Çärä BMG agza ýurtlaryň wekilýetleriniň resmi wekilleri, BMG-nyň Bangkokda ýerleşýän düzümleýin edaralarynyň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy bileleşigiň wekilleri gatnaşdylar.
Hasabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän orny we BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörüte maksatnamasynyň (UN SPAS) geljekki formatyny kesgitlemek boýunça köptaraplaýyn maslahatlaryň ähmiýeti nygtaldy.
Hasabat wagty wideoşekilli tanyşdyrylyş görkezildi, ol Türkmenistanyň «BMG-AHEHG» formatynda köptaraplaýyn maslahatlary taýýarlamakdaky we BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörüte maksatnamasynyň synag taslamasyna başlamagy babatda alyp barýan işleri barada anyk düşünje berdi.
Günüň ikinji ýarymynda BMG-nyň Bangkokdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Komitetiň Altynjy mejlisinide BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy barada hasabat berildi.
Mundan başga-da, Komiteitň mejlisiniň meýdançasynda ESKATO-nyň durnukly ösüş boýunça ýerine ýetirji direktorynyň orunbasary Kaweh Zahedi bilen duşuşykda Türkmenistanyň BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasyny ilerletmek boýunça tagallalary barada habar berildi.