Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

view-icon 1060

Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Energetika Hartiýasynyň sekretariaty bilen köptaraply gepleşikler geçirildi. Esasy mesele Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Taraplar energetika ulgamynda ählumumy durnukly ösüşe gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Energetika Hartiýasynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna hem-de milli Liderimiziň öňe sürýän ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar döwrüň häzirki ýagdaýlarynyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň hem-de energetika syýasatynyň kämilleşdirilmeginiň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň düzgünlerine düzedişleri girizmegiň zerurdygyny talap edýändigi barada bir pikire geldiler. Çünki Hartiýanyň bu Şertnamasyna gol çekilen 1994-nji ýyldan bäri dünýäde örän köp üýtgeşmeler bolup geçdi.

* * *

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmaga degişli teklipler boýunça iki günlük maslahat öz işine başlady. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi duşuşygyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Halkara bilermenler — Russiýanyň telewideniýesiniň akademiýasynyň agzasy Anna Kaçkaýewa hem-de metbugat habar beriş serişdeleri ulgamynda Russiýa Federasiýasynyň Kommunikasiýalar we aragatnaşyk ministrliginiň bilermenler geňeşiniň agzasy Ýuriý Purgin tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanly ulgama geçirmek baradaky meseleler beýan edildi.

Hususan-da, sanly ulgamdan peýdalanýan köpçülik hem-de sanly kontent, gazetleriň sanly ulgama geçmeginiň kanunalaýyklygy, wirtual gurşawda hil taýdan täze önümleri tehniki taýdan goldamak we döretmek hem-de beýleki meseleleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn möhümdir. Şol Konsepsiýada döwürleýin metbugat neşirleriň elektron görnüşe geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Metbugat habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçirilmeginiň hem-de häzirki zamanyň sanly ulgama uýgunlaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň teswirnamalaryny hem-de tekliplerini nazara alyp hödürlenen teklipleri giňeltmek meýilleşdirilýär.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň — Adalatçysynyň halkara hyzmatdaşlar bilen wideomaslahaty geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy. Maslahatda adam hukuklaryny öňe ilerletmek we goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä şeýle hem BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekili Rişard Komenda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň adam hukuklary boýunça milli edaralarynyň Forumynyň bilermenleri Roslin Nunan hem-de Pip Dargan gatnaşdylar.

Daşary ýurtly bilermenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak we adam hukuklaryny goramak boýunça geçirilýän çärelere ýokary baha berip, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şeýle hem onlaýn duşuşygyň gün tertibine ählumumy birleşikde milli hukuk goraýjy edaralara resmi taýdan ygtyýarnamanyň gowşurylyş işiniň öwrenilmegi baradaky mesele girizildi.