Dabara Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçyn Topçu hem-de Medeniýet we syýahatçylyk ministriň orunbasary Serdar Çam, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türki milletleriň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleri, türk parlamentarileri, Ankara şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we işgärleri, türkmen-türk Dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri hem-de alymlar, ýurdsumyzda işleýän türk şereketleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, bu ýerde kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda türkmen şygryýetiniň beýik nusgawy şahyrynyň edebi we filosofiki mirasynyň müdimi ähmiýeti bellenildi. Bu jähtden dabara gatnaşanlaryň ünsi türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işe çekildi, munuň özi halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi ösdürmäge, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär.