Ï «Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

view-icon 1088
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.

Habarlar ulgamynda özara hereketden başga-da, taraplar ýaş žurnalistleri okatmak maksatnamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garamagy we ugurdaş çäreleri bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar.

RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow žurnalyň Geňeşiniň başlygy, Armen Oganesýan baş redaktorydyr.