Duşuşygy BMG-nyň ÝeYK-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa açdy we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana saparynyň netijeleri hem-de forumda SPEKA-nyň Gaznasyny döretmek başlangyjynyň öňe sürlendigini gürrüň berdi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. BMG-nyň ÝeYK-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bu teklibi Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň goldandygyny belledi.
Söwda meseleleri boýunça sebit geňeşçisi Mario Apostolow duşuşyga gatnaşanlary Aşgabatda noýabr aýynda geçiriljek SPEKA-nyň Günlerine taýýarlygyň barşy bilen tanyşdyrdy.
BMG-nyň ÝeYK-nyň düzümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda SPEKA ýurtlaryny daşky gurşaw, ulag we söwda ulgamlarynda sebit hem-de sebitara derejelerinde amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdylar. Duşuşykda sebiti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek jähtinden BMG-nyň ÝeYK-nyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.