Ï Ýerewanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerewanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygy bellenildi

view-icon 1042
26-njy iýunda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde ajaýyp türkmen dana şahyrynyň doglan gününe bagyşlap «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahat we edebi okaýyşlar guradylar.

Foruma Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Ýerewanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

ÝeDU-nyň prorektory, professor Arsen Babajanýan we Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow maslahata gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendiler. ÝeDU-nyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Gegam Geworkýanyň gutlag haty okaldy.

Ermenistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ozalky ilçisi Aram Grigorýan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüň berdi, ol çykyşyny türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrynyň goşgy setirleri bilen jemledi.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen edebiýäty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesow forumda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine wekilçilik etdi.

Şeýle hem belli türkşynas Aleksandr Safarýan maslahata gantaşyjylara ýüzlenme bilem çykyş etdi, ol bilim, ylym we medeniýet ulgamynda türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.

Alym ýörüte maslahata gabatlanyp akademik Aram Simonýan bilen professor Aleksandr Safarýanyň «Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ermeni-türkmen medeni gatnaşyklary we ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy» makalasynyň neşir edilendigini habar berdi.

Türkologiýa kafedrasynyň assistenti, Magtymguly adyndaky TDU-nyň aspiranty döwri türkmen dilini öwrenen Amaliýa Petrosýan bu ýere ýygnananlary şahyryň dilinde şanly sene mynasybetli gutlady.

Çykyş edenler Pyragynyň döredijilik genisiniň, şahyryň eserleriniň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçýän belent ynsanperwerlik ideallarynyň we adalatyň dabaralanjakdygyna sarsmaz ynamynyň türkmen halkynyň milli düşünjesiniň artmagynda ägirt uly ähmiýete eýe bolandygyny bellediler.

Ermenistanly şahyr we terjimeçi Waružan Hastur Magtymgulynyň eserlerini ermeni diline terjime edişi barada gürrüň berdi we olaryň käbirini okady.

Agşam Arno Babajanýan adyndaky zalda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrliginiň bilelikde guran konsertinde çykyş eden bagşylar ýerewanly tomaşaçylary şirin aýdymlar we türkmen dessançy bagşylarynyň özboluşly ýerine ýetirjilik ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.