Ï Türkmenistanyň wekilleri jemgyýetçilik diplomatiýasy halkara forumyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri jemgyýetçilik diplomatiýasy halkara forumyna gatnaşdylar

view-icon 1258
Türkmenistanyň wekilýeti 31-nji oktýabr – 1-nji noýabr aralygynda Russiýanyň Wolgograd şäherinde geçirilen «Wolga gatnaşyklary: 21 asyrda parahatçylyk we özara düşünişmek» Jemgyýetçilik diplomatiýasy halkara forumyna gatnaşdy.

Forum häkimiýet, ylym, telekeçilik we jemgyýetçilik wekilleriniň häzirki zamanyň ählumumy hem-de sebit meselelerini netijeli çözmek, döwletleriň durnukly ösüşini we geljegini üpjün etmek jähtinden özara hereketleri üçin meýdançadyr.

Dünýä ýurtlarynyň 12-sinden delegatlaryň 200-si ynsanperwer, durmuş we ykdysady ulgamlarda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar. «Birek-biregi diňlemek we düşünişmek!» -- şygary forumda pikir alyşmalaryň esasy özeni boldy.

Türkmen wekilýeti duşuşyga gatnaşanlary ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar, Birleşen Milletler Guramasynyň iki gezek ykrar eden bitaraplyk-hukuk derejesi hem-de ikitarplaýyn, şeýle hem sebit we ählumumy möçberde gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny gurmak onuň esasyny düzýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ýurdumyzyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi esasynda Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna hem-de türkmen Lieriniň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan «açyk gapylar» syýasaty ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň, serişde mümkinçilikleriniň netijeli ulanylýandygynyň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyplylygny ýokarlandyrmagyň esasy şertidir, ol maýa goýum özüne çekijiligini şertlendirýär, şeýle hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Umuman, duşuşyga gatnaşanlar döwrüň esasy meselelerini çözmäge çemeleşmeleriň ýakynlygyny tassykladylar we ýurtlaryň hem halklaryň parahat hem yzygiderli ösmeginiň hatyrasyna, ählumumy «wawwaly meseleleri» ýeňip geçmekde tagallalary birleşdirmegiň möhümligini nygtadylar. Duşuşygyň jemleri boýunça Jemgyýetçilik diplomatiýasy wekilleriniň forumyny her ýyl geçirmek hakynda çözgüt kabul edildi.