Ï Astrahanda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp konsert berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp konsert berildi

view-icon 1059
Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde (ADTU) Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygynyň goldamagynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan konsert guraldy.

Baýramçylyk çäresine kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ADTU-nyň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

Daşary ýurtly talyplar türkmen deň-duşlary bilen bilelikde konsert taýýarladylar, dürli melletleriň döredijiligi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.