Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarowyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Türkmenistana wekilçilik etdi. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleriniň EXPO 2020 sergisiniň Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň iri gözden geçirişe gatnaşmagynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli sergi «Ykjamlyk» diýlip atlandyrylar, Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny ýerine ýetirmek TSTB-niň agzasy «Tekmil» hususy kärhanasyna ynanyldy. Kompaniýa innowasion tehnologiýalary, şeýle hem takyklygy has ýokary sanly-kontent ulanmagy göz öňünde tutýar.
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda açyljak EXPO Dubai Bütindünýä sergisiniň çäklerinde iň köp wekilçilikli sergi bolar. Oňa ýurtlaryň 192-si, şeýle hem halkara guramalary gatnaşarlar. Alty aýlap äpet megaplatformada sergä gatnaşýanlaryň her biri öz ýeten sepgitlerini we innowasiýalaryny görkezer, taryhy, medeni, söwda-ykdysady, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar, şeýle hem tejribe alşar we netijeli gatnaşyklary ýola goýar.