine we atlary satmak boýunça söwdalara gatnaşýar;

24) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde totalizatory guraýar we geçirýär;

25) atçylyk babatda hünär bilimi ulgamyny guramagy, kämilleşdirmegi we ösdürmegi amala aşyrýar;

26) atçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýär;

27) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

28) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda atçylyk babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.»;

6) 8-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde, 21-nji maddanyň adynda, birinji we ikinji bölekleriniň birinji tesimlerinde «atçylara», «Atçylaryň» we «Atçylar» diýen sözleri degişlilikde «atşynaslara», «Atşynaslaryň» we «Atşynaslar» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 9-njy maddanyň ikinji böleginde «Atyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky şahadatnamanyň we tohum atyň pasportynyň berilmegi» diýen sözleri «Bedewiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň berilmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 20-nji maddanyň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) tölegli atly tomaşalarynyň we at çapyşyklarynyň guralmagy;»;

9) 24-nji maddada «Tohum atyň» diýen sözleri «Bedew-atynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 30-njy maddanyň ikinji böleginde «çiplenilýär» diýen sözi «çiplenilýär, oňa taýyň şahadatnamasy berilýär» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 40-njy maddanyň ikinji böleginde «tohum atyň» diýen sözleri «bedew-atynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.