17-nji oktýabrda Buenos-Aýresde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlar geçirildi - diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmen wekilýetine daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, kabul edýän tarapyňka – Argentinanyň daşary işler, halkara söwdasy we din ministriniň orunbasary Gustawo Rodolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketi işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, döwletleriň ikisi-de abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Parlamentara gatnaşyklar-da netijeli ösdürilýär.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we özara haryt dolanşygyny artdyrmagyň zerurlygyna ünsi çekdiler, şeýle hem oba hojalygy, energetika, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda nygtalşy ýaly, türkmen-argentina gatnaşyklary bilelikdäki tagallalar we bähbitler üçin uly mümkinçiligiň bardygyny görkezýär.
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny Argentinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Horhe Fori kabul etdi.