Ï Aşgabatda türkmen-gruzin özara hereketini işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türkmen-gruzin özara hereketini işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1009
12-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Ninuanyň ýolbaşçylgyndaky Gruziýanyň DIM-niň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi, diýlip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gruzin özara hereketini diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň meýdançasynda, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak jähtinden ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degerli itergi bermekde türkmen-gruzin Hökümetara toparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, düýn Hökümetara toparynyň işiniň çäklerinde döredilen Söwda meseleleri boýunça iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Şunuň bilen baglanşyklylykda taraplar bähbitleriň sazlaşygynyň ileri tutulýan ulgamlaryny bellediler, olaryň arasynda ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlary bar, şeýle hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan beýleki ugurlaryna garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda köpugurly türkmen-gruzin gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygy beýan edildi.