8-nji iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara derejesindäki meseleleriň giň toplumyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda -ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Halkara guramalarynyň binýadynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, syýasy başlangyçlary özara goldamak hem pikir alyşmalaryň temasy boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.